Şöhratly taryhyň beýany

7 Dekabr 2024
202

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz häzirki wagtda uly ösüşleri bilen bütin dünýäde giňden tanalýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty çuňňur paýhasa ýugrulandygy bilen uly üstünliklere eýe bolýar. Bagtyýar türkmen halkynyň ýurdumyzyň ajaýyp ösüşlerine, bütin dünýädäki belent abraýyna buýsanjy egsilmezdir. Ýurdumyzyň her bir güni toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň neşir edilip halkymyza gowuşmagy watandaşlarymyzyň her biri üçin şatlykly waka boldy.

Gahryman Arkadagymyzyň täze neşir edilen «Hakyda göwheri» atly kitaby «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyza peşgeş berlen iň bir gymmatly sowgatlaryň biridir. Türkmen we iňlis dillerinde neşir edilen bu kitap Milli Liderimiziň ajaýyp eserleri bilen birlikde diňe ýurdumyzda däl, eýsem, bütin dünýäde uly gyzyklanma bilen okalýan kitaplaryň birine öwrüler.

«Saglyk».
Beýleki habarlar