Türkmenistan döwletimiziň özara hormat goýmak we birek-birege düşünişmek ýörelgeleri esasynda guraýan döwletara gatnaşyklary ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. Muny hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nobatdaky kabul edişlikleri aýdyňlygy bilen tassyklaýar.
17-nji ýanwarda döwlet Baştutanymyz Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinasy kabul etdi.