Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Watansöýüjiligiň belent nusgasy

Ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe watansöýüjiligiň, gahrymançylygyň şanly baýramy bolan Ýeňiş güni egsilmez joşgun, uly dabara bilen bellenilýär. Ýeňiş baýramy adamzadyň parahatçylyk, dostluk, belent ynsanperwerlik ýörelgeleriniň giň many-mazmunyny özünde jemleýär, halklaryň agzybirligini hem-de jebisligini alamatlandyrýar. Ýeňiş gününiň şanyna geçirilýän aýdym-sazly dabaralar, medeni-jemgyýetçilik çäreleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Geljek nesilleriň parahat we bagtyýar durmuşyny goran uruş weteranlary barada döwletimiz tarapyndan hemmetaraplaýyn alada edilýär, olaryň saglygyny goramak, dikeltmek boýunça zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Her bir güni milli we halkara ähmiýetli wakalara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem Ýeňiş baýramynyň şanyna baý many-mazmunly syýasy-jemgyýetçilik, medeni ähmiýetli çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Asylly däbe eýerilip, ýylyň-ýylyna 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň gahrymançylygy hem-de uruş ýyllarynda zähmet çeken ak saçly eneleriň görkezen nusgalyk edermenligi hormatlanyp, olara dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiziň adyndan pul serişdeleri, gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar.

«Gopuz alyp, beýik nagra çaldyrsam...»

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde türkmen halkynyň medeniýeti, durmuş we jemgyýetçilik esaslary, milli saz gurallarynyň atlary, gadymdan gelýän aýdym-saz sungatymyzyň mirasy bilen bagly gymmatly maglumatlar köp duş gelýär. Milli gymmatlyklary döredijiligiň belent we mertebeli basgançaklary bilen arşa galdyrýan şahyryň eserleri we çeper lirikasy kakylyp, üflenip, kemençeli, kirişli, barmaklaryň hereketleri bilen ýerine ýetirilýän, halypadan şägirde geçip gelýän gadymy, orta asyr saz gurallarynyň atlaryna baýlygy boýunça aýratyn tapawutlanýar. Akyldaryň döredijiliginde 10-dan gowrak milli saz gurallarynyň görnüşleriniň ady önümli wasp edilýär. Jadyly saz senediniň atlarynyň iň köp nusgalary ussadyň «Ýar senden» diýen şygrynda:

Ga­dy­my Äne­wiň mü­di­mi yk­ba­ly

«7/24. tm» №19 (206), 06.05.2024 TÜRK­SOÝ ta­ra­pyn­dan Änew şä­he­ri­niň «Tür­ki dün­ýä­siniň me­de­ni paý­tag­ty» diý­lip yg­lan edil­me­gi my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­jek da­ba­ra­la­ra ba­dal­ga be­ril­ýän gün­ler­de hor­mat­ly Prezidentimiziň «Änew — müň­ýyl­lyk­lar­dan göz­baş al­ýan me­de­ni­ýet» at­ly tä­ze ki­ta­by­nyň çap­dan çyk­ma­gy hem­me­le­ri be­gen­dir­di. Bu aja­ýyp ki­ta­byň üç dil­de — türk­men, iň­lis, rus dil­le­rin­de ýa­zyl­ma­gy bol­sa onuň iň esa­sy aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň bi­ri bo­lup, hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da myh­man bo­lup, türk­men ta­ry­hy we me­de­ni­ýe­ti bi­len gy­zyk­lan­ýan da­şa­ry ýurt­ly alym­lar­dyr me­de­ni­ýet-sun­gat we­kil­le­ri­niň hem ki­tap bi­len ýa­kyn­dan ta­nyş­ma­gy­na uly ýar­dam ed­ýär.

Bedewlere degişli esbaplar

Uýan — atyň kellesine geýdirilýän agyzdyrykly, uzyn goşa gaýyş bagly esbap. * * *

Kalbyň gözelligi

Türkmen halysy gelin-gyzlarymyzyň kalbyndaky gözellikden, ýüregindäki nuranalykdan dörän ajaýyp sungatdyr. Ol – öýümiziň, toýumyzyň bezegi, durmuşymyzyň ýaraşygy, çeper elli ene-mamalarymyzyň, gyz-gelinlerimiziň ussatlygynyň güwäsi. Şu gün 3-nji maýda Türkmen halysynyň milli muzeýinde  «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramaklarynda Aşgabat, Arkadag şäherlerinde, we welaýatlarda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän, şeýle-de ýurdumyzyň  ýaş halyçy gelin-gyzlarynyň arasynda  «Türkmen halysy – milli buýsanjymyz» atly  baýramçylyk sergi  bäsleşigi  geçirildi.

Änew sardobasy

1948-nji ýylda bolan ýertitremeden ozal Änew metjidi birnäçe gezek surata düşürilip, alymlar onuň binagärlik gurluşy, çeperçilik bezegi bilen içgin gyzyklanypdyrlar. Bu binagärlik toplumynyň töweregindäki şäher hem-de onuň derwezesinden görünýän görnüş hakyndaky maglumatlar taryhy ýazgylarda duş gelýär. Alymlaryň pikiriçe, eger Änewde Seýit Jemaleddin ýaly ajaýyp hem gözel binagärlik toplumy gurlan bolsa, onda bu şäheriň şol döwürlerde-de dünýäde saldamly syýasy agramy bolan bolmaly. XVIII-XIX asyrlarda ýaşaýjylar tarapyndan kem-kemden taşlanylyp gidilen galada ýaşaýyş ýuwaş-ýuwaşdan pese düşýär, şol sebäpli hem binada berkidiş-abatlaýyş işleri geçirilmändir. Taryhy çeşmelerde Änewiň töweregindäki tä Garaguma çenli uzap ýatan üzümçilik barada agzalýar. Munis-Agehi «Firdaus ul-Ykbal» atly kitabynda 1818-nji ýylda Muhammet Rahymy Änewi basyp almaga gelende, şäheriň ýaşaýjylarynyň hana üzümiň täze hasylyndan hödür edendikleri, hanyň bolsa Seýit Jemaleddin piriň hormatyna gala hiç hili zyýan ýetirmän, ýaşaýjylara şäheri sowgat edendigi barada ýazýar.

Amul – dost-doganlygyň owazy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda Türkmenistanda dünýäniň meşhur ylmy merkezleri, halkara guramalary bilen bilelikde, türkmen halkynyň gadymy taryhy, ynsanyýetiň medeni-ylmy hazynasyny baýlaşdyran medeni we ruhy gymmatlyklary, taryhy-medeni ýadygärlikleri düýpli öwrenilýär. Munuň şeýledigine şu ýylyň 26-njy aprelinde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesiniň» çäginde ýerleşen we özüne müňýyllyklaryň taryhyny siňdiren Amul galasynyň dünýäniň medeni ösüşindäki ornuna we ähmiýetine bagyşlanan «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy ösüşlerini dünýä ýaýmakda, özara tejribe alyşmakda, halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda forumyň ähmiýeti örän uly boldy.

Magtymguly – ynsan kalbynyň öçmejek nury

Asyrlaryň dowamynda uly-uly şäherleri gurup, taryhda öçmejek yzlar goýan ata-babalarymyzyň gurmak, döretmek ýörelgeleri bu günki bagtyýar zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalarynyň netijesinde täze many-mazmuna eýe bolýar. Bu gün halkymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy netijesinde Magtymguly atamyzyň arzuw eden döwletine, döwletliligine ýetdi. Halkymyzyň köküni çuňluklardan alyp gaýdýan belent çynardygyny äşgär edýän hakykatlaryň biri hem ynsan mertebesini ýokary götermek ugrunda akylyny, döredijilik ukybyny, kämil pähim-paýhasyny sarp eden, ähli eýýamlaryň akyldar ogly, parasatly şahyry Magtymguly Pyragydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzy ösüşlerden ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän başlangyçlary netijesinde ýurdumyzyň medeniýeti, sungaty, edebiýaty hem rowaçlyklara beslenýär. Munuň şeýledigini bolsa biz şu ýylyň şygarynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagynda hem aýdyň duýýarys. Çünki Magtymguly Pyragy beýik akyldar, şahyr hökmünde dünýä ýüzünde giňden tanalýar. Şeýle beýik şahsyýeti dünýä beren türkmen halkynyň beýikligi, gadymy hem müdimiligi, şöhratly taryhy, we röwşen geljegi Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde öz giň beýanyny tapýar.

Mis suw gaplary

Mirasym — hazyna-genjim Ençeme müňýyllyklary arka atan adamzat taryhy alymlar tarapyndan daş asyry, demir asyry, mis asyry, bürünç asyry ýaly döwürlere bölünendir. Adamlar ilkibaşda daşdan we agaçdan ýasalan gap-çanaklary öz hojalyklarynda ulanypdyrlar. Soň durmuşda mis we demir metallaryň özleşdirilmegi bilen, hojalykda gerek bolan dürli esbaplar ýasalypdyr. Esasanam, mis işlemäge ýeňil we çemli metal bolupdyr. Mis gazanlar, jamlar bilen bir hatarda, uzak ýerlerden suw daşamak we suw saklamak üçin niýetlenen mis suw gaplary hem durmuşda giňden peýdalanylypdyr. Bir saply, göwrümi giň, bokurdagy dar bolan mis suw gaplary uzak ýerlerden suw daşamak üçin amatly bolupdyr. Olaryň bokurdagynyň darlygy suwuň çaýkanmazlygyny üpjün edipdir. Ol suw gaplary «tüň» diýlip atlandyrylypdyr. Suw akýan ýerlerden gelin-gyzlar gollarynda we depelerinde suwdan doldurylan tüňleri göterip, öz hojalyklaryna suw daşapdyrlar.

Ylham — ýeňişlere badalga

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzyň kuwwatly ösüşleri bedew bady bilen öňe ilerleýär. «At — myrat», «At agynan ýerde toý bolar» diýip, ýagşy niýet-yrymlaryny bedew atlary bilen baglan türkmen halkynyň atçylyk bilen bagly ýörelgelerini, mirasyny, seýisçilik sungatyny nesilden-nesle geçirip gelmegi milli gymmatlyklaryň bir bölegine öwrülip galypdyr. Ahalteke bedewleri türkmen halkynyň durmuşy, medeniýeti, taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ata-babalarymyz bedew atlaryny maşgala agzasy hökmünde görüp, altyn-kümüş şaý-sepleri, haly önümleri bilen bezäp guwanypdyrlar. Şahyrlar şygyrlarynda bedewleriň gözelligini, ynsan ýaly duýgurlygyny, syzgyrlygyny, ýüwrükligini çeper wasp edipdirler. Atlary seýislemek başarnyklary bolsa, sungat derejesine ýetirilip, nesilden-nesle geçip gelýär. 2023-nji ýylyň dekabrynda ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi gadymy döwürlerden bäri türkmen atşynaslarydyr seçgiçileriniň tagallalary bilen döredilen behişdi bedewleriň janly sungat eseri hökmünde ykrar edilýändiginiň güwäsine öwrüldi. Asyrlaryň dowamynda kemala getirilen özboluşly däp-dessurlar, şol sanda atlary bezemek, mynasyp at dakmak däbi ahalteke bedewleriniň halkymyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýändigine şaýatlyk edýär. Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň

Şygyrlardan owazlanýar köňüller

Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň umman ýaly giň döredijiligi, umumadamzat ähmiýetli pikirleri, pähim-parasada ýugrulan öwüt-ündewleri nesilden nesle geçip, asyrlaryň dowamynda öwrenilýär. Akyldar şahyrymyz bütinadamzat ähmiýetli ajaýyp şygyrlary bilen diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň hem ýüreginden orun alan şahyrdyr. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede giňden bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda çeper söz ussadynyň edebi mirasyny has düýpli öwrenmek, giňden wagyz etmek, dünýä ýaýmak babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi giňdir, köptaraplydyr. Onda türkmen halkynyň geçmişi, geljegi öz beýanyny tapýar. Watansöýüjiligi, päk ahlaklylygy, halallygy, merdi-merdanalygy, ynsaplylygy ündän dana Pyragynyň şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti uludyr. Ýurt berkararlygy, il azatlygy baradaky oý-pikirler, arzuwlar bilen ýaşan şahyryň şygyrlarynda ata Watana, ene topraga, il-gününe çäksiz söýgi, uly buýsanç bar. Pyragy:

Ak bugdaýyň gadymy watanynyň waspnamasy

Bahar paslynyň ilkinji aýynda şaýat bolan taryhy wakalarymyz, hoş habarlarymyz, şol sanda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny sowgat bermegi biziň baý mirasymyzy, bahasyna ýetip bolmajak medeni-ruhy gymmatlyklarymyzy, gadymy mekanyň täze galkynyşlaryny dünýäde giňden wagyz etdi. Hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp eseriniň Halkara Nowruz gününiň bellenýän döwründe sowgat berilmegi 2024-nji ýylyň ylham-döredijilikli ýyllaryň biri boljakdygynyň güwäsidir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby tematik taýdan köpugurly bolup, onda getirilýän maglumatlar, beýan edilýän wakalar ylmy esasda, takyk subutnamalar bilen berilýär. Geçmiş, şu gün we geljek bir sapaga düzülip, yzygiderli beýan edilýär.

Türkmen elguşy bilen aw awlamak

Elguşly we tazyly aw milli medeniýetiň aýrylmaz bölegidir. Türkmenler geçen taryhy döwürlerde-de elguşly awçylyk sungatyna uly üns beripdirler. Şunda ýöriteleşdirilen guş türkmen laçynydyr. Ýyrtyjy guşlaryň kelte, ýiti uçly egri çüňki hem-de üçüsi öňe, biri yza gönügen barmaklaryndaky dyrnaklary awuny tutmaga gaýymdyr. Taryhy çeşmelere görä, Seljuk hanlary laçynly aw etmegiň inçe syrlaryny çuňňur öwrenipdirler. Olar aw-şikara çykanlarynda laçynlaryň eýesiniň her bir hereketine düşbüligi haýran galdyrypdyr. Laçynlar türkmen sährasynyň çöllük ýerleriniň beýik alaňly gyrlarynda, dag gerişlerinde we beýleki käbir ýerlerde höwürtgeleýärler. Bu guşlar Üstýurtdan tä Bathyza, Köpetdag dag eteklerinde, Uly Balkan sebitlerinde duşýar. Onuň höwürtgesi Köýtendagda hem ýüze çykaryldy.

Älemde meşhur, at gazanan halym

Haly türkmeniň düýni, şu güni, ertesi barada sözsüz beýan edilen sungat. Türkmen halylary asyrlaryň jümmüşinden gelen dana meňzeýär. Ol dymdygyça, şöhraty beýgelýär. Haly —  türkmeniň ýüregi, halkyň kalby. Kämillik derejesine göterilen bu sungat barada türkmeniň ýaýlyp ýatan sähralary, tebigaty sözsüz gür berýär. Halkyň ýürek owazyndan dörän halylaryň owazasy häzirki wagtda has-da dabaralanýar. Mälim bolşy ýaly, türkmeniň nusgawy hem-de döwrebap halylaryny dokamakda ýurdumyzda iň iri önümçilik hasaplanylýan «Türkmenhaly» döwlet birleşigi bu ugurda baý tejribeleri gazandy. Bu birleşigiň esasy wezipesi halkymyzyň geçmişini şu güni bilen berk baglanyşdyrýan bu sungaty geljekki nesillere has-da kämilleşdirip ýetirmek bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň çeper halyçylyk kärhanalarynyň 8-sinde elde dokalýan haly we haly önümleri öndürilýär. Birleşigiň çeper halyçylyk kärhanalarynda öndürilýän dürli nagyşly, şekilli we ýüz keşpli halylar hem-de sowgatlyk önümler bilen bir hatarda, türkmen halylarynyň nusgawy görnüşleri işlenilip taýýarlanylýar. Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň 6-njy aprelinde hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň kärhanalarynda önüm öndürmegiň meýilnamasy 104 göterim ýerine ýetirildi. Bu görke

Gahrymançylykly waka bagyşlanan gymmatlyklar

Türkmeniň müňlerçe ýyllyk taryhynda dünýä belli gymmatlyklarynyň biri hem gözellikde deňi-taýy bolmadyk gamyşgulak, ýel ýaly okgunly, çydamly, wepadar, ýyndam behişdi bedewlerimizdir. Ahalteke atlarymyzyň ençeme gezek dünýä ýüzünde geçirilen at çapyşyklarda ýeňiji bolup, ýurdumyzyň şanyna-şan, şöhratyna-şöhrat goşup gelýärler.

Beýik Pyragynyň ýolun yzarlap...

Magtymguly Pyragy diýlende, onuň keşbini taryha salan Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýew barada gürrüň etmän geçmeklik mümkin däl. Şu ýyl Aýhan Hajyýewiň 100 ýyllygy bellenilip geçildi. Bu iki ägirdiň bellenilýän tegelek seneleriniň gabat gelmegi ýöne ýerden däldir. Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň ady Türkmenistan bilen birlikde beýleki ýurtlara hem bellidir. Onuň eserleri türkmen nakgaşçylygynyň altyn hazynasynda görnükli orunlaryň birini eýeleýär. Nakgaşyň eserleriniň baş gahrymanlary zähmetkeş halk we türkmen halkynyň beýik şahyrlary Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy, Mollanepes, Seýdidir. Aýhan Hajyýew ýaşlygyndan surat çekmeklige höwesli bolupdyr. Şol wagtlar onuň ýaşan obasynda täze haly nagyşlaryny döretmek üçin bäsleşik yglan edilýär. Mugallymlar mekdep okuwçylarynyň bu bäsleşige gatnaşmaklaryny gazanypdyrlar. Bäsleşikde Aýhan Hajyýewiň çeken haly nagyşlaryny kabul edipdirler we ýokary baha beripdirler.

Milli ýörelgelerimize belent sarpa

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda haýyr-sogaba beslenen işleriň ençemesi durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine tamamlanyp barýan aprel aýynyň dowamynda Milli Liderimiziň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde açylan täze Seýit Jemaleddin metjidiniň, il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda täze gurlan metjitleriň açylmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Mukaddes Remezan aýynyň iň mübärek günleriniň biri bolan Gadyr gijesi mynasybetli aprel aýynyň 5-ine welaýatymyzyň Ruhubelent etrabynda täze gurlan metjidiň açylmagy biziň ählimizi diýseň buýsandyrdy. «Dowamat» hojalyk jemgyýetiniň işçi-hünärmenleri tarapyndan gurlan, ynsanlary jebislige, sahawatlylyga hem rehimdarlyga çagyrýan bu täze metjit «Ruhubelent» diýlip atlandyrylyp, onuň umumy meýdany 3 gektara barabardyr. Täze metjit bir wagtyň özünde 300 adama namaz okamaga mümkinçilik berýär hem-de onuň çäginde 300 adama niýetlenen sadaka jaýy hem halka hyzmat edýär. Täze metjide Arkadagly Gahryman hajy Serdarymyzyň adyndan ýörite awtoulaglaryň gowşurylmagy bolsa has-da buýsandyryjydyr. Döwrebap binagärlik çözgütleriniň we iň täze arhitektura tejribeleriniň milli ýörelgeler bilen utgaşdyrylmagynda gurlan metjidiň ýanaşyk ýerleriniň abada

Nepislik we täsinlik

Synlaýan suratyňyzda näme görýärsiňiz?! Elbetde, ajaýyp ahalteke bedewi ilki nazaryňy egleýär. Onuň aňyrsyndaky hereket edýän «janly» şekilleri gören bolsaňyz, aňyňyzda döräýjek sowal: «Elde ýerine ýetirilen işmik-ä ýa-da tehnologiýa arkaly döredilenmikä?». Onuň haly çitimleri bilen döredilen sungat işidigini bilip, «telpek goýanyňyzam», amaly-haşam sungatynyň düýbünden başga röwüş alandygyna göz ýetireniňizem bolar. Häzir tehnologiýanyň ösmegi netijesinde Ýer ýüzündäki sungat işleri bilen ýakyndan tanyşmaga uly mümkinçilik döredi. Şonuň üsti bilenem atlary haýbatly, gabarasy ondanam haşamly nakgaşlyk eserleri bilen tanşyp durýarys. Şol suratlara seredip alymlar, sungaty öwrenijiler biz üçin adaty suratlardanam birgiden many çykarýarlar. Onsoň Didargeldi Gutlyýewiň 2017-nji ýylda döreden «Pyýada» bedewi» atly haly portretini görüp, hyýalyňda bu işe nähili baha berlerkä diýen pikir dörese, sungaty aňlaýan-u-aňlamaýan adama «Abyrsyz zähmet-ä bardyr-ow» diýdirse gerek. Kendiriň ýüzünde ýa-da monitorda «janly» suratlary synlanam bolsak, Didargeldiniňki ýaly çitimler bilen döredilen sungat eserine köp gabat gelemzok. Ony döredäýmek her kime-her kime başartjak işem däl. Bu işiň üsti bilen türkmen halylaryna bolan öňden gelýän adaty garaýyşlarymyzyň özgermegine — onuň has-da nepis zynata öwrülendigine şaýat bolýarys. Şonuň üçinem awtora «Kesbiňden kemal tap!» diýýäris.

Kö­ňül ar­zy­ma­ny

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: ― Dana Pyragynyň eserleri bütin adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr.

Aýyt baý­ra­my (Hekaýa)

Munşi PREMÇAND, hindi ýazyjysy 1