Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Ga­dy­my yba­dat­ha­na ta­pyl­dy

Ger­ma­ni­ýa­nyň Týu­bin­gen uni­wer­si­te­ti­niň ar­heo­log­la­ry Mü­sü­riň Sy­ýa­hatç­lyk we ga­dy­my­ýet mi­nistr­li­gi bi­len bi­le­lik­de hä­zir­ki So­hag şä­he­ri­niň go­la­ýyn­da­ky ga­dy­my At­ri­bis şä­he­rin­den ga­ýa­nyň ýü­zün­de oýu­lyp gur­lan uly daş yba­dat­ha­na­ny ýü­ze çy­kar­dy­lar. Pto­le­meý VIII (mi­la­dy­dan öň­ki II asyr) döw­rün­de gur­lan­dy­gy çak­la­nyl­ýan yba­dat­ha­na ga­dy­my Mü­sü­riň bi­na­gär­li­gi­ni we di­ni däplerini ýü­ze çy­kar­ýan mö­hüm açyş­dyr. 2012-nji ýyl­da baş­la­nan ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­rin­de eý­ýäm 51 metr giň­lik­dä­ki yba­dat­ha­na top­lu­my­nyň bö­lek­le­ri ýü­ze çy­ka­ryl­dy. 18 metr be­ýik­lik­dä­ki gi­rel­gä­niň ag­zyn­da­ky diň­ler bö­lek­le­ýin sak­la­nyp ga­lyp­dyr. Diň­le­rin bi­rin­de ar­heo­log­lar uzyn­ly­gy 6 metr we ini 3 metr bo­lan ota­gy tap­dy­lar. Şeý­le hem bar­lag­çy­lar ýo­kar­ky ga­ta çy­kyl­ýan bas­gan­ça­gy tap­dy­lar. Bu ta­pyn­dy­lar yba­dat­ha­na bi­na­gär­çi­li­gi­ni we Pto­le­meý eý­ýa­my­nyň di­ni däp­le­ri­ni öw­ren­mek üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­ler aç­ýar. Aga­my­rat GUR­BAN­GEL­DI­ÝEW,

Dünýäniň iň gowy şäherleri

«World’s 100 Best Cities» mak­sat­na­ma­sy­nyň hü­när­men­le­ri 2025-nji ýyl­da dün­ýä­niň iň go­wy 100 şä­he­ri­ni yg­lan et­di. Lon­don sa­naw­da bi­rin­ji orunda gelip, hü­när­men­ler 12 mil­li­on­dan gow­rak ilat­ly bu şäheriň ulag ul­ga­my­nyň, daş­ky gur­şaw baş­lan­gyç­la­ry­nyň, ma­ýa go­ýum kuw­wa­ty­nyň we myh­man­ha­na pu­da­gy­nyň ösen­di­gi­ni bel­le­di­ler. Sa­naw­da 10 ýyl bä­ri öň­de­li­gi eýe­le­ýän bu şä­her sy­ýa­hat­çy­la­ra we ýa­şaý­jy­la­ry­na aý­dyň gi­je­ki dur­mu­şy hö­dür­le­ýär. Işe­wür ekoul­ga­my we me­de­ni dynç alyş müm­kin­çi­lik­le­ri ba­bat­da ta­pa­wut­lan­ýan Nýu-Ýork sanawda ikin­ji orny eýeleýär. Ka­şaň ýer­le­ri we söw­da mer­kez­le­ri bi­len Pa­riž üçün­ji bol­dy. Il­kin­ji on­lu­ga To­kio, Sin­ga­pur, Rim, Mad­rid, Bar­se­lo­na, Ber­lin we Sid­neý gir­di. Leý­la AB­DUL­LA­ÝE­WA,

Ha­ky­da göw­he­ri – dö­re­di­ji­lik yl­ha­my

«Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Ha­ky­da göw­he­ri» at­ly tä­ze ki­ta­by­ny hal­ky­my­za sow­gat et­me­gi şat­lyk­ly we buý­sanç­ly wa­ka­la­ryň bi­ri­ne öw­rül­di we he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň 29 ýyl­ly­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da il­deş­le­ri­miz üçin aja­ýyp sow­gat bol­dy. Gahryman Arkadagymyzyň «Ha­ky­da göw­he­ri» at­ly tä­ze ki­ta­byn­da ata-ba­ba­la­ry­my­zyň şan-şöh­rat­ly geç­mi­şi­niň, baý me­de­ni mi­ra­sy­nyň we döw­let­li­lik ýö­rel­ge­le­ri­niň, ta­ryh­da yz go­ýan şah­sy­ýet­le­ri­mi­ziň nus­ga­lyk ýo­lu­nyň, türk­men hal­ky­nyň dün­ýä si­wi­li­za­si­ýa­sy­na go­şan go­şan­dy­nyň giň­den be­ýan edil­me­gi äh­li­miz­de uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu ki­ta­byn­da türk­men hal­ky­nyň ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak mi­ra­sy ha­sap­lan­ýan ta­ry­hy­-me­de­ni ýa­dy­gär­lik­ler ba­ra­da­ky pi­kir­le­ri­ni hal­ky­myz bi­len paý­laş­ma­gy bol­sa her bi­ri­mi­zi be­gen­dir­ýär hem-de buý­san­dyr­ýar.

Türk­men Bi­ta­rap­ly­gy – dün­ýä nus­ga­lyk

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ösüş we ro­waç­lyk ýo­ly bi­len ynam­ly öňe bar­ýan ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň tä­ze ta­ry­hy şöh­rat­ly iş­le­re, be­lent de­re­je­le­re bes­len­ýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň da­şy­na mä­käm je­bis­le­şen bag­ty­ýar hal­ky­myz «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da aja­ýyp wa­ka­la­ra, ösüş-öz­gert­me­le­re şa­ýat bol­ýar, her bir toý-baý­ra­my ag­zy­bir­lik­de giň­den bel­läp geç­ýär. Eziz Di­ýa­ry­myz­da he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň 29 ýyl­lyk baý­ra­my ulu­dan da­ba­ra­lan­dy­ry­lar. Bi­ta­rap­lyk baý­ra­my – naý­ba­şy se­ne­le­riň bi­ri. Äh­li­mi­ze mä­lim bol­şy ýa­ly, 1995-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 50-nji mej­li­sin­de Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­ yg­lan edil­di.

“Şäherleriň seresi sen - ak şäherim Aşgabat”

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ykdysadyýetde, syýasatda, saglykda, sportda, ylym-bilimde, gurluşyk pudagynda, umuman, durmuşyň ähli ugurlary boýunça uly ösüşler gazanylyp, şöhratly taryhymyzyň altyn sahypalary ýazylýar. Döwlet Baştutanymyz pederleriniň ýoluny tutup, döwlet başyna geçen gününden başlap, ýurdumyzy ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, ylymly-bilimli sagdyn ýaş nesilleri kemala getirmek, ata Watanymyzy mundan beýläk hem gülledip ösdürmek we onuň halkara abraýyny has-da belent derejelere ýetirmek ugrunda taýsyz tagallalaryny siňdirýär. Bu ugurda paýtagtymyz Aşgabatda we beýleki sebitlerde gurulýan beýik-beýik binalar, depesi göge ýetýän minaralar pederlerimiziň binagärlik senediniň köküniň gaty alyslara uzaýandygyndan habar berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň binagärlik-şähergurluşyk maksatnamasynyň esasynda gün-günden pajarlap ösýän paýtagtymyz milli binagärlik sungatymyzyň iň soňky gazananlarynyň Ýewropa biçüwleri bilen utgaşdyrylmagyndan bütinleý diýen ýaly täze keşbe girdi. Nesillerimize ebedi miras galan gadymy binagärlik senedi türkmen halkynyň häzirki eşretli hem-de nurana günlerinde, hormatly Prezidentimiziň

«Hakyda göwheri» — ýalkym saçýan gymmatlyk

Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň neşir edilmegi, bagtyýar halkymyzyň toý şatlygyny has-da artdyrdy. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň «Taryh şu ýerden başlanýar», «Änew medeniýeti», «Bürünç zamanynyň medeni ojaklary», «Beýik Seljuklar döwri», «Horezmşalar döwleti», «Zehin aýdyňlygy, paýhas käni», «Oguznama — dünýä baýlygy», «Täsin söhbediň beýany», «Hazyna eýesine hazynadar diýerler», «Döwletliniň döwlet gözbaşy», «Gadymy heňňamyň aýdymy» atly bölümlere bölünmegi, olarda öňe sürülýän parasatly pikirleriň yzygiderlilikde beýan edilmegi, kitabyň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Şa serpaýyňyz üçin sag boluň, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Düýn Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynda öňdebaryjy oba hojalykçylara «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Biz hem şeýle şatlykly günde bu döwlet sylagyna eýe bolan ildeşlerimiziň birnäçesi bilen gürrüňdeş bolup, olaryň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Öýleriň, toýlaryň ýaraşygy

«El hünäri — il gezer» diýen gyzyla gaplaýmaly setirleriň halk arasynda dilden-dile geçip, biziň şu günlerimize ýetip gelmeginde çuň many-mazmun bar. Çünki pederlerimizden dowamat-dowam bolup biziň şu günlerimize çenli ýetip gelen el işleri öýlerimiziň, mukaddes ojaklarymyzyň törüni bezeýär. Milli däp-dessurlarymyza laýyklykda gyzyny durmuşa çykarýan her bir ene-ata täze dörejek maşgala üçin öý goşlaryny taýýarlaýar. Şol goşlaryň içinde jübüt-jübüt ýorgan-düşek hem ýassyklar bolmaly. Bu däp-dessur biziň häzirki döwrümizde täze röwşe beslenip, dowam edip gelýär. Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň ýaşaýjysy Ogulbaýram Begenjowa bu babatda adygan tikinçileriň biri. Ýakynda biz onuň bilen söhbetdeş bolmak üçin Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap Geňeşiniň başlygy Arzygül Nepesowa ýüz tutduk. Şonda ol:«Ogulbaýram gelnejäni etrapda tanamaýan az bolsa gerek. Onuň obada ýörgünli ady Ogulaman gelnejedir. Ol etrabymyzyň Türkmenistan geňeşliginiň ýaşaýjysy. Onuň ellerinden çykan ýorgan-düşekler köp ýyllar geçse-de, suduryny üýtgetmän ulanýanlara hyzmat edip gelýär. Her bir işde hünäre söýgi, yhlas, ussatlyk gerek. Bu zenan bilen ýakyndan tanyşdyraýyn, edýän işleri barada özi gürrüň berse, has gowy bolar» diýip, bize onuň salgysyny berdi.

Jana lezzet tagamlar

Tebigat bilen sazlaşykly ýaşan ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz öz döwrüniň iň uzak ýaşly adamlary bolupdyrlar. Olar uzak ýaşamagyň syryny tebigatdan gözläpdirler. Şonuň üçin dermanlyk ot-çöplerden, miwelerden, dag çeşmeleriniň durnagözli dury suwundan, gök we bakja ekinlerinden peýdalanypdyrlar. Çünki biziň ýurdumyzyň özboluşly gözellige eýe bolan tebigaty, dermanlyk häsiýetli ösümlik dünýäsi ynsan saglygyna göniden-göni oňyn täsir edýändigi bilen tapawutlanýar. Dünýä aşhanasynyň ösmegine, kämilleşmegine uly goşant goşan gadymy halkymyzyň adam saglygyna peýdaly milli tagamlaryny taýýarlamakda has uly we baý tejribesi bar. Aýratyn-da, gyş paslynda tagam taýýarlamagyň inçe syrlaryny ele alan enelerimiz aýazly günlerde maşgala agzalarynyň ählisiniň sagdynlygyny isläp, olary gazaply sowukdan goramak maksady bilen, dürli naharlary bişiripdirler. Şolaryň ilkinjisi içi erik kakly we gyzyl burçly türkmen unaşydyr. Unaş tabaga guýlup, saçaga äberilen badyna heniz sowamanka, içine birki çemçe gatyk garypdyrlar. Bu burçuň öte ajylygyny peseldipdir we unaşyň aşgazanda ýeňil özleşmegine şert döredipdir.

Sahawata beslenen döwletli ýörelgeler

Türkmen halky sahawatlylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine uly baha berip, bu ýörelgeleri nesilden-nesle geçirip gelen halk. Bu gün döwletimiziň ynsanperwer syýasaty netijesinde guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär. Şeýle döwletli, sahawatly işleriň biri-de Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işi barha giň gerime eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ynsanperwerlik, adalatlylyk, sahawatlylyk ýörelgelerini durmuşa geçirmek bilen, haýyr-sahawat işini ösdürmekde, şol sanda ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerini özünde jemleýän haýyr-sahawat gaznasynyň işine yzygiderli goldaw bermekde uly tagallalary edýär. Ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly asylly ýörelgeler esasynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy her bir çaga mähirli garaýyş bilen howandarlyk edilýändigini görkezýär. Gaznanyň döredilen wagtyndan bäri alyp barýan işleriniň gerimi ýyl-ýyldan giňeýär, bu barada degişli mejlislerde giňişleýin habar berilýär. 7-nji dekabrda Arkadag şäherinde Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Müdiriýetiniň mejlisinde geçen döwürde alnyp barlan işlere

Täze kitap bilen tanyşdyryldy

Düýn Änew şäherindäki Medeniýet öýünde Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu dabara welaýat häkimligi, welaýatyň jemgyýetçilik guramalary hem-de Medeniýet müdirligi tarapyndan guraldy. Häkimligiň, edara-kärhanalarynyň işgärleriniň, Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap halk maslahatlarynyň agzalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, il sylagly ýaşulularyň, mährem eneleriň hem-de bagtyýar ýaşlaryň gatnaşmagynda bolan dabarada, ilki bilen, welaýat häkimi Soltanmyrat Soltanmyradow çykyş edip, ol ýere ýygnananlary türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň elimize gowuşmagy, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli gutlady. Häkim çykyşynyň barşynda Gahryman Arkadagymyzyň şöhratly taryhymyz, Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döreden eserleriniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsirleri, medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy dogrusynda söhbet açýan täze kitabynyň baky Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk şanly toýy mynasybetli halkymyza gymmatly sowgat bolandygy barada aýdyp, Milli Liderimiziň ajaýyp kitaplarynyň sanynyň köp bolmagyny, janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdi.

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Bilimiň, ylmyň we medeniýetiň özara baglanyşygynyň barha ösmegi XXI asyryň häsiýetli aýratynlygy bolup öňe çykýar. Jemgyýetçilik ösüşiniň, ykdysady we durmuş ösüşleri boýunça taryhy tejribe döwleti ýokary derejelere çykarýan öňe okdurylmalaryň, ilki bilen, hut şu ulgamlara üns berilmeginden başlanýandygyny subut edýär. Ýokary ösen jemgyýeti kemala getirmekde döwrüň ruhuna gabat gelýän, milli gymmatlyklary dabaralandyrýan, taryhy maglumatlara salgylanyp, geljege gurulýan aýdyň ýollary bina etmekde ruhy ýörelgeleri şöhlelendirýän eserleriň aýratyn gymmaty bardyr. Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanyndaky günlerde Gahryman Arkadagymyzyň ýiti paýhasyndan kemal tapan «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň elimize gowuşmagy jemgyýetde uly seslenme döretdi. Bu kitap ähli halkymyz üçin Halkara Bitaraplyk gününe ajaýyp sowgat boldy. Kitabyň ýaşlara ahlak we watançylyk terbiýesini bermekde, olary milli ýörelgelerimiziň esasynda terbiýelemekde uly täsiriniň boljakdygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Eseriň içinden eriş-argaç bolup geçýän türkmen halkynyň taryhy gymmatlyklary, Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündewleriniň, milli ýörelgeleriň ýaş nesli watanparaz, beýik ahlakly, maksada okgunly adamlar bolup ýetişmeklerinde uly ähmiýeti bar.

