Taryhy çözgütler wagyz edilýär

4 Oktýabr 2024
382

Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda taryhy waka öwrüldi. Şonuň bilen baglylykda, şu günler Babadaýhan etrabynda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen çözgütleri, taryhy forumdan gelip çykýan wezipeleri ilatyň arasynda wagyz-nesihat etmekde guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň we etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda edara-kärhanalarda geçirilýän wagyz-nesihat duşuşyklary has uly gyzyklanma eýedir. Işçi-hünärmenleriň, oba ýaşlarynyň işjeň gatnaşmagynda geçýän şeýle çäreleriň barşynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda dürli ugurlarda üstünlikli amala aşyrylýan özgertmeleriň, gazanylýan taryhy üstünlikleriň, ýetilýän ajaýyp sepgitleriň ähmiýeti barada gürrüň edilýär, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen çözgütleriň üstünde aýratyn durlup geçilýär.

Akmyrat TOÝÇYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar