Ösüşiň esasy ugurlary

21 Fewral 2021
1199

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, şol sanda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösdürilmegine, alnyp barylýan işleriň kämilleşdirilmegine möhüm ähmiýet berýär. Muňa geçen anna güni hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren nobatdaky mejlisinde garalan meseleleriň, öňde goýlan wezipeleriň, kabul edilen çözgütleriň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Hökümetiň bu gezekki mejlisinde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Elbetde, hemişe bolşy ýaly, Hökümetiň mejlisinde garalýan meseleleriň we olar boýunça kabul edilýän çözgütleriň her biri ähmiýetli. Olar ilkinji nobatda, ösüşi hem-de ösüş arkaly belent sepgitlere ýetilmegini üpjün etmäge gönükdirilendir.

«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar