Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Iň uzyn palma agaçlary

Tebigatda duş gelýän geň-enaýy täsinlikleriň biri-de, Kolumbiýa döwletinde ýerleşýän Kokora jülgesiniň 1800 – 2400 metr beýiklikdäki daglyk ýerinde ösýän, Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna giren palma (Ceroxylon quindiuense) agaçlarydyr. Bu palma agaçlary Kolumbiýa döwletiniň milliligi hasaplanylýar. Iň uzyn palma agajy başgaça «Kondioý mum örtülen palma» diýlip atlandyrylýar. Sebäbi bu agajyň sütüni mum bölüp çykarýar we özüni zyýankeş mör-möjeklerden goraýar. Iň uzyn palma agaçlarynyň beýikligi 50 metre çenli ýetip, olar onlarça kilometr uzaklykdan hem görünýärler. Palmanyň sütüni silindr şekilli bolup, ýere golaý böleginiň göwrümi 50 santimetre ýetýär. Bu palma agaçlary tebigy şertlerde 120 ýyla çenli ýaşamaga ukyplydyrlar.

Togdary

Türkmen tebigatynyň gözelligine görk goşýan guşlaryň biri hem togdarydyr. Togdary toklutaýlar maşgalasyna degişlidir. Bu guşlaryň göwresi sülgünden hindi towugynyň ululygyna çenli bolýar. Boýny we aýaklary uzyndyr. Kellesiniň, gursagynyň, ganatynyň öň taraplarynyň melemtil-çalrak, arkasynyň sarymtyl-mele, egrem-bugram çyzykly gara-ak ýelekleri bolýar. Depesinden, kellesiniň we boýnunyň yz tarapyndan döşlerine çenli sallanýan, uçlary şar gara, uzyn çalymtyl ak ýelekleri togdarylary aýratyn owadan we haýbatly görkezýärler. Togdary Türkmenistanyň, şol sanda Daşoguz welaýatynyň çöl ýerlerinde, Bötendag çöketliginde, goraghanalaryň aýratyn goralýan ýerlerinde duş gelýär. Ýöne olar ilatly ýerlerden gür çöpli, urpak ýerlerden, daglyklardan, jarlyklardan gaça durýarlar. Tekiz, gyr ýerlerde, alatakyrly düzlüklerde, ýowşanly ýa-da ýumşak otly baýyrlyklarda gezmegi halaýarlar. Howlukman, örän ätiýaçly gezýärler. Howp abanan ýagdaýynda örän çalt ylgap gaçýarlar. Uly togdarylar dürli gökje otlar, ösümlikleriň däneleri, meýdan otlarynyň tohumlary, şeýle-de mör-möjekler bilen iýmitlenýärler. Mäkiýan togdarynyň kürk bolýan döwri aprel aýynyň başlarynda başlanýar. Tekiz meýdanlarda ýowşandyr titir ýaly ösümlikleriň arasynda on-on bäş santimetrlik çuňlukda çukur gazyp, içine gury çöp baldaklaryny düşeýär. Köplenç iki-üç ýumurtga goýýar we ony diňe ene togdarynyň özi basýar. Mäkiýan togdarylar he

Ynsan bilen tebigat (Pel­se­pe dün­ýä­si)

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:«Te­bi­gat bi­ziň içi köz­li oja­gy­myz, rys­gal-be­re­ke­diň göz­ba­şy, gö­zel­lik çeş­me­si. Ba­ha­ryň aja­ýyp pur­sat­la­ryn­da türk­men te­bi­ga­ty­nyň gö­zel­li­gi söz bi­len be­ýan eder­den has be­lent­de» Bagt­ly ýa­şa­ma­gyň hem-de te­bi­gat bi­len yla­la­şyk­da ýa­şa­ma­gyň iki­si-de bir zat.

Ýedi reňkli ýaý

Mähriban çagalar! Ýagyş ýagmagynyň yz ýany emele gelýän ýarym tegelek görnüşindäki dürli reňkli älemgoşary gören bolsaňyz gerek?! Bu täsin tebigy hadysa Gün şöhleleriniň ýagyş damjalarynda döwülmegi netijesinde emele gelýär. Aslynda, bize sary bolup görünýän hem bolsa, Gün şöhlesiniň reňki ak bolýar. Ak reňkde gyzyl, sary, ýaşyl ýaly beýleki ähli reňkler jemlenendir. Ýagyş damjasy ol reňkleri bölüp, bize aýratynlykda görkezýär. Ýagny ýagyş damjalarynyň tebigy optiki prizma öwrülmegi bilen döreýär. Älemgoşarda, adatça, ýedi reňk bolýar: gyzyl, narynç, sary, ýaşyl, mawy, goýy gök we benewşe. Onuň reňkleri hem köplenç şu tertipde bolýar. Älemgoşaryň çür depesi, ýagny egrelýän ýeriniň ortasy 42 gradus bolup, ol gyzyl reňk daş, benewşe reňk iç tarapda bolýar. Kähalatlarda merkezi burçy 50 gradus bolan ikinji älemgoşar hem peýda bolýar. Ýagny goşa älemgoşar emele gelip, onuň biri has gowşak görünýär, reňk tertibi beýlekisiniň tersine bolýar.

Höwesjeň bagbanlar

Adaty bolmadyk agaçlary ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan höwesjeň bagbanlaryň ençemesi Gubadag etrabynda hem bar. Olaryň yhlasy netijesinde, öňki döwürde bu sebit üçin häsiýetli bolmadyk unaby, garaburç, dub, injir, nar, hoz, pisse, zeýtun ýaly agaçlar ösdürilip ýetişdirilýär. Şeýle bagbanlaryň biri hem etrabyň Baýdak obasynda ýaşaýan Soltan Ödekowdyr. Soltan aga indi ençeme ýyllardan bäri öz melleginde hoz agaçlaryny ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanyp gelýär. Onuň melleginde uly ýaşly hozlaryň 18 — 20 düýbi bar. Olar her ýyl bereketli hasyl getirýär.

Tebigatyň täsinlikleri

HER BIRI ÖZ DEREJESINDE TEBIPRowaýatlara görä, Isgender Zülkarneýin atlylary bilen uzak ýol söküp, ýaz paslynyň ilkinji günlerinde güneşli Diýarda düşleýär. Şonda togdarylaryň, käkilikleriň, sülgünleriň, bedeneleriň täsin owazy, keýiklerdir gulanlar, dag goçy serkerdäni haýrana goýýar. Tebigatyň gözel görküne melul bolup oturan serkerde: «Bu ýerler gül-pürçüge, bagy-bossanlyga baý. Şeýle tebigatda ýaşaýan adamlaryň hem kalby şu güller ýaly açykdyr, arassadyr. Olar juda sadadyr. Adamlary-ha däl, eýsem tebigatyň baýlygy bolan gül-gülälekleri hem depelemäň, ýabany haýwanlary-da ürküzmäň! Şu ýerden yzymyza dolanalyň!» diýipdir. Şeýle gözel tebigatyň ösümlik dünýäsinden, derde derman howasyndan dem alýan haýwanat dünýäsi däl, eýsem, ynsanlar hem derdinden saplanýar.

Ekologiýa abadançylygy — saglygyň goraglylygy

Ilatyň saglygyny berkitmekde daşky gurşawy goramaga aýratyn orun degişlidir. Tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak, ekologiýa abadançylygyny gazanmak häzirki döwrüň umumadamzat meselesidir. Munuň oňyn çözgüdini tapmak, tebigat bilen ynsan durmuşynyň sazlaşykly gurşawyny emele getirmek boýunça halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek Türkmenistanyň daşary hem içeri syýasatynda möhüm orun eýeleýär. Ol Durnukly ösüş maksatlarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen hem berk baglanyşyklydyr. Bu maksatlaryň ilkinjisi her bir adamyň sagdyn we tebigat bilen sazlaşykda, ekologiýa taýdan arassa, oňaýly daşky gurşawda ýaşamak hukugyny goramagy esasy ugur edinýär. Ekologiýa fiziologiýasynyň keselleriň öňüni almakda lukmançylygyň binýatlyk esasy bolup durýandygy nazara alnyp, ýurdumyzda tebigat bilen adamyň özara gatnaşygynyň umumy sazlaşygy döredilýär. Daşky gurşawy goramak boýunça oňyn başlangyçlar durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda tokaý zolaklaryny döretmek, seýilgähleriň çäklerini giňeltmek, baglara ideg etmek wezipesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu bolsa güneşli Diýarymyzyň ähli künjeklerinde ýakymly howa gurşawynyň döredilmegine ýardam edýär.

Tebigatyň zynaty

Adam göwni mydama gülleriň gözelligine maýyldyr. Şonuň üçin hem güller biziň durmuşymyzda uly orun alýar. Ähli döwürlerde-de adamlar gülleri näzik duýgularyny beýan etmekde ulanypdyrlar. Her gülüň, onuň reňkiniň aňladýan manysy bolupdyr. Gyzyl bägül söýginiň nyşany bolsa, myhaklar hormaty aňladypdyr. Çopantelpek şatlygy aňlatsa, çigildem salyhatlylygyň, nerkes öwünjeňleriň, men-menleriň güli bolupdyr. Gülleri ekinlerinde, howlusyndaky melleginde ýa-da öý şertlerinde ýörite gaplarda ekmek, şeýdip gül gözelligine ýakyn durmak adamlara mahsus ýagdaýdyr. Munuň üçin eýýäm gadym zamanlarda gülçüler seçgiçilik işlerini geçirip, ajaýyp gülleriň ýüzlerçe görnüşini döredipdirler. Bu işleriň netijesinde gülleriň keşbi has-da owadanlaşyp, köpdürli öwüşgin çaýylypdyr, olaryň bark urýan ysy bolsa seriňi howalandyrypdyr. Häzirki döwürde hem tekjeleri, penjireleriň öňi öý gülleriniň dürli görnüşleri bilen bezelen otaglaryň ýakymy has üýtgeşik bolup, gözüňi dokundyrýar.

Biler bolsaňyz...

Ýer ýüzünde gülleriň müňlerçe görnüşi adamlaryň göwnüni ganatlandyrýar, olaryň ýakymly ysy beýniňi sämedýär. Soňky döwürde adamlar gülleri köpeltmek bilen has içgin gyzyklanyp başladylar. Olar muny gülleriň göwün açyjy, ruhy lezzet beriji serişdedigi bilen düşündirýärler. Siz gülleriň her dürli ysyndan lezzet alansyňyz, ýöne şokolad ysyny berýän güli bilýärsiňizmi?! Şeýle gül bar, özem Meksikada kosmos maşgalasyna degişli. Şokolad ysly bu gülüň ýörgünli ady şokolad kosmosy, ol tebigy şertlerde ösýär. Sokoladyň ýakymly ysyny berýän bu gülüň uzynlygy ortaça 40—50 santimetre, ýapraklarynyň uzynlygy 7—15 santimetre ýetýär. Gülüň diametri 4,5 santimetrden geçmeýär. Gülüň reňki goýy gyzyldyr. Bu gülleriň ysy diňe adamlary däl, eýsem, haýwanlary we mör-möjekleri hem özüne maýyl edýär. Häzirki wagtda tebigatda gaty seýrek duş gelýän şokolad ysly gül medeni usulda has köp ösdürilip ýetişdirilýär. * * *

Reňkleriň täsiri

Adamlar dünýäni ýüz müň dürli reňkleri üçin söýýärler. Sebäbi reňkler biziň durmuşymyzy bezeýär, ömrümizi has-da gözelleşdirýär. Dünýädäki ähli zatlaryň öz reňki, öz sudury bar. Hatda şol bir zat hem birbada birnäçe öwüşginde bolup bilýär. Meselem, zenanlaryň iň söýýän gülleriniň biri bägülüň hem ak, gyzyl, sary, mämişi, gülgüne, hatda gök reňklisi hem bar. Reňkleriň köpdürlüligi dünýäni has täsin görnüşe getirýär. Adamzat hem tebigatdan reňkleri ulanmagy öwrenýär. Türkmen gelin-gyzlarynyň yhlas bilen dokaýan halylarynyň nagyşlary, gölleri, şeýle hem el işlerinde tebigatda bar bolan gülleriň, maýsalaryň, deňiz-derýalaryň, dag-düzleriň, janly-jandarlaryň keşpleri we reňkleri ussatlyk bilen peýdalanylýar.

