Magtymguly — Bütindünýä poeziýasynyň genji-hazynasyna giren şahsyýet goşgy bilen gürlän akyldar. Magtymgulynyň sözleriniň biziň günlerimize gelip ýetmegi türkmen halkynyň edermenligidir.
Çingiz AÝTMATOW
Türkmen we özbek halklary dost-doganlyk gatnaşyklary esasynda asyrlaryň dowamynda özleriniň medeniýetini, däplerini hem dillerini baýlaşdyryp, ösdürip, bir derýanyň suwuny içip, agzybir ýaşap gelýärler. Özbegistan hem Türkmenistan döwletleriniň hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga hem-de strategik hyzmatdaşlygyň derejesini ýokarlandyrmaga ýokary derejede aýratyn üns berilýändigini belläsim gelýär. Daşkent şäherinde Magtymguly köçesiniň we Magtymgulynyň ýadygärliginiň açylmagy munuň aýdyň mysalydyr. Öz gezeginde Türkmenistanyň gözel paýtagtynyň esasy köçeleriniň birine Alyşir Nowaýynyň ady dakylyp, türkmen bagşy-sazandalarymyzyň repertuarlarynda «Nowaýy» sazy ýaşamagyny dowam edýär, dil we edebiýat ugry boýunça ýokary okuw mekdeplerinde Alyşir Nowaýynyň ömri we döredijiligi giňden öwrenilýär. TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda Alyşir Nowaýynyň ömür-döredijiligi ylmy taýdan öwrenilip, kitaplar neşir edilipdir. Bularyň ählisi özbek-türkmen halklarynyň Gündogaryň beýik akyldarlary bolan Alyşir Nowaýynyň we Magtymguly Pyragynyň döredijilik äleminde bitiren hyzmatlaryna goýýan sarpasynyň beýikdigine subutnamadyr.