1948-nji ýylda bolan ýertitremeden ozal Änew metjidi birnäçe gezek surata düşürilip, alymlar onuň binagärlik gurluşy, çeperçilik bezegi bilen içgin gyzyklanypdyrlar. Bu binagärlik toplumynyň töweregindäki şäher hem-de onuň derwezesinden görünýän görnüş hakyndaky maglumatlar taryhy ýazgylarda duş gelýär. Alymlaryň pikiriçe, eger Änewde Seýit Jemaleddin ýaly ajaýyp hem gözel binagärlik toplumy gurlan bolsa, onda bu şäheriň şol döwürlerde-de dünýäde saldamly syýasy agramy bolan bolmaly.
XVIII-XIX asyrlarda ýaşaýjylar tarapyndan kem-kemden taşlanylyp gidilen galada ýaşaýyş ýuwaş-ýuwaşdan pese düşýär, şol sebäpli hem binada berkidiş-abatlaýyş işleri geçirilmändir. Taryhy çeşmelerde Änewiň töweregindäki tä Garaguma çenli uzap ýatan üzümçilik barada agzalýar. Munis-Agehi «Firdaus ul-Ykbal» atly kitabynda 1818-nji ýylda Muhammet Rahymy Änewi basyp almaga gelende, şäheriň ýaşaýjylarynyň hana üzümiň täze hasylyndan hödür edendikleri, hanyň bolsa Seýit Jemaleddin piriň hormatyna gala hiç hili zyýan ýetirmän, ýaşaýjylara şäheri sowgat edendigi barada ýazýar.