Bagtyň başga syry ýok
Ömrüň gymmaty onuň näçe günden ybaratdygy bilen kesgitlenenok. «Sanalgy» diýlip at berilýän ykbal paýy il-güne, Watana bagyş edilen zähmetler bilen doldugyça, ömrüň manysy artyp gidýär. Aslynda, bagtyňy bezemegiň şondan başga syry hem ýok, il haýryna zerre gadar yhlas etseň, göwnüň gül-pürçükli bagy-bossana, ömrüň at-abraýly aýdym-dessana öwrüliberýär. Käteler pikir bedewleriniň jylawyny ýazdyryp, ýaşaýyş hakdaky serhetsiz oý-hyýallarda at segredeniňde, ykbalyň jomartlygyna haýran galýarsyň. Ol ynsanyň bagtly bolmagy üçin zerur zady onuň hut öz ýanynda, öz alnynda häzir edip goýupdyr welin, bagtyýarlygy başga ýerlerden gözleýänleri ýatlanyňda ýylgyranyňy duýman galýarsyň. Şonda birmahallar bir kitapdan okan sözlerim güpbe ýadyma düşýär: “Köp adamlaryň bagtyýarlygy tapmaýandygy, ony goýlan ýerinden däl-de, başga ýerden gözleýändigi üçindir”. Ynan, hözirli durmuşyň özeni, göwnüň giňligi, ruhuň belentligi, synaň sagdynlygy, bagtyň syry, ömrüň manysy — Watana, halka hyzmat etmekde, mukaddes topragyňy hem-de asylly ýol-ýörelgäňi hormatlamakda. Hakyky döwletlilik öz iliňde, öz döwletiňdedir. Bu ýerleriň neneňsi tebigatynyň, tebigatynyň nähili häsiýetiniň, niçiksi aýratynlygynyň bardygyny bilmeýän az-azdyr. Irki döwürlerde «Şu topragyň bereketi ýoksun, döwleti ornasyn, häsiýeti siňsin» diýip, argyşa daklyşyp, kölügli ýa-da paý-u pyýada görmäge, gezmäge gelenler, bu ýerde bir gün, bir