Türkmen elguşy bilen aw awlamak

30 Aprel 2024
1232

Elguşly we tazyly aw milli medeniýetiň aýrylmaz bölegidir. Türkmenler geçen taryhy döwürlerde-de elguşly awçylyk sungatyna uly üns beripdirler. Şunda ýöriteleşdirilen guş türkmen laçynydyr.

Ýyrtyjy guşlaryň kelte, ýiti uçly egri çüňki hem-de üçüsi öňe, biri yza gönügen barmaklaryndaky dyrnaklary awuny tutmaga gaýymdyr. Taryhy çeşmelere görä, Seljuk hanlary laçynly aw etmegiň inçe syrlaryny çuňňur öwrenipdirler. Olar aw-şikara çykanlarynda laçynlaryň eýesiniň her bir hereketine düşbüligi haýran galdyrypdyr. Laçynlar türkmen sährasynyň çöllük ýerleriniň beýik alaňly gyrlarynda, dag gerişlerinde we beýleki käbir ýerlerde höwürtgeleýärler. Bu guşlar Üstýurtdan tä Bathyza, Köpetdag dag eteklerinde, Uly Balkan sebitlerinde duşýar. Onuň höwürtgesi Köýtendagda hem ýüze çykaryldy.

Akjemal HOJAKOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Maldarçylyk we weterinariýa ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar