Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

BSG-niň tejribe geňeşçisi Aşgabada iş saparyny amala aşyrdy

13-14-nji dekabrda BMGÖM-iň halkara bilermeni, Bütindünýä Söwda Guramasynyň tejribe merkeziniň geňeşçisi Maksim Medwedkowyň paýtagtymyz Aşgabada iş sapary guraldy. Bu sapar BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň bilelikdäki «Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin platforma, II tapgyr» taslamasynyň çäginde geçirildi. Ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşyklarda Maksim Medwedkow milli we halkara kanunçylygyny sazlaşdyrmagyň, BSG-niň şertnamalaryna laýyk gelmeginiň möhümdigini ara alyp maslahatlaşdy. Bu ýerde oba hojalygynda öňdebaryjy orunlary eýelemek üçin Bütindünýä Söwda Guramasynyň agzalygyny ulanmakda öňdebaryjy tejribe, ýaşyl ykdysadyýetdäki tendensiýalar, telekommunikasiýa, şeýle-de işewür toparlaryň gepleşiklere gatnaşmagy bilen baglanyşykly meselelere seredildi.

Azerbaýjan bilen Eýrany birleşdirjek demir ýoluň gurluşygynyň başlanjak möhleti belli edildi

Azerbaýjan bilen Eýranyň arasynda çekiljek demir ýoluň – Reşt-Astara geçelgesiniň gurluşygyna ýene bir ýarym aýdan başlanar. Bu barada Eýranyň ýollar we şäher ösüşi ministriniň orunbasary Şahriýar Efendizade habar berdi diýip, «Tasnim» habarlar gullugyna salgylanýan «Report» ýazýar. Ýagny eýranly ýolbaşçy taslamanyň gurluşygyna 2024-nji ýylyň başynda, ýene bir ýarym aýdan badalga beriljekdigini aýtdy.

Russiýa we Özbegistan Türkmenistanyň üstaşyr geçelgeleri arkaly hyzmatdaşlyk etmekçi

Russiýanyň FESCO ulag kompaniýasy we “Özbegistanyň demir ýollary” paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň çäginden Türkiýä uzaýan üstaşyr ulag geçelgelerinde bilelikde işleşmegiň şertlerini ylalaşdylar. FESCO-nyň metbugat gullugynyň sişenbe güni habar bermegine görä, degişli ylalaşyk FESCO ulag toparynyň Direktorlar geňeşiniň ýolbaşçysy Andreý Sewerilowyň we “Özbegistanyň demir ýollary” paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary Abdumalik Kamiljanow hem-de Özbegistandaky “Özbegistan demir ýol konteýnerleri” paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Akmal Kamalow bilen geçirilen duşuşyklaryň netijesinde gazanyldy.

Ýolagçylara döwrebap hyzmatlar

Düýn Aşgabat — Bangkok — Aşgabat ugry boýunça howa gatnawy ýerine ýetirilip başlandy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ilata edilýän dürli görnüşli, şol sanda uçarlar arkaly edilýän hyzmatlaryň görnüşini artdyrmak babatdaky tagallalarynyň aýdyň netijesidir. Täze ýylyň öňüsyrasynda ýola goýlan bu gatnaw ýolagçylar üçin özboluşly sowgat boldy. Aşgabat — Bangkok — Aşgabat ugry boýunça howa gatnawy üçin hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň tehniki binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak baradaky aladalary netijesinde satyn alnan iň kämil, döwrebap uçarlaryň hyzmatyndan peýdalanylýar. Has takygy, bu ugurdaky ilkinji uçuşy ýakynda paýtagtymyza getirilen «Boeing 777-300ER» kysymly uçar amala aşyrýar.

Habarlar halkara giňişlikde

Arkalaşygyň çägindäki tagallalara ygrarlylyk 18-nji dekabrda Moskwada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Onda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Türkmenistanyň wekiliýetine ýolbaşçylyk etdi. Duşuşyga gatnaşyjylar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, Arkalaşygyň çägindäki medeni-ynsanperwer ugurly gatnaşyklaryň häzirki meseleleri barada pikir alyşdylar. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin gatnaşyjylara wideoaragatnaşyk arkaly ýüzlenip, 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan guramada Russiýanyň başlyklyk edip başlaýandygyny, bu döwürde sungatyň, ylym-bilimiň dürli ugurlarynda, şol sanda GDA-nyň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň çeşmelerinden peýdalanmak arkaly bilelikdäki çäreleri geçirmek tejribesini ösdürmegiň meýilleşdirilýändigini belledi.

