«7/24.tm»: №50 (237) 09.12.2024
Saz we fitnes özara baglanyşykly we sazlaşan iki dürli meşgullanyş usulydyr. Şeýle-de, bu ikisi sagdyn durmuş üçin aýratyn möhümdir, sebäbi olar diňe bir fiziki ýagdaýy gowulandyrmak bilen çäklenmän, ruhy we psihologiki taýdan hem adamlar üçin peýdalydyr. Sazyň we fiziki işjeňlikleriň arasynda öňden gelýän gatnaşyklaryň ýokdugyny pikir etmek bolýar, ýöne olary birikdirmek täsirli we has oňat netijeler berip biler. Biz häzir saz we fitnesiň arasyndaky baglanyşygy we sazlaşygyny öwrenip geçeris.