Kanunçylyk ulgamynyň ösüşli ýoly

14 Ýanwar 2021
2011

Hormatly Prezidentimiz döwletiň we jemgyýetiň ähli ulgamlaryny üstünlikli kämilleşdirmäge ýardam berýän hukuk namalaryny işläp düzmek, dünýä täzeliklerini we häzirki zaman ylmynyň öňdebaryjy gazananlaryny nazara almak bilen, hukuk ulgamyny ösdürmek boýunça işleriň möhümdigini nygtaýar. Şunda hukuk kadalarynyň, serişdeleriniň ýurdumyzyň ösmegine we täzeçillige hyzmat etmegi üçin kanunçylygyň pugta berjaý edilmegine, hukugyň amala aşyrylyşyna, hereket edýän kadanamalary wagyz etmegiň, düşündirmegiň wajypdygyna uly ähmiýet berilýär.

Türkmenistanda konstitusion ýörelgelere, Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk taglymatyna esaslanyp, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlaryndan ugur alnyp, milli kanunçylyk ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär. Deň hukuklar we mümkinçilikler ýörelgesini amala aşyrmak üçin kanunçylyk we guramaçylyk çäreleri geçirilýär. Adamyň raýatlyk, syýasy, ykdysady we medeni hukuklarynyň amala aşyrylmagynyň, raýatyň kanuny bähbitleriniň goralmagynyň hukuk kepilliklerini pugtalandyrmak baradaky durmuş çelgili döwlet syýasaty ýurdumyzy durnukly durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, döwletimiziň hukuk esaslaryny berkitmegiň hem-de türkmen jemgyýetini has-da demokratiýalaşdyrmagyň wajyp ugry bolup durýar.

Ýagmyr NURYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory, hukuk ylymlarynyň doktory.
Beýleki habarlar