Hasyly sowlan mele toprakdan daýhanlaryň bu ýyl hem oljasy oňupdy. Yzda galan eňňerä çarwalar ýene mallaryny sürüpdiler. Hasyl toýuny goşalandyryp, çagyryş boýunça harby gullugyny tamamlap gelen Atamyradam Ogulbolsun ejäniň ojagyna dolanypdy. Toýlary toýa ulaşan obada lasyrdap duran gazanlardan burugsaýan buglar asmana göterilip, lemmer-lemmer bulutlaryň gujagyna siňdi.
Wagtyň salymy ýok, balalaryny minnetdar eden ene topragyň üstünde hä diýmän ýene-de traktorlar tarlar-da, daýhanlar işe başlar. Ana, onsoň Atamyradyň bedewden egsik eşegi hem gaňňalanar-da, sojap aňňyrmasyny bes eder. «Ata kesbi ogla halal» diýlişi ýaly, az-kem poslan pilem bihal ýatmasa gerek.