Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Oba dükanlary kriptowalýutada töleg kabul edip başladylar

Fransiýanyň Bordo şäheriniň etegindäki Talans obasy bölek söwdadaky töleg amallarynyň özboluşly öwrülişigini durmuşa ornaşdyrdy. Häzirki wagtda bu şäherçede bitkoini töleg serişdesi hökmünde kabul edýän 18 sany ýerli dükan hereket edýär. Bu täzelik kriptowalýutalaryň eýeleriniň öz pullaryny nagt görnüşe geçirmeklerine bolan zerurlygyny aradan aýyrýar. «Töleg prosesi ýönekeý: alyjylar ýörite programma arkaly QR koduny skanerden geçirýärler. Satyjylar häzirki bitkoiniň hümmeti esasynda derrew ýewroda hasaplaşyk geçýärler» diýip, euro-pulse.ru saýty ýazýar. Şeýle täzeligiň Fransiýada ýola goýulmagy ýöne ýere däldir. Hünärmenler häzirki wagtda her sekizinji fransiýalynyň kriptowalýuta eýelik edýändigini belleýärler.

Halkyň hakydasy — nesilleriň arabaglanyşygynyň binýady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy Aşgabat, 6-njy oktýabr (TDH). Şu gün — Hatyra gününde 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary hem-de söweş meýdanlarynda wepat bolanlar hatyralanylýar. “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Merdana pederleriň ruhuna tagzym

Türkmen halkymyz asylly ýörelgelere, milli däp-dessurlara belent sarpa goýýar. Her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda Hatyra güni hökmünde merdana pederlerimiz ýatlanylýar. Ynha, şu ýylyň 6-njy oktýabrynda — Hatyra gününde Türkmenistanda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlaryň hormatyna paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresi geçirildi. Munuň özi milli däp-dessurlarymyzyň mynasyp dowam edilýändiginden nyşan bolup, merdana pederleriň ruhuna tagzymdyr. Halkymyz häzirki wagtda hem nesillerden-nesillere geçirilýän ýokary ahlak ýörelgelerine ygrarlydyr. 6-njy oktýabr — Hatyra güni türkmen halkymyzda merdana ata-babalarymyz hatyralanylýar. Uzak taryhyň dowamynda merdana ata-babalarymyz Watany goramagyň, mertligiň belent nusgasyny görkezipdirler. Biz muny taryhy kitaplara ýüzlensek hem aýdyň göz ýetirýäris. Şeýle hem halkymyzyň hakydasynda saklanyp galan mertlik, watansöýüjilik ýaly häsiýetler hem muny aýdyň subut edýär. Şonuň üçin hakydalarda baky ýaşaýan ata-babalarymyzyň ruhuna tagzym edýäris.

Döw­let­li tu­tum­la­ra ba­dal­ga

«7/24.tm»: №41 (228) 07.10.2024 Döw­let ber­ka­rar­ly­gy­my­zyň şan­ly se­ne­si­niň ulu­dan da­ba­ra­lan­dy­ryl­ýan gün­le­rin­de ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň şan­ly ta­ry­hy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zy­lan wa­ka­la­ryň bi­ri bol­dy. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň bu mej­li­si hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­k, bi­te­wü­li­k, pa­ra­hat­çy­lyk we yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne yg­rar­ly bo­lup, oňyn öz­gert­me­le­riň, tä­ze­le­ni­şiň ýo­lun­dan ynam­ly öňe bar­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň ny­şa­ny­na öw­rül­di.

«1000 söz» bäsleşigi

«7/24.tm»: №41 (228) 07.10.2024 Jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň mer­ke­zin­de Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Bag­ty­ýar­lyk et­rap Ge­ňe­şi­niň hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň «Türk­me­nis­tan Sport» hal­ka­ra žur­na­ly­nyň bi­le­lik­de yg­lan eden «1000 söz» at­ly dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi­niň je­mi jem­le­nil­di.

«Hatyra» kitabynyň täze neşiriniň V jildi

«7/24.tm»: №41 (228) 07.10.2024 «Ha­ty­ra» ki­ta­by­nyň jem­leý­ji, bä­şin­ji jil­di­niň tä­ze ne­şi­ri 1941 — 1945-nji ýyl­la­ryň Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­da we­pat bo­lan, şeý­le-de de­rek­siz ýi­ten es­ger­le­riň ýag­ty ýa­dy­gär­li­gi­ne ba­gyş­lan­ýar.

6-njy oktýabr — Hatyra güni

«7/24.tm»: №41 (228) 07.10.2024 Hal­kyň ha­ky­da­sy ba­ky­dyr

Žurnalyň täze sany taýýarlanyldy

«7/24.tm»: №41 (228) 07.10.2024 Mä­lim bol­şy ýa­ly, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­şy­ny baş­lan be­lent öz­gert­me­le­ri Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da tä­ze ösüş tap­gyr­la­ry­na çyk­ýar. Döw­le­ti­mi­ziň sport sy­ýa­sa­ty, sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy ba­bat­da ama­la aşy­ryl­ýan be­ýik öz­gert­me­ler we ösüş­ler dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň ün­sü­ni özü­ne çe­kip, sport jan­kö­ýer­le­ri­niň buý­sanç­la­ry­ny art­dyr­ýar.

Indi Nelson : Orta Aziýa - iň gowy sebit

«Türkmenistan Sport»: № 3 (23), 2024 2018-nji ýyl­da önüm­çi­lik me­ne­je­ri hü­nä­ri bo­ýun­ça kol­lej­de oku­wy­ny ta­mam­lan ko­li­for­ni­ýa­ly In­di Nel­son işe baş­la­ma­gyň de­re­gi­ne il­ki bi­len dün­ýä­ni aý­la­nyp gör­me­gi ýü­re­gi­ne düw­ýär. Mu­nuň üçin ol in­ter­net ul­ga­my­nyň ba­şyn­da kän düm­tü­nip, daşary ýurt­la­ra ba­ryp gör­me­giň me­se­le­le­ri we iň amat­ly ýol­la­ry ba­ra­da ta­kyk mag­lu­mat­la­ry edin­ýär. Bank­dan 80 müň dol­lar karz alan­dan soň, öň­de dur­ýan sy­ýa­ha­tyň pe­tek­le­ri bu­ýur­mak­dan wi­za­la­ry al­mak­ly­ga çen­li äh­li hy­syr­dy­la­ry bi­len hut özi meş­gul­lan­ýar.

«Hatyra» kitabynyň täze neşiri

«Hatyra» kitabynyň jemleýji, bäşinji jildiniň täze neşiri 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan, şeýle-de dereksiz ýiten esgerleriň ýagty ýadygärligine bagyşlanýar. Täze neşir hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli türkmen halkyna Gutlagy bilen açylýar. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilişi ýaly, 1 müň 418 güne çeken bu gazaply urşuň ilkinji günlerinde watandaşlarymyzyň müňlerçesi fronta meýletin gidip, aldym-berdimli söweş meýdanlarynda doganlyk halklar bilen birlikde jebisleşip, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň belent nusgasyny görkezdiler. Merdana pederlerimiziň söweşjeň edermenligi, gaýduwsyzlygy hakyndaky şöhratly ýatlamalar, ildeşlerimiziň zähmet üstünlikleri Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ebedi ýazyldy.

Tagzym edýäs pederleriň ruhuna

Aýratyn ähmiýetli seneleri uly iliň agzybirliginde bellemek däbi asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýar. Munuň özi ata-babalarymyzdan gelýän asylly däpdir. Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, nesilleriň şeýle agzybirligi we jebisligi häzirki türkmen jemgyýetinde mizemez kada öwrüldi. Halkymyza mahsus bolan ruhubelentlikdir jebislik dürli kynçylyklary hem-de ýitgileriň yzasyny hemişe ýeňip geçmäge kömek edipdir. Geçen ýüzýyllyklaryň agyr bolan ýyllaryndan bäri näçe wagt geçse-de, häzirki nesliň heläkçilikli tebigy hadysalaryň şehitlerine, Watanyň edermen goragçylarynyň görkezen gahrymançylygyna goýýan hormat-sarpasy belentdir. Çünki olar nesilleriň nurana geljeginiň hatyrasyna şirin janlaryny pida etdiler.

Agzybirlik — belent maksatlara badalga

Beýik Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ýokary derejede geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi ýurdumyzyň durmuşyndaky möhüm jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetli waka hökmünde iň täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazyldy. Ählihalk forumy berkarar Watanymyzda milli demokratiýanyň, asyrlaryň kämillik mekdebini geçen ýol-ýörelgelerimiziň dünýä tejribesiniň gazananlary, umumadamzat gymmatlyklary bilen sazlaşykly utgaşdyrylýandygyny, ösdürilýändigini jahana ýaýýar. Ilkinji nobatda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň jemgyýetde agzybirligi berkitmekde möhüm ähmiýete eýedigini bellemek gerek. Umumymilli forum halk häkimiýetiniň kämil nusgasy hökmünde demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde häkimiýet bilen halkyň jebisligini üpjün etmäge mynasyp goşant goşýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda kämil demokratik ýörelgeleriň işjeň durmuşa geçirilmegi guwandyryjydyr.

Milletiň ogullaryna baky şöhrat!

Ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda durmuşyň abadanlygy, halkyň erkinligi ugrunda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar, şeýle-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary ýatlanylyp, Hatyra güni bellenilýär. Munuň özi il-ýurt diýip göreşen merdanalary hatyralamagyň, ýüreklerde we hakydalarda saklamagyň, olaryň geçen ýoluny nesiller üçin terbiýe mekdebine öwürmegiň müňýyllyklardan gözbaşly ýörelgesidir. Mälim bolşy ýaly, Hatyra gününde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Döwlet baýdaklary aşak düşürilýär, öý-ojaklarda sadakalar berilýär, aýat-töwirler okalýar. Paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresi geçirilýär. Toplumdaky 1948-nji ýylyň ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralamak üçin «Ruhy tagzym» ýadygärligi, faşizme garşy söweşlerde wepat bolan türkmenistanly esgerleriň hem-de mähriban Watanymyzyň erkinligi, onuň bagtyýar geljegi ugrundaky söweşlerde baş goýan gahrymanlaryň hatyrasyna bina edilen «Milletiň ogullary» we «Baky şöhrat» ýadygärlikleri halkymyzyň gahrymançylykly taryhyny şöhlelendirýär. Bu ýerde türkmen topragynyň merdana ogullary baradaky synmaz hakydanyň nyşany hökmünde «baky ot» ýanyp dur. Bu ýadygärlikler toplumy gahryman türkmenistanlylaryň baky şöhratyna, edermenligine bu günki nesilleriň mukaddeslik hökmünde garaýandygynyň, tagzym edýändiginiň alamatydyr.

Okuw maslahatlaryna badalga berildi

Oktýabr aýynyň başlanmagy bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň «Daýanç» sagaldyş merkezinde okuw maslahatlaryna badalga berildi. Olara Arkalaşygyň Lebap welaýat birleşmesiniň agzalary hem gatnaşýarlar. Okuw maslahatynyň täze möwsüminiň ilkinji tapgyryna welaýatymyzyň hyzmat ulgamynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklary, olaryň işjeň agzalary, gaznaçylary we derňew toparlarynyň agzalary gatnaşýarlar. «Berkarar döwletiň Kärdeşler arkalaşyklarynyň döwrebap wezipeleri» diýlip atlandyrylýan okuw maslahatynda möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylmak bilen birlikde hünärmenleriň bilim-tejribeleri hem artdyrylýar.

Hatyra güni mynasybetli syýahat guraldy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat we Ak bugdaý etrap Geňeşleriniň bilelikde guramagynda Hatyra güni mynasybetli Änew şäheriniň golaýyndaky Seýit Jemaleddin ýadygärlikler toplumyna syýahat guraldy. Oňa Ýaşlar guramasynyň işgärleri, işjeň agzalary hem-de ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdy. Ýaşlarda baý taryhymyza bolan gyzyklanmany we olaryň eziz topragymyza bolan buýsanjyny artdyrmakda, ýaş nesli ýokary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde bu syýahatyň ähmiýeti uly boldy. Ýaşuly nesliň gadymy Änew topragynyň baý taryhy, şeýle-de “Gözellik öýi” diýen at bilen meşhurlyk gazanan Seýit Jemaleddin ýadygärlikler toplumy hakyndaky gürrüňleridir rowaýatlary uly gyzyklanma bilen diňlendi. XV asyrda bina edilen, asyrlarboýy jahankeşdeleriň ünsüni çekip gelýän täsin ýadygärlikler toplumynyň binagärlik gurluşy syýahata gatnaşan ýaşlaryň ünsüni özüne çekdi.

“Tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik

Änew şäherindäki Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ak bugdaý etrap birleşmesiniň, ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda “tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik geçirildi. Onda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň taryhy ähmiýeti hem-de möhüm çözgütleri boýunça täsirli gürrüň edildi. Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we bilim işgärleriniň çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýunyň bosagasynda geçen umumy milli forumdan gelip çykýan wezipelere üns çekildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisindäki çuň manyly çykyşlarynyň taryhy ähmiýeti hakda aýdylanlar uly täsirleri döretdi.

Täsirli geçen duşuşyk

Sarahs etrabyndaky “Döwletabatgazçykaryş” müdirliginde zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan wezipeleri wagyz-nesihat etmek maksady bilen duşuşyk geçirildi. Müdirligiň ilkinji ýaşlar guramasynyň guramagynda bolan duşuşyga işçi-hünärmenleriň uly topary gatnaşdy. Duşuşykda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da ýokary götermäge ýardam etjek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini dünýä derejesine çykarmaga esas döretjek, türkmen halkynyň abraý-mertebesini äleme ýaýjak möhüm çözgütleriň kabul edilendigi dogrusynda täsirli çykyşlar boldy. Çykyş edenler taryhy maslahatyň çözgütleriniň ildeşlerimiz tarapyndan gyzgyn goldaw tapandygyny uly buýsanç bilen bellediler.

Belent hormat-sarpanyň nyşany

Ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda Hatyra güni bellenilýär. Şol gün pederlerimiziň ýagty ýadygärligine bagyşlanyp hatyra çäreleri geçirilýär. Bu zatlar halkymyzda öten-geçenleriň sarpalanýandygynyň, olaryň hatyrasynyň belent tutulýandygynyň güwäsidir. Hatyra senesindäki — 6-njy oktýabrdaky çärelere «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyndan başlamak indi asylly däbe öwrüldi. Aşgabat şäheriniň günorta-günbatar böleginde bina edilen «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy “Ruhy tagzym”, “Baky şöhrat” we “Milletiň ogullary” ýadygärliklerini öz içine alýar. “Ruhy tagzym” ýadygärligi Aşgabat ýer titremesinde şehit bolanlaryň, “Baky şöhrat” we “Watan ogullary” ýadygärlikleri bolsa 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda, Watan azatlygy, halkymyzyň erkinligi ugrundaky söweşlerde wepat bolanlaryň hatyrasyna gurlandyr. Beýik halkymyzyň buýsançly geçmişine bolan çäksiz söýgüsini alamatlandyrýan bu ýadygärlikler toplumy pederlerimiziň edermenliginiň, watançylygynyň aýdyň nyşanyna, mukaddes ýere öwrüldi.

Taryhy çözgütler wagyz edilýär

Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda taryhy waka öwrüldi. Şonuň bilen baglylykda, şu günler Babadaýhan etrabynda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen çözgütleri, taryhy forumdan gelip çykýan wezipeleri ilatyň arasynda wagyz-nesihat etmekde guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň we etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda edara-kärhanalarda geçirilýän wagyz-nesihat duşuşyklary has uly gyzyklanma eýedir. Işçi-hünärmenleriň, oba ýaşlarynyň işjeň gatnaşmagynda geçýän şeýle çäreleriň barşynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda dürli ugurlarda üstünlikli amala aşyrylýan özgertmeleriň, gazanylýan taryhy üstünlikleriň, ýetilýän ajaýyp sepgitleriň ähmiýeti barada gürrüň edilýär, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen çözgütleriň üstünde aýratyn durlup geçilýär.

Möwsümleýin oba hojalyk işleri gyzgalaňly dowam edýär

30-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. We­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri se­bit­ler­de möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň bar­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler.