Hoşniýetli başlangyçlaryň ykrarnamasy

22 Iýun 2021
1805

Gahryman Arkadagymyzyň daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Watanymyzyň halkara abraýy yzygiderli ýokarlanýar. Ýurdumyzyň «Açyk gapylar» syýasaty dünýäniň döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilikleri açýar. Bitarap döwletimiziň daşary syýasy strategiýasynyň esasy maksady dünýä ýurtlary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr.

Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, umumadamzat gymmatlygydyr. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykrar edilmegi ýurdumyzyň halkara derejesinde abraýynyň ýokarydygyny görkezdi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde bolsa, dünýä bileleşigine agza döwletleriň 193-siniň goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Kararnamasynyň gaýtadan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dünýä ýüzünde ykrar edilýändiginiň ýene-de bir gezek aýdyň beýany boldy.

Güljemal GARAÝEWA,
Halaç etrabyndaky ýöriteleşdirilen 34-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar