Ösüşleriň aýdyň ýoly

22 Iýun 2021
1703

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyz Watanymyzyň berkararlygy üçin döredijilikli zähmet çekýär. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz dünýäde we sebitde durnukly ösüş ýoluna düşen döwlet hökmünde ykrar edildi.

Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden Türkmenistan ösüşiň milli ýoluny saýlap aldy. Şonuň netijesinde ýurdumyzda ykdysady taýdan ösüşe gönükdirilen özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watanymyzyň köptaraply ösüşi ildeşlerimiziň kalbynda guwanç hem buýsanç duýgularyny oýarýar. Ýurdumyzyň her bir raýaty bu ösüşe goşant goşmaga çalşyp, yhlasly zähmet çekýär.

Sapargül ÇARYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar