Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda

19-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, Mejlisiň Başlygyna söz berdi. Olar öz gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň netijeleri we hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdiler. Hasabatlaryň çäklerinde pudak edaralarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýlaryny yzygiderli seljermek hem-de iş ugurlaryny döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek, durmuş ulgamynyň ösüşine uly üns bermek we täze iş orunlaryny döretmek boýunça meýilleşdirilen çäreler, nebitgaz toplumyna degişli edara-kärhanalarda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça geçirilýän işler, möwsümleýin oba hojalyk işleri, şol sanda ýazky ekişe görülýän taýýarlyk, ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, ýerli çig malyň esasynda içerki we daşary bazarlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmak boýunça görülýän çäreler, «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny hem-de programma üpjünçil

Wajyp ugurlarda beýik maksatlar

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy ähli babatda sazlaşykly ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan çuňňur oýlanyşykly içeri we daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýar. Ýurt Baştutanymyzyň 19-njy fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hem döwlet durmuşyna degişli ugurlarda derwaýys meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmek, alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek hem-de döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarydyr öňde goýan wezipelerini nazara almak esasynda taýýarlanylan, 2021-nji ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň we çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Ajaýyp üstünlikleriň nyşany

Gün-günden gözel keşbe girýän Aşgabat biziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ajaýyp häzirki döwrüni hem-de röwşen geljegini alamatlandyrýar. Ak şäherimiz belent binalaryň, gözelligiň we amatlylygyň, binagärligiň we tebigy gözellikleriň sazlaşygydyr. Ýurdumyzyň baş şäheri batly depginler bilen öz çäklerini giňeldýär, täze ajaýyp künjekleri bilen abadanlaşýar. Paýtagtymyzda gurlan täsin desgalaryň ençemesi, şeýle hem ak mermerli binalaryň dünýäde bir ýere has köp jemlenen şäheri hökmünde Aşgabadyň özi Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Bu bolsa türkmenistanlylaryň hakyky buýsanjydyr. Ak mermerli Aşgabat ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ähli özgertmeleriň üstünlige beslenýändiginiň nusgalyk mysalydyr. Ol täze gurluşyklaryň gerimi hem-de ajaýyplygy bilen haýran galdyrýar. Paýtagtymyz okgunlylyk bilen häzirki zamanyň iri şäherine öwrülip, gün-günden dünýäniň şäherleriniň ýaşamak üçin iň owadanlarynyň we amatlylarynyň biri hökmünde barha ynamly ykrar bolýar.

Bagty çüwen ile serpaý ýaraşýar

Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrap häkimligine gowşuryldy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriň arasynda durmuş, ykdysady we medeni taýdan iň ýokary görkezijileri gazanmak ugrunda guralan bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edilen Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň häkimligine mynasyp bolan baýragyny — ABŞ-nyň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasy boldy.

Kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde durmuşa geçirilýän kanunçylyk-hukuk özgertmelerinde jemgyýetiň we döwletiň gymmatly hazynasy bolan adamyň bähbitlerini, hukuklaryny we azatlyklaryny goramak esasy ileri tutulýan ugur bolup durýar. Şunda ýurdumyzyň hukuk ulgamy Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinden gözbaş alýar. Hormatly Arkadagymyzyň iki palataly parlament ulgamyna geçmek we kanun çykaryjy ulgamyň işini kämilleşdirmek babatdaky başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolmagynyň düýp özeninde hem milli demokratik ýörelgelere eýermegiň, ata-babalarymyzyň baý tejribesini ulanmagyň, umumadamzat gymmatlyklaryna hormat goýmagyň, öňdebaryjy dünýä tejribesinden peýdalanmagyň möhüm şerti bolup durýar. Hormatly Arkadagymyzyň çuň parasaty bilen eziz Watanymyzda kanunçylyk ulgamy has-da kämilleşdirilýär we hukuk goraýjy edaralaryň jemgyýetçilik kabul edişligi tarapyndan ilatymyza kanunlary düşündirmekde möhüm ähmiýetli işler alnyp barylýar. Mähriban halkymyz bu gün milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda özüniň konstitusion hukuklaryndan we azatlyklaryndan ýerlikli peýdalanyp, bagtyýar durmuşyň hözirini görüp erkana ýaşaýar, döredijilikli zähmet çekýär, gurýar we döredýär. Milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegi jemgyýetde Kanuna hormat goýulmagyny, raýatlaryň hukuk medeniýetiniň derejesiniň, hukuk bilimin

