Ykdysady strategiýa: durnukly ösüşi üpjün etmegiň ýolunda

5 Ýanwar 2021
2356

Geçilen menzillere ser salmak, ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeleri kesgitlemek oňat däpleriň biri bolup, ol döwletlilikden nyşandyr. 2020-nji ýylyň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetimiziň dürli düzümleriniň, ýagny ýangyç-energetika, gurluşyk-senagat, ulag-kommunikasiýa, obasenagat we söwda toplumlarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatlarynda geçen döwürde gazanylan netijelere baha bermegi we ösüşiň geljekki ugurlaryny kesgitlemegi dünýäde we ýurdumyzda dowam edýän durmuş-ykdysady ýagdaýlary nazara alyp, döwrüň çagyryşlaryna öz wagtynda seslenmäge mümkinçilik berýän netijeli usullaryň biridir.

Tejribeden görnüşi ýaly, ykdysadyýet çylşyrymly ulgamlaryň biri bolup, onuň dürli düzümleriniň arasynda sazlaşygyň üpjün edilen ýagdaýynda ýokary netijeleri gazanyp bolýar. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan oňyn netijeler munuň şeýlediginiň aýdyň subutnamasydyr. Hususan-da, 2020-nji ýylda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini häsiýetlendirýän makroykdysady görkezijileriň biri bolan jemi içerki önümiň ösüş depgininiň ortaça 5 göterimden ýokary derejede üpjün edilmegi we adatdan daşary ýagdaýlara garamazdan, bu ösüş meýliniň häzirki günlerde hem saklanmagy milli ykdysadyýetiň sagdyn hereket edýändigini, has takygy, onuň ösüşe ukyplydygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmekde möhüm orun eýeleýän pudaklary we toplumlary ösdürmek meseleleri boýunça wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatlaryny geçirmegi we döwrüň talaplaryndan ugur alyp, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça beren anyk tabşyryklary döwlet berkararlygyny berkitmek meseleleriniň ähmiýeti boýunça öňdäki orunda durýandygyndan, olaryň hemişe döwlet Baştutanymyzyň üns merkezinde saklanýandygyndan nyşandyr. Munuň özi ýurt abadançylygyny üpjün etmekde bu düzümleriň tutýan ornuny has-da aýdyňlaşdyrmak, ýagny olara ykdysady teswirleme bermek meselesini orta çykarýar. Bu, öz gezeginde, häzirki döwürde amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli işleriň düýp mazmunyna düşünmäge mümkinçilik berýär.

Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň başlygynyň orunbasary, zähmet gory bölüminiň başlygy, ykdysady ylymlaryň kandidaty.
Beýleki habarlar