Deňhukuklylyk — demokratiýa
Adam hukuklarynyň goraglylygyny berkitmek gender deňligi babatda hem möhüm ähmiýete eýedir. Aýallaryň hukuklarynyň deňligi BMG-niň esas goýujy ýörelgeleriniň biri bolup durýar. BMG-niň Tertipnamasynyň girişinde ynsan şahsyýetiniň mertebesine we gymmatlygyna hem-de aýallaryň we erkekleriň deňhukuklylygyna öz ynamyny tassyklamagyň onuň esasy maksatlarynyň biri bolup durýandygy kesgitlenendir. BMG tarapyndan 1948-nji ýylyň 10-njy dekabrynda kabul edilen Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň girişinde kesgitlenilişi ýaly, ynsan maşgalasynyň ähli agzalaryna mahsus mertebäniň hem-de deň we aýrylmaz hukuklaryň, ýagny ynsanyň tebigy hem mizemez hukuklarynyň ykrar edilmegi azatlygyň, adalatlylygyň we ählumumy parahatçylygyň esasy şerti bolup durýar. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kämilleşdirilmegi, döwrebap kanunlaryň kabul edilmegi adam hukuklarynyň goragyny kepillendirmek bilen, ýurdumyzyň bu Jarnamanyň mizemez maksatlaryna we ýörelgelerine pugta ygrarlydygyny tassyklaýar. Çünki Esasy Kanunymyzyň 4-nji maddasynda: «Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir» diýlip kesgitlenilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 29-njy maddasynda gender deňligi babatda: «Türkmenistanda erkekleriň we aýallaryň deň hukuklary we azatlyklary, şeýle hem olary durmuşa geçirmek üçin deň mümkinçilikleri bardyr. Deňhukuklylyg