19-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, Mejlisiň Başlygyna söz berdi. Olar öz gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň netijeleri we hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdiler. Hasabatlaryň çäklerinde pudak edaralarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýlaryny yzygiderli seljermek hem-de iş ugurlaryny döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek, durmuş ulgamynyň ösüşine uly üns bermek we täze iş orunlaryny döretmek boýunça meýilleşdirilen çäreler, nebitgaz toplumyna degişli edara-kärhanalarda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça geçirilýän işler, möwsümleýin oba hojalyk işleri, şol sanda ýazky ekişe görülýän taýýarlyk, ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, ýerli çig malyň esasynda içerki we daşary bazarlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmak boýunça görülýän çäreler, «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny hem-de programma üpjünçiligini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy. Şeýle hem mart aýynda geçiriljek esasy çärelere we dabaralara hem-de medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyşyna taýýarlyk görlüşi, Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda welosiped sportuny ösdürmegiň Maksatnamasynyň hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň taslamasy, Türkmenistanyň BMG-niň durmuş ugurly käbir ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça geçirilýän işler, ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça parlamentiň alyp barýan işleriniň netijeleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş meseleleriniň çözülişi, Türkmenistanda azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň işini gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.