Azerbaýjan bilen Eýranyň arasynda çekiljek demir ýoluň – Reşt-Astara geçelgesiniň gurluşygyna ýene bir ýarym aýdan başlanar. Bu barada Eýranyň ýollar we şäher ösüşi ministriniň orunbasary Şahriýar Efendizade habar berdi diýip, «Tasnim» habarlar gullugyna salgylanýan «Report» ýazýar.
Ýagny eýranly ýolbaşçy taslamanyň gurluşygyna 2024-nji ýylyň başynda, ýene bir ýarym aýdan badalga beriljekdigini aýtdy.