2023-nji ýylda rus awtoulag bazaryndaky karzlaryň, takmynan, 60 göterimi täze hytaý markalary üçin alyndy

21 Ýanwar 2024
657

WTB-niň maglumatlaryna görä, awtoulaglary karz alýanlaryň Hytaýda öndürilen ulaglara bolan islegi 4 esse ýokarlandy. 2023-nji ýylyň ahyrynda bank tarapyndan çykarylan täze awtoulaglar üçin 10 karzdan 6-sy diýen ýaly, Hytaý markalary üçindir.

Umuman alanyňda, 2023-nji ýylyň ahyrynda rus bazarynda awtoulag karzlarynyň satuwy 1,5 trillion rubldan gowrak boldy. Bu görkeziji 2022-nji ýyldakydan 2 esse köp. WTB 2024-nji ýylda täze awtoulag bazarynyň giňemegi netijesinde, awtoulaglar üçin karz berilmeginiň has-da artjakdygyny çaklaýar: bankyň çaklamalaryna görä, ösüş geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 10 göterime ýetip biler.

Taýýarlan: Ilşat ROZYÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.
Beýleki habarlar