Mag­tym­gu­ly­ we No­wa­ýy­ türk­men-öz­bek dost­lu­gy­nyň ny­şa­ny

Magtymguly — Bütindünýä poeziýasynyň genji-hazynasyna giren şahsyýet goşgy bilen gürlän akyldar. Magtymgulynyň söz­leriniň biziň günleri­mize gelip ýetmegi türkmen halkynyň edermenligidir.Çingiz AÝTMATOW Türkmen we özbek halklary dost-doganlyk gatnaşyklary esasynda asyrlaryň dowamynda özleriniň medeniýetini, däplerini hem dillerini baýlaşdyryp, ösdürip, bir derýanyň suwuny içip, agzybir ýaşap gelýärler. Özbegistan hem Türkmenistan döwletleriniň hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga hem-de strategik hyzmatdaşlygyň derejesini ýokarlandyrmaga ýokary derejede aýratyn üns berilýändigini belläsim gelýär. Daşkent şäherinde Magtymguly köçesiniň we Magtymgulynyň ýadygärliginiň açylmagy munuň aýdyň mysalydyr. Öz gezeginde Türkmenistanyň gözel paýtagtynyň esasy köçeleriniň birine Alyşir Nowaýynyň ady dakylyp, türkmen bagşy-sazandalarymyzyň repertuarlarynda «Nowaýy» sazy ýaşamagyny dowam edýär, dil we edebiýat ugry boýunça ýokary okuw mekdeplerinde Alyşir Nowaýynyň ömri we döredijiligi giňden öwrenilýär. TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda Alyşir Nowaýynyň ömür-döredijiligi ylmy taýdan öwrenilip, kitaplar neşir edilipdir. Bularyň ählisi özbek-türkmen halklarynyň Gündogaryň beýik akyldarlary bolan Alyşir Nowaýynyň we Magtymguly Pyragynyň döredijilik äleminde bitiren hyzmatlaryna goýýan sarpasynyň beýi

Telefon arkaly söhbetdeşlik

19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary netijeli türkmen-eýran gatnaşyklarynyň häzirki wagtda ikitaraplaýyn derejede hem-de halkara guramalaryň çäklerinde birek-birege hormat goýmak, özara ynanyşmak esasynda ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Soňky döwürde iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlyk işjeň alnyp barlyp, hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Türkmen-rus gatnaşyklary ösdürilýär

20-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söbetdeşlikde tamamlanyp barýan 2023-nji ýylda däp bolan türkmen-rus gatnaşyklarynyň giň ugurlar boýunça okgunly ösüşe beslenendigi barada aýdyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýokary döwlet, hökümet we parlament derejesindäki gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň esasy şertidigini belledi.

Türkmenistan — Eýran: netijeli hyzmatdaşlyk okgunly ösdürilýär

19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasy bilen köpugurly gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge we pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. Bu gatnaşyklar birek-birege hormat goýmaga, müňýyllyklardan gözbaş alýan hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýar. Şoňa görä-de, söhbetdeşligiň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary netijeli türkmen-eýran gatnaşyklarynyň häzirki wagtda ikitaraplaýyn derejede hem-de halkara guramalaryň çäklerinde, däp bolşy ýaly, birek-birege hormat goýmak, özara ynanyşmak esasynda ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Türkmenistan — Russiýa: dostluk, ynanyşmak, hoşniýetlilik

20-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Gahryman Arkadagymyz RF-niň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyna Federal Ýygnagyň döredilmeginiň, Russiýanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny beýan etdi, ony Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlament Assambleýasynyň geňeşiniň Başlygy wezipesine täzeden saýlanylmagy bilen gutlady.

Özara bähbitli gatnaşyklar işjeňleşdirilýär

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýeti Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň, şeýle-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, goňşy döwletiň demir ýol infrastrukturasyny giňeltmek boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, ýakynda Owganystanyň Hyrat welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Owganystanyň daşary işler ministri Amir Han Mottaki, dag-magdan senagaty ministri Şahabutdin Delawar hem-de senagat we söwda ministri Nuretdin Aziz bilen geçirilen duşuşyklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ugurlaryň giň toplumy boýunça ösdürmegiň meselelerine garaldy. Hususan-da, taraplar ýokarda agzalan möhüm taslamalaryň amala aşyrylyşyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de iki döwletiň daşary işler ministrleri, wekiliýet agzalary gurluşygy türkmen hem-de owgan kompaniýalary tarapyndan alnyp barylýan energetika, ulag ulgamynyň desgalaryna baryp gördüler.

