Ga­dy­my yba­dat­ha­na ta­pyl­dy

11 Dekabr 2024
105

Ger­ma­ni­ýa­nyň Týu­bin­gen uni­wer­si­te­ti­niň ar­heo­log­la­ry Mü­sü­riň Sy­ýa­hatç­lyk we ga­dy­my­ýet mi­nistr­li­gi bi­len bi­le­lik­de hä­zir­ki So­hag şä­he­ri­niň go­la­ýyn­da­ky ga­dy­my At­ri­bis şä­he­rin­den ga­ýa­nyň ýü­zün­de oýu­lyp gur­lan uly daş yba­dat­ha­na­ny ýü­ze çy­kar­dy­lar. Pto­le­meý VIII (mi­la­dy­dan öň­ki II asyr) döw­rün­de gur­lan­dy­gy çak­la­nyl­ýan yba­dat­ha­na ga­dy­my Mü­sü­riň bi­na­gär­li­gi­ni we di­ni däplerini ýü­ze çy­kar­ýan mö­hüm açyş­dyr. 2012-nji ýyl­da baş­la­nan ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­rin­de eý­ýäm 51 metr giň­lik­dä­ki yba­dat­ha­na top­lu­my­nyň bö­lek­le­ri ýü­ze çy­ka­ryl­dy. 18 metr be­ýik­lik­dä­ki gi­rel­gä­niň ag­zyn­da­ky diň­ler bö­lek­le­ýin sak­la­nyp ga­lyp­dyr. Diň­le­rin bi­rin­de ar­heo­log­lar uzyn­ly­gy 6 metr we ini 3 metr bo­lan ota­gy tap­dy­lar. Şeý­le hem bar­lag­çy­lar ýo­kar­ky ga­ta çy­kyl­ýan bas­gan­ça­gy tap­dy­lar. Bu ta­pyn­dy­lar yba­dat­ha­na bi­na­gär­çi­li­gi­ni we Pto­le­meý eý­ýa­my­nyň di­ni däp­le­ri­ni öw­ren­mek üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­ler aç­ýar.

Aga­my­rat GUR­BAN­GEL­DI­ÝEW,

Beýleki habarlar