Aýdym-saza maýyl göwün

23 Fewral 2021
1570

Watanymyzda özüniň aýdym-saz sungaty bilen halkyň söýgüsini gazanan sütün halypalar sanardan kän. Olaryň goýup giden mirasy saz sungatymyzyň genji-hazynasyna girendir. Şeýle halypalaryň biri-de Türkmenistanyň halk artisti, mukamçy kompozitor Ýagmyr Nurgeldiýewdir. Şu ýerde, öňi bilen, onuň nusgawy şahyrymyz Şabendäniň «Şabährem» dessanyndan aýdylýan «Bu jennetdir» aýdymy özbaşdak saz görnüşinde ýokary ussatlyk derejesinde çalmagy kärdeşlerine-de, şägirtlerine-de nusgalyk derejesinde bolandygyny ýörite belläp geçmelidiris.

Halypanyň kämillik derejesine onuň kärdeşleri, sungaty öwrenijiler hem uly baha berýär. Türkmenistanyň halk artisti, kompozitor Ata Ablyýew Ýagmyr Nurgeldiýewi ýatlan mahaly şeýle gürrüň beripdi:

Rejepmyrat ANNAMYRADOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar