50 ýaşly akyl oýunjagy
Dünýäde iň meşhur oýunjak hasaplanylýan «Rubigiň kuby» bilen gyzyklanmaýan adam ýer ýüzünde az-azdyr. Tapmaça şekilli bu oýunjak çaganyň aňynyň ösmegine, pikirlenip bilmek endikleriniň geriminiň giňemegine, bilesigelijiliginiň artmagyna, ýatkeşliginiň kämilleşmegine ägirt uly täsir edýär. Döredilenine ýarym asyr bolan «Rubigiň kuby» 1974-nji ýylda wengriýaly heýkeltaraş, binagärlik mugallymy Erno Rubik tarapyndan oýlanyp tapylan mehaniki tapmaçadyr. Bu oýunjak halk köpçüligine «jadyly kub» ady bilen belli boldy we 1980-nji ýylda ol at «Rubigiň kuby» bilen çalşyldy. «Rubigiň kubynyň» döreýşi barada aýdanymyzda, 1970-nji ýylyň ortalarynda Budapeştdäki amaly sungat akademiýasynyň içerki dizaýn bölüminde sapak geçýän Erno şol wagtlar talyplara matematiki teoriýalary düşündirmekde biraz kynçylyk çekýärdi. Günleriň birinde Erno Rubik talyplara üç ölçegli zatlary düşündirmek üçin 27 sany agaç kub ýasady we olaryň hersini 6 dürli reňk bilen boýady. Soňra olaryň mehanizmini döretmek üçin reňkli kublary garyşdyrdy we olary öňki kaddyna getirmek üçin, kubuň üstünde onlarça gün işledi. Tutanýerli hem-de irginsiz zähmetiň netijesinde kublaryň reňklerini birleşdirmek, olaryň mehanizmini tapmak Rubige başartdy. Şol ýyl hem Erno «jadyly kub» üçin Wengriýanyň ygtyýarnamasyny aldy. Wagtyň geçmegi bilen aşa köp pikirlenmegi talap edýän tapmaça şekilli kublar jemgyýetiň isleg bildirýän önümine ö