Şöhratly taryhyň ýaňy

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede uludan bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tamamlanyp barýan günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly ajaýyp kitabynyň elimize gowuşmagy biziň üçin ajaýyp toý sowgady boldy. Milli Liderimiziň jöwher zehininden dörän täze kitap anyk maglumatlara baý bolup, onda şöhratly taryhymyzyň ýaňy bar, halkymyzyň milli mirasy, medeni gymmatlyklary, medeniýeti, gadymy ýadygärlikleri barada giňden söhbet edilýär. Türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetine goşan goşandy we dünýä taryhyndaky orny barada ylmy taýdan delillendirilen maglumatlara baýdygy kitabyň many-mazmunyny, täsirliligini has-da artdyrýar.

Maslahat geçirildi

Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdepde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ýaş nesillerimiziň bagtyýarlygynyň we adamzat ösüşiniň esasy kepilidir» atly usuly-amaly maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygyna bagyşlanan maslahaty welaýat häkimligi hem-de Bilim ministrligi bilelikde gurady. Maslahata gatnaşyjy öňdebaryjy bilim işgärleri we beýleki myhmanlar Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň mekdebiň eýwanynda ýerleşýän nurana ýadygärligine gül desselerini goýup, ussat mugallymy hatyraladylar. Mekdep muzeýine aýlanyp, ondaky gymmatlyklardyr maglumatlar bilen tanyşmak hem ýakymly duýgulary döretdi.

Sylagyňyz gutly bolsun!

Düýn Änew şäherindäki Medeniýet öýünde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanan ildeşlerimize sylaglarynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Oňa welaýat, etrap häkimlikleriniň, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarydyr jogapkär işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdy. Dabarada çykyş edenler ýubileý medaly bilen sylaglananlary durmuşyndaky şatlykly waka mynasybetli gyzgyn gutlap, olara ýagşy arzuwlaryny beýan etdiler. Çykyşlarda täze taryhy döwrümizde berkarar Watanymyzyň beýik ösüşlerine saldamly goşant goşmaga, ykdysady kuwwatyny artdyrmaga döredýän giň mümkinçilikler üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

Şa serpaýynyň eýesi

Nyýazdurdy GULLYNOW,Gökdepe etrabynyň Türkmenistan obasynyň ýaşaýjysy: — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şu ýylynyň taryhy pursatlaryna guwanyp, buýsanyp ýaşaýan günlerimizde meniň durmuşymda hem ýatdan çykmajak waka boldy. Hormatly Prezidentimiz meni Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglady. Bu belent sylag maşgala agzalarymyzyň şatlygyny goşalandyrdy.

Aklyk

Her pasyl öz gözelligi bilen gözüňi egleýär. Geriş-geriş daglaryň başyna ak donuny serpaý ýapan gyş hem öz gözelligini güjeňläp bilipdir. Aýna ýaly ýollary ak gary bilen bezeýän gyşda penjiräni açan badyňa içerik köwsarlap girýän arassa howa sähel salymyň içinde şähdiňi açýar. Ýola çyksaň egnine possundyr başyna akja pamygy ýatladyp duran başgaby geýen oglanjyklardyr gyzjagazlar haýdaşyp mekdebe tarap barýandyrlar. Gyşda hatda guşlaryň hem çalasyn hereket edýändigi tötänlik däl. Sowuk howada çalasyn hem çakgan bolmasaň üşejegiň ikuçsuz. Bu günler rahat dem alyp ýatan, täze hasyla güýç toplaýan ene topragyň teşnelikden nähili ganyp, zyýanly mör-möjeklerden mazaly dynýandygyny duýmak has-da ýakymly. Gyş günleriniň säherleri sowuk bolýar. Säher şemalynyň degen ýerini kesip barmagy şeýle setirleriň serime dolmagyna sebäp boldy: Doňdursa-da gyşyň aýazy Ýeri,Sowatmasyn ykbal ýüreklermizi.Kalbymyza sowuk aralaşmasyn,Aklyga atarsyn ak daňlar bizi.

Bulary bilmek gyzykly

Hyýaly haýwanat bagy Awstraliýanyň Brisben şäherinde ilkinji «Hologram Zoo», ýagny «Hyýaly haýwanat bagy» açyldy. Bu haýwanat bagy sanly tehnologiýalaryň ösen derejesiniň netijesidir. Çünki haýwanat bagynda haýwanlara derek, sanly tehnologiýalaryň emele getirýän janly-jandarlaryň, guş-gumrulary, şeýle-de balyklaryň 3D usulynda şekillendirilen suduryny synlap bolýar. Haýwanat bagynyň ýene bir aýratynlygy, onda ýüzlerçe ýyl mundan ozal ýok bolup giden dinozawrlaryň şekillerini görüp bolýandygydyr. Dünýäde ilkinji «Hyýaly haýwanat bagynyň» taslamasy Awstraliýanyň «Axiom Holographics» şereketiniň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanypdyr.

Baýramçylygyň şanly pursatlary

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli düýn paýtagtymyzda ata Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, ýurdumyzyň halkara abraýyny belende götermäge uly şahsy goşant goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerine, döredijilik işgärlerine, daşary ýurtly hünärmenlere döwlet sylaglaryny we nyşanlary gowşurmak dabarasy geçirildi. Halkara Bitaraplyk güni şanly seneleriň biridir. Bu şanly senä halkymyz sabyrsyzlyk bilen garaşyp, baýramçylygy şatlyk-şowhun, uly zähmet üstünlikleri bilen garşy alýar. Dürli ulgamlarda zähmet çekýän hünärmenleriň birnäçesi hem hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk toýuna zähmet üstünlikleri bilen gelip, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp boldular. Gazetimiziň şu sanynda bagtdan paýly ildeşlerimiziň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Allaberdi PAŞŞYKOW,Tejen etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy:

Tebigat gözelliginiň waspnamasy

7-nji dekabrda Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän okuwçylaryň we olaryň mugallymlarynyň gatnaşmagynda nurana geljegimiziň eýeleri bolan bagtyýar ýaş nesillerimiziň kalbynda ata Watanymyzyň gözel tebigatyna bolan söýgini artdyrmak bilen bagly dabaraly çäre geçirildi. Bu ekologik çäre «Döredeliň bagy-bossan, goý, güllesin Türkmenistan!» şygary bilen guraldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Şeýh Zaid bin Sultan Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän okuwçylaryň we olaryň mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen çäräniň esasy maksady ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet ekologiýa syýasatyna ösüp gelýän ýaş nesliň işjeň gatnaşmaklaryny gazanmakdan, ýaşlara çuňňur ekologik bilim bermekden we olarda ekologiýa medeniýetini ösdürmekden, ekologiýa abadançylygyny döretmekden, eziz Watanymyzyň gözel tebigatyna we mukaddes topragyna, tebigy baýlyklaryna söýgini we buýsanjy, zähmetsöýerligi terbiýelemekden ybaratdyr.