Belent maksatlar rowaçlanýar
Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýäde uly abraý-hormata mynasyp boldy. Baky Bitarap Türkmenistan ynsanperwer ýörelgeler esasynda ählumumy abadançylygyň, ynanyşmagyň we Durnukly ösüşiň maksatlaryna kybap gelýän täze başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Şeýlelikde, ýurdumyz sebit hem-de dünýä möçberindäki, şol sanda abraýly halkara guramalarynyň çäklerindäki ynanyşmak arkaly işjeň hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny doly subut edip, häzirki döwrüň wajyp wezipeleriniň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamakda, tutuş dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň üpjün edilmeginde, Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetilmeginde işjeň orny eýeleýändigini aýan edýär. Häzirki döwürde Türkmenistan sebitde we dünýäde durnuklylygy hem ösüşi üpjün etmekde esasy orunlaryň birini eýelemek bilen, uly abraýdan peýdalanýar. Ýurdumyz tarapyndan bu ugurda amala aşyrylýan umumadamzat bähbidini nazarlaýan giň gerimli işler dünýäde uly goldawa mynasyp bolup, adamzadyň öňünde durýan sebitleýin we ählumumy häsiýetli meseleleriň çözgüdine saldamly goşant goşýar. Milli Liderimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işler, öňe sürülýän başlangyçlar bütin dünýäde giň goldawa eýe bolýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde biragyzdan kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasy muňa aýdyň şaý