Sanly ykdysadyýet — ýokary netijelilik

6 Ýanwar 2021
3027

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasynyň» we ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasynyň tassyklanmagy türkmen ylmyny hil taýdan täze derejä çykarmaga badalga boldy. Munuň özi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary üçin sabyrsyzlyk bilen garaşylan wakadyr. Bu resminamalaryň durmuşa geçirilmegi milli ylym ulgamyny mundan beýläk-de dünýä derejesinde ösdürmekde, ylmy jemgyýetiň bähbitlerine gönükdirmekde, ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmakda täze sepgitleri gazanmaga mümkinçilik berer.

Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek maksady bilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Onuň 1-nji tapgyry 2019-njy ýylda, 2-nji tapgyry 2020 — 2023-nji ýyllarda we 3-nji tapgyry 2024 — 2025-nji ýyllarda amala aşyrylar.

Azat GYLYJOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar