Ykdysady özgertmeleriň binýady
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar Diýarymyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, bazar gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine, senagat pudagyny has-da ösdürmäge gönükdirilen özgertmeler syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmaga we peýdalanmaga, olaryň esasynda dolandyryşyň döwrebap ulgamlaryny emele getirmäge, elektron senagatyny ösdürmäge, şeýle hem innowasion önümçilikleri döretmäge uly ähmiýet berilýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Bu maksatlar 2030-njy ýyla çenli Birleşen Milletler Guramasynyň agza ýurtlary tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryna hem doly gabat gelýär. Ýurdumyzda sanly innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy we şonuň esasynda hojalyk gatnaşyklarynyň has kämil görnüşine geçilmegi «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda amala aşyrylýar. Konsepsiýada sanly maglumat tehnologiýalaryny giňden peýdalanmagyň hasabyna milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň esasy ugurlary, olary durmuşa geçirmegiň ýollary we gurallary kesgitlenendir. Häzirki zaman tehnologiýalarynyň we innowasiýalaryň ykdysadyýete has içgin orn