Latwiýanyň we Türkmenistanyň ulag pudagynyň işgärleriniň arasynda onlaýn ýygnak geçirildi

Golaýda Türkmen Logistika Assosiasiýasy Latwiýanyň ekspeditorlary we logistika assosiasiýasy (LAFF) bilen hyzmatdaşlykda halkara söwdasynyň ösmegine goldaw bermek üçin, “Baltika ýurtlary bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda mümkinçilikleri: hyzmatdaşlygy we işewür gatnaşyklary artdyrmagyň kartasy” mowzugyna iki tarapyň birleşmeleriniň islegi boýunça onlaýn maslahat geçirildi. Latwiýa tarapyndan “ACE Logistic Latvia”, “BV GRUPA”, “Vervo” we “MELON” ýaly kompaniýalaryň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar. Türkmen tarapdan bolsa, “Türkmendeňizderýaýollary”  agentliginiň wekilleri, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň wekilleri, şeýle hem Türkmen Logistika Assosiasiýasynyň agza kompaniýalary: “Amatly ýollar” HJ, “Dawut Ýollary” HK, “Eminli Maslahat” HK, “Merjen ýol” HJ, “Türkmenistanyň ulag we logistika merkezi” HJ we “Ýükli kerwen” (Kervan Logistics).

ÝUNESKO we milli miras

Şeýle at bilen welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, welaýat kitaphanasynyň, Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň bilelikde guramaklarynda dabaraly maslahat geçirildi. Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş  muzeýinde geçirilen maslahatda muzeýiň direktory Allanazar Garajanow, bagşy Hudaýberen Baýramow, muzeýiň ylmy işgäri Batyr Uzakberdiýew, Daşoguz şäheriniň bagşylar muzeýiniň direktory Begenç Haknazarow, Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň ýokary derejeli artisti Döwran Mädalyýew, Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Myrat Halbaýew, welaýat kitaphanasynyň bölüm müdiri Leýla Rejepowa dagy çykyş edip, el hünäri, türkmeniň gaýtalanmajak milli mirasy, bagşyçylyk sungaty, halypa-şägirtlik ýoly, şeýle-de ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürýändigi dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Dabaranyň dowamynda ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň aýdym-sazly çykyşlary we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi guraldy.

Türkmenistan bilen Latwiýanyň arasynda ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylar

«Türkmen Logistika» Assosiasiýasy hem-de Latwiýanyň Ýük ekspeditorlary we logistika milli assosiasiýasy(LAFF) tarapyndan iki ýurduň ulag pudagynyň wekilleriniň arasynda onlaýn duşuşyk guraldy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Latwiýanyň arasynda ulag pudagyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň resmi saýtynda habar berildi. Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy Ýewropadan harytlary ygtybarly daşamak üçin anyk meseleleri teklip etdi.

Ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň häzirki zaman logistika düzümlerini, ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek boýunça oňyn işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap derejede, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne laýyklykda dikeldilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Ulag-aragatnaşyk ulgamynda bar bolan giň mümkinçilikleri durmuşa ornaşdyrmak we olary täze ykdysady derejä ýetirmek arkaly, iňňän ýokary netijeleri gazanyp, bu ugurda işjeň hereket edýändigimiz hem bellenilmeli ýagdaýdyr» diýip nygtamak bilen, ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk ulgamynyň ösdürilmeginiň, ilkinji nobatda, halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny ýokarlandyrmaga, durmuş häsiýetli maksatnamalary amala aşyrmaga giň mümkinçilikleriň döredilýändigini aýratyn belleýär.

