Gündogaryň nusgawy şahyrlary
24-nji oktýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň, Pakistanyň Parahatçylygy öwreniş we diplomatiýa institutynyň bilelikde guramagynda Pakistanyň Allama Ykbal adyndaky uniwersitetinde «Gündogaryň nusgawy şahyrlary Magtymguly Pyragynyň we Allama Ykbalyň döredijilik mirasy» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatda Pakistanyň Parahatçylygy öwreniş we diplomatiýa institutynyň prezidenti, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» ýubileý medalynyň eýesi Farhat Azif Nur, Pakistanyň Milli miras we medeniýet boýunça Federal sekretary Hasan Nasir Jamy, Türkmenistanyň Pakistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atajan Möwlamow we iki döwletiň ýokary okuw mekdeplerinden alymlar, döwlet, jemgyýetçilik wekilleri Magtymguly Pyragynyň hem-de Allama Ykbalyň döredijiliginiň umumylygy barada täsirli gürrüň etdiler. Çykyş edenler «Hemmämiz baharyň adamlarydyrys...» diýip, ynsanperwerligi öňe süren Allama Ykbalyň «Özüniň görkezmeleri» (Asrare Khudi»), «Özüniň syrlary», «Ýetimiň aglamasy», «Şem we perwana» ýaly edebi mirasy, onuň dünýäniň gurluşy baradaky pelsepewi pikirleriniň, jemgyýetçilik-syýasy garaýyşlarynyň Magtymgulynyň pikirleri bilen gabat gelýändigine, şeýle-de bu iki ägirdiň döredijiligine Gündogaryň beýik söz ussatlary Omar Haýýamyň, Nyzamy Genjewiniň, Hoja Ahmet Ýasawynyň, Nagyşbendiniň, Jelaleddin Rumynyň we beýlekileriň e