Ýurdumyzyň abadançylygynyň hatyrasyna netijeli işler

19-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer şu aýda ykdysadyýetiň pudaklary tarapyndan geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatlarynda düýpli seljermeleriň esasynda jikme-jik seredilip, pudaklary ösdürmek, alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek hem-de döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarydyr öňde goýan wezipelerini nazara almak bilen taýýarlanylan, 2021-nji ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň we çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.

Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini durnukly saklamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2021-nji ýylda ykdysadyýetiň pudaklarynda ýerine ýetirilmeli işleriň we çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Degişli ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine hem-de beýleki edaralara Meýilnamada göz öňünde tutulan işleriň we çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

19-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G. Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer şu aýda ykdysadyýetiň pudaklary tarapyndan geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatlarynda düýpli seljermeleriň esasynda jikme-jik seredilip, pudaklary ösdürmek, alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek hem-de döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarydyr öňde goýan wezipelerini nazara almak bilen taýýarlanylan, 2021-nji ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň we çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.

Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025--nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini durnukly saklamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2021-nji ýylda ykdysadyýetiň pudaklarynda ýerine ýetirilmeli işleriň we çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Degişli ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine hem-de beýleki edaralara Meýilnamada göz öňünde tutulan işleriň we çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Biz eziz Diýarymyzy gülläp ösýän mekana öwreris!

Watanymyzyň durnukly ösüşini we halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň baş maksadydyr. Bazar gatnaşyklaryna geçmek, häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän netijeli guramaçylyk-dolandyryş usullaryny, innowasion tehnologiýalary ulanmak, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilik we eksport ugurly kärhanalary döretmek ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. 15-nji fewralda döwlet Baştutanymyz Içeri işler ministrligine degişli Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkezine bardy we şol enjamlaryň nusgalary, häsiýetli aýratynlyklary hem-de ulanylyşy, enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy.

Ösüşiň esasy ugurlary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, şol sanda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösdürilmegine, alnyp barylýan işleriň kämilleşdirilmegine möhüm ähmiýet berýär. Muňa geçen anna güni hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren nobatdaky mejlisinde garalan meseleleriň, öňde goýlan wezipeleriň, kabul edilen çözgütleriň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Hökümetiň bu gezekki mejlisinde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Elbetde, hemişe bolşy ýaly, Hökümetiň mejlisinde garalýan meseleleriň we olar boýunça kabul edilýän çözgütleriň her biri ähmiýetli. Olar ilkinji nobatda, ösüşi hem-de ösüş arkaly belent sepgitlere ýetilmegini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Gel­je­gi uly hyz­mat­daş­lyk

18-nji few­ral­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gur­ban­gu­ly Ber­di­mu­ha­me­dow «Lu­koýl» açyk paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň ýol­baş­çy­sy Wa­git Alek­pe­ro­wy ka­bul et­di. Iş­jeň we ne­ti­je­li ýag­daý­da ge­çen du­şu­şy­gyň bar­şyn­da hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi ba­ra­da pi­kir al­şyl­dy. Ägirt uly yk­dy­sa­dy, ener­ge­ti­ka we ulag-lo­gis­ti­ka kuw­wa­ty­na eýe bo­lan, stra­te­gik taý­dan mö­hüm mer­kez ha­sap­la­nyl­ýan Ha­zar se­bi­ti ara alyp mas­la­hat­laş­ma­la­ryň esa­sy me­se­le­le­ri­niň bi­ri bol­dy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 19-njy fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer şu aýda ykdysadyýetiň pudaklary tarapyndan geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatlarynda düýpli seljermeleriň esasynda jikme-jik seredilip, pudaklary ösdürmek, alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek hem-de döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarydyr öňde goýan wezipelerini nazara almak bilen taýýarlanylan, 2021-nji ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň we çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň geçiren kabul edişlikleri

17-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowy kabul etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän sebit we dünýä gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Sebitleýin howpsuzlyk we durnuklylyk hem-de şunuň bilen baglylykda goňşy Owganystana kömek bermek baradaky meselelerde hyzmatdaşlyk etmek aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiziň geçiren kabul edişlikleri

17-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowy kabul etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän sebit we dünýä gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyz ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli hyzmatdaşlyk edip, häzirki döwrüň birnäçe meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini görkezýärler. Şunuň bilen baglylykda, halkara derejede ynanyşmagyň we özara goldaw bermegiň ýokary derejesi nygtaldy hem-de parahatçylygy, durnuklylygy we rowaçlygy üpjün etmegiň bähbidine abraýly halkara düzümleriň, şol sanda BMG-niň, GDA-nyň, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň hem-de beýlekileriň çäklerinde gatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanmalar tassyklanyldy.

Saýlawlara taýýarlyk: mynasyp dalaşgärler hödürlenýär

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk barha giň gerime eýe bolýar. Möhüm syýasy çäräniň çäklerinde dalaşgärleri hödürlemek dowam etdirilýär. Bu çäräniň barşynda kanun çykaryjy edaranyň wekilligine iň mynasyp dalaşgärler hödürlenilýär. Saýlaw kodeksine laýyklykda, dalaşgärleriň çäklendirilmedik sany ara alnyp maslahatlaşylýar. Dalaşgärlige abraýly, tutanýerli zähmet çekýän adamlar hödürlenilýär. Olaryň hatarynda tejribeli guramaçylar, hünärmenler, oba zähmetkeşleri, kärendeçiler, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş hem-de durmuş üpjünçiligi ulgamynyň, senagat, gurluşyk, aragatnaşyk we beýleki pudaklaryň wekilleri bar. Häzirki wagta çenli welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary tarapyndan Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň 48 mandatyna 81 dalaşgär hödürlenildi. Olaryň 15-si Ahal welaýatyndan, 15-si Balkan welaýatyndan, 9-sy Daşoguz welaýatyndan, 16-sy Lebap welaýatyndan, 15-si Mary welaýatyndan hem-de 11-si Aşgabat şäherinden hödürlenildi. Dalaşgärleri hödürlemek 2-nji marta çenli dowam eder, bellige almak bolsa 7-nji martda tamamlanar.

Hoşniýetli goňşuçylyk esasynda

Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowy kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň salamyny döwlet Baştutanymyza ýetirdi. Goňşy ýurduň Baştutany milli Liderimize hem-de dostlukly türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Hyzmatdaşlyk berkidilýär

Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi. Işjeň we netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy. Türkmenistanyň nebitgaz senagatynda amala aşyrylýan giň möçberli maksatnamalar hem-de düzümleýin taslamalar hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Şanly senäniň şanyna

Öňňin ýurdumyzda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni dabaraly ýagdaýda bellenip geçildi. Şol gün bu sene mynasybetli Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistanyň diplomatiýasy — onuň taryhy, häzirki döwri, geljegi» atly ylmy maslahat geçirildi. Foruma ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň baştutanlary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we mugallymlary, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahata şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň, milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Deňhukukly gatnaşyklara eýerip

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Açyk gapylar» syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň, Diýarymyzda giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagynyň netijesinde ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän döwletleriň, abraýly halkara guramalaryň sany barha artýar. Munuň şeýledigine şu günler sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän köpsanly duşuşyklar, gepleşikler we beýleki çäreler hem şaýatlyk edýär. Öňňin Daşary işler ministrliginde Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça söwda baradaky ýörite wekili hanym Emma Nikolsonyň ýolbaşçylygyndaky wekilleri bilen söwda-ykdysady meseleleri boýunça onlaýn duşuşyk geçirildi.