Hoşniýetli gatnaşyklara daýanyp

Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem serhetdeş goňşy döwletler bilen giň gerimli gatnaşyklary ösdürmekdir. Şeýle gatnaşyklary öňe ilerletmekde dostluk deňzine öwrülen gojaman Hazaryň ähmiýeti diýseň uludyr. Çünki bu deňzi parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk giňişligine öwürmek boýunça hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň pähim-paýhasy bilen uly işler amala aşyrylýar. Kenarýakasynda ýerleşýän döwletleriň hemmesi üçin, Hazar deňzi ykdysady taýdan örän ähmiýetlidir. Şeýlelikde, hazarýaka döwletleri özüniň ykdysady ösüşini rowaçlandyrmakda, deňziň tebigy baýlyklaryny peýdalanmaga uly ähmiýet berýärler. Balyk tutmak, deňizde ýük daşamak, ýolagçy gatnatmak we kenarýaka uglewodorod çig mallaryny gazyp almak ýaly işler ýurtlaryň durmuş-ykdysady ösüşinde örän ähmiýetlidir. Çünki Hazar deňziniň düýbi uglewodorod çig mallarynyň gorlaryna baýdyr.

Wise-premýer: Türkmenistan GDA-nyň çäklerinde ulag hyzmatdaşlygyna möhüm ähmiýet berýär

Türkmenistan ulag ulgamynyň ösdürilmegini Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) ýurtlary bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde hasaplaýar diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow duşenbe güni Moskwada geçirilen GDA agza ýurtlaryň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde eden çykyşynda aýtdy. Bu barada “Baku TV” teleýaýlymy habar berýär. Hojamyrat Geldimyradowyň aýtmagyna görä, Türkmenistan ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň möçberleriniň yzygiderli artdyrylmagy ugrunda degişli işleri alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan täze üstaşyr geçelgelerini döretmek we bilelikde ulag hyzmatlarynyň iri bazaryna çykmak üçin hyzmatdaşlar bilen hereketleri utgaşdyrmak başlangyjyny goldaýar.

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 19-njy dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Hormatly Prezidentimiz söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasy bilen köpugurly gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge we pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. Bu gatnaşyklar birek-birege hormat goýmaga, müňýyllyklardan gözbaş alýan hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýar.

Ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşýär

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda eden çykyşynda: «Häzirki wagtda ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligi günsaýyn artyp, olar belent sepgitleri nazarlaýarlar. Biz ýurdumyzyň ýaşlar birleşikleri bilen beýleki döwletleriň hem-de halkara Ýaşlar guramalarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýäris» diýmek bilen, häzirki zaman dünýäsinde ýaşlaryň ornuna, olaryň jogapkärçiligine we adamzadyň olara bildirýän ynamyna aýratyn ähmiýet berdi. Ýurdumyzyň kanunçylygy hem-de halkara şertnamalary esasynda halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda şu ýylyň iýun aýynda tassyklanylan «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynda» medeniýet we syýahatçylyk ugry boýunça, maglumat-kommunikasiýa ulgamynda ýaşlaryň hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek göz öňünde tutulýar. Ýaş zehinleri ýüze çykarmak we goldamak maksady bilen, maksatnamanyň işlenip taýýarlanylmagy, ýaşlaryň medeni hyzmatdaşlygy, ýaş žurnalistleriň arasynda tejribe alyşmak ýaly çäreler bu işlere ýardam berer. Strategiýada göz öňünde tutulan bedenterbiýe we sport, şol sanda dürli ýaryşlary guramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek işlerini geçirmek, daşary ýurtly ugurdaş hünärmenler bilen ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak

Milli gymmatlyklara sarpa

Häzirki döwürde durmuşa geçirilýän beýik işlere tüýs ýürekden buýsanýarys, çünki halk bähbidini nazarlaýan işler abadan ýaşaýşymyza gönükdirilip, ýurdumyzyň aýdyň ösüşiniň kepilidir. Halkymyzyň milli we ruhy gymmatlyklaryndan gözbaş alýan asylly ýörelgelerimiz, parahatçylyk söýüjilik ýolumyz ösüşleriň berk binýadydyr. Eziz Diýarymyzyň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň, mertebesiniň pugtalanmagy, has-da belende göterilmegi ugrunda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda uly tagalla edilýär. Bularyň hemmesi halkymyzyň özygtyýarly döwlet baradaky köp asyrlyk arzuwynyň hasyl bolandygyny alamatlandyrýar. Täze taryhy eýýamda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň belent mertebesi dünýäde has-da dabaralanýar. Ýakynda Türkmenistanyň teklip eden «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamasy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Munuň özi häzirki ösüşli döwrümizde gadymdan gelýän asylly ýörelgelerimiziň rowaçlanýandygyny, mynasyp ösdürilýändigini aýdyň beýan edýär.