Şanly ýylyň hormatyna

13 Ýanwar 2021
1600

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň 16-njy dekabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynyň dowamynda 2021-nji — “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ýurdumyzda giňden belleniljek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylamak üçin zerur işleri geçirmegiň, Garaşsyzlygymyzyň ähmiýetini, many-mazmunyny ilat arasynda giňden düşündirmegiň möhümdigini nygtady.

Paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi edarasynda Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň guramagynda geçirilen «Gurşap alýar bu gün uly dünýäni parahatlyk, ynanyşmak taglymy» atly dabara hem şu möhüm wezipelerden ugur alnyp guraldy. Dabarada şu ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegi bilen bagly ýerine ýetirilmeli işler, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň toýuna şu günlerden ýokary derejede taýýarlyk görmek, şanly senäni zähmet üstünlikleri bilen mynasyp garşylamak barada gürrüň edildi.

Şamyrat MUHAMMETGURBANOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ýuriý ŞKURIN.
Beýleki habarlar