Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Türkmenistan Hazarüsti söwda ýoly boýunça bilelikdäki hereketleriň meýilnamasyny maslahatlaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti geçirilýän Hazarüsti söwda ýoly boýunça bilelikdäki hereketleriň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin Daşkent şäherinde geçirilýän çärä gatnaşýar. Çäre ABŞ-nyň Söwda ministrliginiň Täjirçilik hukugy maksatnamasy tarapyndan Hazarüsti söwda ýoluny giňeltmek boýunça taslamasynyň çäklerinde geçirilýär.

Türkmenistanyň COP28-däki garaýyşlary goldanylýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň ahyrynda Dubaýda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (COP28) eden çykyşyndaky howanyň üýtgemegi hem-de ekologik howpsuzlyk baradaky milli garaýyşlaryň beýany BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde BMG-niň alty resmi dilinde neşir edildi we ýaýradyldy. Bu Beýan Baş Assambleýanyň şu gezekki sessiýasynyň gün tertibiniň «Adamzadyň häzirki we geljek nesilleriniň bähbidine ählumumy howany goramak» hem-de «Merkezi Aziýada parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» bentleri boýunça neşir edildi. Resminamada, hususan-da, Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygy we Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy (ÝUNEP) bilen bilelikde, Türkmenistanda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkeziniň açylmagy üçin kanuny esasyň döredilendigi barada aýdylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyndaky çykyşynda Türkmenistanyň şu maslahata gatnaşmagyna özüniň howanyň üýtgemegi meselesi boýunça halkara strategiýasyny ilerletmekde tapgyrlaýyn waka hökmünde garaýandygyny belledi. BMG-niň durnukly ös

ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýolunda

20-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mejlisde Birleşen Milletler Guramasynyň bu ýöriteleşdirilen edarasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy, 2024-2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlygyň meýilnamasy, hususan-da, milli gymmatlyklarymyzy Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça ýurdumyzyň öňe sürýän teklipleri bilen baglanyşykly wezipeler kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň geçen ýylda alyp baran işleriniň jemleri, şeýle hem

Dostluk buýsanjy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eseri dünýä edebiýatynyň altyn hazynasy baýlaşdyrdy. Bu ajaýyp eseriň bölümleriniň biri «Ýagşy adam ýatdan çykmaz» diýlip atlandyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri kitabyň bu bölüminde ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň berkemeginde aýratyn ähmiýetli orunlary eýelän Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýan hem-de Sindzo Abe bilen bagly ýatlamalaryň ýakymly pursatlaryna ýüzlenýär. Eseriň «Ýagşy adam ýatdan çykmaz» bölüminiň bölümçeleriniň biri «Sindzo Abe» diýlip atlandyrylyp, onda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz türkmen-ýapon dostlugynyň taryhy sahypalarynda aýratyn ähmiýetli orny eýelän şahsyýeti ýatlap geçýär.

Gazagystan Türkmenistanyň we Owganystanyň üstünden özara ýük daşamalary ýola goýmagy teklip etdi

Häzirki wagtda Gazagystanyň we Pakistanyň arasynda demir ýol arabaglanyşygy ýokdur. Munuň deregine, şol sanda Türkmenistanda bar bolan üstaşyr geçelgeleriň netijeli ulanylmagynyň uly geljeginiň barlygy bellenilýär. Bu barada Gazagystanyň ulag ministriniň orunbasary Talgat Lastaýew 23-nji ýanwarda Pakistan Yslam Respublikasynyň aragatnaşyk, demir ýol we deňiz işleri ministriniň birinji orunbasary bilen bolan duşuşygynda mälim etdi. Onuň aýtamgyna görä, häzirki wagtda demir ýol we awtomobil ulagy arkaly Gazagystan – Türkmenistan – Owganystan – Pakistan ugry boýunça multimodal ulag gatnaşyklaryny guramak mümkinçilikleri bar.

Baku şäherinde Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Merkezi Aziýa döwletleriniň aeronawigasiýa düzümleriniň ilkinji sammiti geçirilýär

Baku şäherinde "CANSO" ady bilen Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň aeoronawigasiýa düzümleriniň ýolbaşçylarynyň ilkinji sammiti geçirilýär. Bu barada "Azertag" habarlar agentligi mälim edýär. "CANSO" - bu aeronawigasiýa hyzmatlaryny üpjün ediji halkara guramadyr.

Türkmenistanyň we Belarusyň ilçileri Moskwada söwda, logistika meselelerini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Esen Aýdogdyýew we onuň bu ýurtdaky belarus kärdeşi Dmitriý Krutoý 24-nji ýanwarda Moskwada duşuşyk geçirdiler. Onda Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň dürli meseleleri maslahatlaşyldy. Diplomatlar hususanda, iki ýurduň bir-birlerindäki söwda öýleriniň işi barada özara pikir alyşdylar. Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda, şol sanda GDA-nyň çäklerinde ýakyn wagtda geçirilmegi meýilleşdirilýän dürli derejedäki özara gepleşikleriniň tertbine hem garaldy. Demirgazyk - Günorta halkara ulag geçelgesini ösdürmegiň çäklerinde logistika düzümlerini kämilleşdirmegiň mümkinçiliklerine aýratynlykda garaldy. Bu barada Belarus Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy habar berýär.

«Ýaşyl» ykdysadyýet — sazlaşykly ösüş

Döwletimiziň uzak möhletleýin ösüş maksatnamalarynda «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitlenilip, ýurduň has-da kuwwatlanmagynyň «ýaşyl» ýörelgelerinden ugur alynýar. Ýurdumyzdaky gurluşyk we binagärlik taslamalarynda hem durnukly «ýaşyl» ösüş konsepsiýasynyň esasy wezipeleri durmuşa geçirilýär. Daşky gurşawyň hilini gowulandyrmak arkaly ekoulgamlaryň ýaşaýşa ukyplylygyny we ekologiýa sagdynlygyny ýokarlandyrmak; galyndylary dolandyrmagyň netijeliligini artdyrmak; hojalyk işiniň ekologiýa taýdan howpsuzlygyny berjaý etmegiň ykdysady esasynyň höweslendiriji ulgamyny döretmek; şäherleriň we obalaryň howpsuzlygyny we ekologiýa taýdan durnuklylygyny pugtalandyrmak, şol sanda bu işi «akylly» şäher konsepsiýasyny durmuşa geçirmek arkaly amala aşyrmak; ilatyň ekologiýa biliminiň we ekologiýa medeniýetiniň derejesini ýokarlandyrmak ýaly wezipeler muňa mysaldyr. «Ýaşyl» ykdysadyýete geçilmegi adamzadyň daşky gurşawa zyýansyz, abadan we durnukly ykdysady işini üpjün edýär. Ol «ekologik ykdysadyýet» we «daşky gurşawyň ykdysadyýeti» düşünjeleri bilen baglanyşdyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 4-5-nji ýanwarda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran iş saparynyň netijeleri, şol sanda gol çekilen möhüm resminamalar ýurdumyzda «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek ugrundaky geljegi uly başlangy

Göwünleri gülledýän gözellik

Gözelligiň goýnunda gezelenç etmegiň ýakymyny diýsene! Beýle pursatlar ynsan kalbyny şatlyga besleýär, pikirlerini durlap, döredijilik ukybyny artdyrýar. Merjen şäherimiz Aşgabadyň Modeller öýünde ýaýbaňlandyrylan sergä gelen myhmanlar hem üç günüň dowamynda şeýle lezzetli pursatlar bilen gurşaldylar. Türkmen zenanlarynyň on barmagynyň hünärinden döreýän nepislikler güneşli ülkämizden has uzaklardan gelen myhmanlaryň ýüreklerine-de mahmal ýol saldy. Paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegine bagyşlanan forumy ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty Aşgabat şäher häkimligi bilen bilelikde gurady. Modeller öýüniň sergi zalyny bezän milli gymmatlyklarymyz bu ýere gelenleri zenan dünýäsiniň näzikligi bilen ýüzbe-ýüz etdi. On barmagyndan dür dökülýän gelin-gyzlaryň döredijilik ukybynyň tebigat bilen sazlaşygy, ussatlygynyň inçelik bilen utgaşygy zenan başarnygynyň asyl nusgasy bolup açyldy. Gözellik sergisine gatnaşýan «Route De La Soie Et Al-Andalis» assosiasiýasynyň ýolbaşçysy, «Oriental Fashion Show» moda görkezilişiniň esaslandyryjysy Hind Žudar bilen söhbetdeş bolanymyzda, meşhur fransuz dizaýneri milli gymmatlyklarymyz baradaky täsirlerini biz bilen paýlaşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby ýapon dilinde neşir edildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly edebi-filosofik eseriniň ýapon dilinde neşir edilmegi Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň taryhynda şanly waka öwrüldi. Bu kitap hoşniýetli erk-islege, özara hormat goýmaga, ynanyşmaga esaslanýan netijeli döwletara gatnaşyklaryň dostlukly häsiýetiniň özboluşly nyşanydyr. Häzirki döwürde türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy täze many-mazmun bilen has-da baýlaşdyrylýar. Ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlugy, özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň, umumy rowaçlygyň, abadançylygyň bähbitlerine kybap gelýän doly derejeli hyzmatdaşlyk üçin amatly ýagdaýy döretmegiň möhüm şerti bolan ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegidir.

Parlament diplomatiýasyny ilerledip

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýyl — bu agzybirligiň, parahatçylygyň, ösüşleriň, oňyn başlangyçlaryň ýylydyr. Belent sepgitleri nazarlaýan ýurdumyz geljege ynamly gadam basýar. Geçen ýyllaryň dowamynda, şol sanda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda durmuşa geçirilen beýik işler geljekki tutumly maksatlarymyzyň berk binýady bolup durýar. Türkmenistanyň Mejlisinde milli kanunçylygy kämilleşdirmek işleri bilen bir hatarda, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny berkitmek, daşary ýurtlaryň parlamentleri, abraýly halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy netijeli dowam etmek boýunça meýilnamalaýyn işler döwrüň talaplaryna laýyklykda guralýar. Ýurdumyzda hereket edýän kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek, şeýle hem Türkmenistanyň goşulyşan halkara resminamalaryny we döwletara ylalaşyklaryny tassyklamak hakynda kanunlar kabul edilýär.

Türkmenistan — ÝUNESKO: hyzmatdaşlyk berkidilýär

20-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mejlisde Birleşen Milletler Guramasynyň bu ýöriteleşdirilen edarasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem 2024-2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlygyň meýilnamasy, hususan-da, milli gymmatlyklarymyzy Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawyna girizmek boýunça ýurdumyzyň öňe sürýän teklipleri bilen baglanyşykly wezipeler kesgitlenildi.

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi

Aşgabat, 20-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mejlisde Birleşen Milletler Guramasynyň bu ýöriteleşdirilen edarasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy, 2024-2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlygyň meýilnamasy, hususan-da, milli gymmatlyklarymyzy Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawyna girizmek boýunça ýurdumyzyň öňe sürýän teklipleri bilen baglanyşykly wezipeler kesgitlenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby ýapon dilinde neşir edildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly edebi-filosofik eseriniň ýapon dilinde neşir edilmegi Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň taryhynda şanly waka öwrüldi. Bu kitap hoşniýetli erk-islege, özara hormat goýmaga, ynanyşmaga esaslanýan netijeli döwletara gatnaşyklaryň dostlukly häsiýetiniň özboluşly nyşanydyr. Häzirki döwürde türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy täze many-mazmun bilen has-da baýlaşdyrylýar. Ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlugy, özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň, umumy rowaçlygyň, abadançylygyň bähbitlerine kybap gelýän doly derejeli hyzmatdaşlyk üçin amatly ýagdaýy döretmegiň möhüm şerti bolan ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegidir.

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi

Aşgabat, 20-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mejlisde Birleşen Milletler Guramasynyň bu ýöriteleşdirilen edarasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy, 2024-2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlygyň meýilnamasy, hususan-da, milli gymmatlyklarymyzy Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawyna girizmek boýunça ýurdumyzyň öňe sürýän teklipleri bilen baglanyşykly wezipeler kesgitlenildi.

2023-nji ýylda rus awtoulag bazaryndaky karzlaryň, takmynan, 60 göterimi täze hytaý markalary üçin alyndy

WTB-niň maglumatlaryna görä, awtoulaglary karz alýanlaryň Hytaýda öndürilen ulaglara bolan islegi 4 esse ýokarlandy. 2023-nji ýylyň ahyrynda bank tarapyndan çykarylan täze awtoulaglar üçin 10 karzdan 6-sy diýen ýaly, Hytaý markalary üçindir. Umuman alanyňda, 2023-nji ýylyň ahyrynda rus bazarynda awtoulag karzlarynyň satuwy 1,5 trillion rubldan gowrak boldy. Bu görkeziji 2022-nji ýyldakydan 2 esse köp. WTB 2024-nji ýylda täze awtoulag bazarynyň giňemegi netijesinde, awtoulaglar üçin karz berilmeginiň has-da artjakdygyny çaklaýar: bankyň çaklamalaryna görä, ösüş geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 10 göterime ýetip biler.

«Maersk» we «Hapag-Lloyd» uzak möhletleýin iş hyzmatdaşlygy boýunça şertnama baglaşdy

«Maersk» we «Hapag-Lloyd» kompaniýalary «Gemini Cooperation» («Ekizleriň hyzmatdaşlygy») diýen at bilen uzak möhletleýin iş hyzmatdaşlygy barada şertnama baglaşdy. «Maersk» kompaniýasynyň habaryna salgylanýan «SeaNews» hyzmatdaşlygyň 2025-nji ýylyň fewralyndan başlanýandygyny habar berýär. Bu ýerde maksat çeýe, birek-birege bagly we ygtybarly umman toruny döretmekdir. Ylalaşygyň bir bölegi hökmünde «Hapag-Lloyd» we «Maersk» umumy kuwwaty 3,4 million TEU bolan 290 gämini bilelikde işleder. Şolaryň 60 göterimini «Maersk», 40 göterimini bolsa «Hapag-Lloyd» üpjün eder. «Hapag-Lloyd» «Gemini Cooperation» şertnamasyna goşulmak üçin 2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda «Okean Network Express» («ONE»), «HMM» we «Mang Ming» ýaly kompaniýalary özünde jemleýän «THE Alliance» bileleşiginden çykar.

Halkara giňişlikde

Hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy Golaýda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Aýazowyň Ermenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Safarýan bilen geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň, hususan-da, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň meseleleri, şertnama-hukuk binýadynyň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ermeni hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek bilen bagly meselä aýratyn üns çekildi.

Köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyk giňeldilýär

Türkmenistan döwletimiziň özara hormat goýmak we birek-birege düşünişmek ýörelgeleri esasynda guraýan döwletara gatnaşyklary ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. Muny hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nobatdaky kabul edişlikleri aýdyňlygy bilen tassyklaýar. 17-nji ýanwarda döwlet Baştutanymyz Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinasy kabul etdi.

Türkmenistan we Eýran sürüjilere wizany ýeňilleşdirilen tertipde resmileşdirmek meselesine garadylar

Türkmen-eýran döwlet serhetlerinde ýerleşýän “Artyk-Lotfabad” awtoýol gözegçilik-geçiriş nokadynda golaýda geçirilen duşuşykda sürüjilere wizany ýeňilleşdirilen tertipde resmileşdirmek meselesine garaldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy çarşenbe güni habar berdi. Türkmen tarapynyň wekiliýetine Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň gümrük gözegçiligini guramak bölüminiň müdiri Agöýli Nyýazow, Eýranyň wekiliýetine bolsa “Lotfabad” gümrük nokadynyň başlygy Korban Karimi ýolbaşçylyk etdiler.