Saz bilen ýaşaýan halypa

22 Fewral 2021
1333

Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, halypalar özleriniň durmuşy, döredijiligi bilen sungaty nesilden-nesle ýetirmekde aýratyn hormata mynasypdyr. Şeýle halypalaryň biri-de Türkmenistanyň halk artisti Amanöwez Saparowdyr.

Halypany öňden tanaýan hem bolsam, ol hakda bilmeýän zatlarymyzyň entek gaty kän ekendigini şu makalany ýazmak üçin tanşan maglumatlarymyz ýene bir gezek görkezdi. Pespäl, kiçigöwünli, belent adamkärçilikli ynsan hökmünde onuň milli aýdym-saz sungatymyz, sütün halypalar hakda berýän gürrüňlerini diňlemek hemişe-de ýakymly täsir galdyrýar. Ýöne bu gezek welin, düýbünden başgaça boldy. Halypa göýä, özüm hakda, goý, işlerim gürrüň bersin diýýän ýaly, haýsy maglumatlardan peýdalanyp boljakdygynyň salgysyny berdi.

Aýjemal OMAROWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar