Türkmen halkymyz asylly ýörelgelere, milli däp-dessurlara belent sarpa goýýar. Her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda Hatyra güni hökmünde merdana pederlerimiz ýatlanylýar. Ynha, şu ýylyň 6-njy oktýabrynda — Hatyra gününde Türkmenistanda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlaryň hormatyna paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresi geçirildi. Munuň özi milli däp-dessurlarymyzyň mynasyp dowam edilýändiginden nyşan bolup, merdana pederleriň ruhuna tagzymdyr.
Halkymyz häzirki wagtda hem nesillerden-nesillere geçirilýän ýokary ahlak ýörelgelerine ygrarlydyr. 6-njy oktýabr — Hatyra güni türkmen halkymyzda merdana ata-babalarymyz hatyralanylýar. Uzak taryhyň dowamynda merdana ata-babalarymyz Watany goramagyň, mertligiň belent nusgasyny görkezipdirler. Biz muny taryhy kitaplara ýüzlensek hem aýdyň göz ýetirýäris. Şeýle hem halkymyzyň hakydasynda saklanyp galan mertlik, watansöýüjilik ýaly häsiýetler hem muny aýdyň subut edýär. Şonuň üçin hakydalarda baky ýaşaýan ata-babalarymyzyň ruhuna tagzym edýäris.