Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede uludan bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tamamlanyp barýan günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly ajaýyp kitabynyň elimize gowuşmagy biziň üçin ajaýyp toý sowgady boldy.
Milli Liderimiziň jöwher zehininden dörän täze kitap anyk maglumatlara baý bolup, onda şöhratly taryhymyzyň ýaňy bar, halkymyzyň milli mirasy, medeni gymmatlyklary, medeniýeti, gadymy ýadygärlikleri barada giňden söhbet edilýär. Türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetine goşan goşandy we dünýä taryhyndaky orny barada ylmy taýdan delillendirilen maglumatlara baýdygy kitabyň many-mazmunyny, täsirliligini has-da artdyrýar.