Bezeg daşlary

Aragonit Aragonit daşy, adatça, benewşe reňkde bolýar, ýöne onuň ak, açyk ýaşyl aralyk reňkleri hem duş gelýär. Durulygy — öçük, sadappisint.

Ýyldyzlar näme diýýär? Size gowulyk garaşýar 2021-nji ýyl Maý

1. Hamal (Guzy 21.03—20.04) Maý aýynda hamallar ähli güýjüni döredijilige gönükdirmelidir. Bu aýda ýyldyzlar hamallara sabyrly bolmagy maslahat berýär.

Tebigatyň täsin heýkeli

Gahryman Arkadagymyzyň goldaw-hemaýaty bilen eziz Watanymyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän tebigy we taryhy ýadygärlikleri ylmy taýdan öwrenmäge hem-de keremli topragymyzyň goýnundaky syýahatçylyk ähmiýetli täsinlikleri dünýä wagyz etmäge giň şertler döredilýär. Şeýle ajaýyp mümkinçilikler ýurdumyzyň tebigatyna hem-de köp müňýyllyk taryhyna degişli henize çenli mälim bolmadyk täsin maglumatlary ýüze çykarmaga ýardam edýär. Köýtendagyň dagasty gowaklaryny ylmy taýdan öwrenmek boýunça geçirilen ylmy-gözleg işleriniň dowamynda mineral duzdan emele gelen taýçanagyň tebigy heýkeliniň — gymmat bahaly daşyň üstünden baryldy. Köýtendagda ululy-kiçili dagasty tebigy gowaklaryň onlarçasy bar. Olaryň has ululary Gapgotan, Aralyk, Haşymoýuk, Daşýürek hem-de Gülşirin gowaklarydyr. Köýtendagyň dag jynslary millionlarça ýyllaryň dowamynda gadymy deňziň düýbünde ýygnanan duzlardan, kökleri ene Ýeriň çuňluklaryna siňip gidýän deňiz otlarynyňdyr jandarlarynyň, balykgulaklaryň we beýleki galyndylaryň tebigy minerallara öwrülen daşlaryndan emele gelipdir. Gymmatlyga öwrülen şol mineral duzlaryň süňňüne tebigy ýagynlaryň aralaşmagy netijesinde karst gowaklary emele gelipdir. Dagasty gowaklarda howanyň ýylylygynyň we çyglylygynyň birsydyrgyn saklanmagy netijesinde suw bugarýar hem-de ol howanyň çekýän ugruna süýşüp, soňra belli bir ýerlerde damja öwrülýär. Millionlarça ýyllaryň dowamynda şu tebigy

Tebigatyň «gözleri»

Tebigaty goramak, oňa aýawly çemeleşmek her bir adamyň mukaddes borjudyr. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda düýpli işler durmuşa geçirilýär. Watanymyzyň çar künjeginde miweli we saýaly agaç nahallary oturdylyp, ösdürilip ýetişdirilýär. Häzirki döwürde çylşyrymly önümçilikleriň köpelmegi tebigata has eserdeň çemeleşmegi talap edýär. Şonuň üçin-de tebigatyň hak hossarlary — halkara, jemgyýetçilik guramalary, birleşikler daşky gurşawy abat saklamak, janly-jandarlary aýamak baradaky işleri giňden ýaýbaňlandyrýarlar. Ozaldan dowam edýän goraghanalaryň işini gowulandyrmak, möhüm ýerlerde täze goraghanalary açmak, bu ugra degişli dünýä möçberindäki kadalaşdyryjy resminamalary işläp düzmek, seýrek gabat gelýän haýwanlaryňdyr ösümlikleriň döwürleýin hal-ýagdaýy baradaky ylmy gözleglerdir hasabatlary alyp barmak ýaly wajyp çäreleri amala aşyrýarlar.

Bag ekjek

Her ýyl tomusky dynç alşyny Myrat obada atasynyň ýanynda geçirýär. Ol oba durmuşyny hem şäher ýaşaýşynyň gyzygy ýaly diýseň gowy görýär. Obanyň jana şypaly tämiz howasy, owadan tebigaty, ir bilen dag tarapdan öwüsýän mylaýym säher şemalyna çalaja yranýan baglardaky saýraýan guşlaryň owazy, al-ýaşyl meýdanda bark urýan gül-gülälekleriň gözelligi onuň kalbyny heýjana salýar. Ylaýta-da, oba adamlarynyň kiçigöwünliligi, myhmansöýerligi oňa şeýlebir ýaraýar. Obanyň gözelligine gözellik goşmak Myradyň mydama arzuwy. Bir gün ol ir bilen eline pil alyp, howlukmaç nirädir bir ýere ugramakçy boldy. Atasy: «Köşegim, eliňe pil alyp, gyssagly nirä barýarsyň?» diýip sorady. Myrat: «Ata, men ussat şahyrymyzyň sargydyny berjaý etmäge barýan» diýip ýylgyrdy. Atasy geňgalyjylyk bilen: «Ol haýsy şahyryň sargydy, oglum?» diýip, agtygynyň jogabyna garaşdy. Myrat: «Arada mugallymymyz hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülýändigi barada gürrüň berende, şahyr Gara Seýitliýewiň «Adam we ýadygärlik» diýen goşgusyny ýatlap: «Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär, Dünýä kitabynda onuň ady bar» diýip, goşgy setirleri bilen düşündirdi. Nahal ekip, obamyzyň gözelligine görk goşýan obadaşlarymyzyň zähmetine menem goşandymy goşasym gelýär. Her gezek oba gezelenje gelenimde öz eken baglarymyň gözelligine guwanasym gelýär» diýip, pikirini aýtdy. Onuň bu sözlerini buýsanç bilen diňläp

Durnalar

Gökde uçup barýan durnalary görmek ynsana özboluşly duýgy bagyşlaýar. Her gezek göreniňde, sazlaşyp çykýan «gyrruw-gyrruw» seslerini, toýnuk şekilli hataryny haýran galman synlamak mümkin däl. Halkymyz durnalar hem-de olaryň göçi hem uçuşy bilen köp durmuş wakalaryny, ýagny gözellik, agzybirlik, sag-aman yzyňa dolanmak, bir başa bakmak ýaly ýagdaýlary baglanyşdyrýarlar. Biz durnalaryň hataryny her ýylda iki sapar görýäris. Ol durnalaryň göç uçuşlary bolmak bilen, güýzde — yssy ülkelere göçüşi, baharda ýene-de dolanyp gelşi bilen baglanyşyklydyr. Durnalar guşlaryň diýseň täsin görnüşleriniň biridir. Olar guşlar maşgalasynyň durna şekilliler toparyna degişli bolmak bilen, örboýuna duran mahaly boýy 90-115 santimetre ýetýär. Iň iri durna hasaplanýan ak durnalaryň agramy 10 kilograma çenli bolup, ganatynyň gerimi 200-260 santimetre, boýy 120-140 santimetre ýetip bilýär. Durnalaryň guýrugy kelte bolýar. Olar aglaba açyk meýdanda, sähra ýerlerinde, suwly ýerlerde ýaşap, däne, ot, miweler bilen iýmitlenýärler. Durnalaryň täsin bir gylygy bardyr. Synçy awçylaryň gürrüň bermegine görä, haçanda olar topar bolup gije-girim suwly ýere gonanlarynda, olaryň biri «nobatçylyk» çekip, çüňkünde kiçijik daşjagazy saklaýar. Eger-de, ýaş, jüýje durnalaryň biri çala irkiläýse, jürnügi daşly durna saklap duran daşjagazyny suwa gaçyrýar. Jülpüldäp suwa düşen daşjagazyň sesine irkilen ýaş durna oýanýar

Domalan — ýaz gözelligi

Bahar paslynyň kalbyňy heýjana salýan, gözelligine bendi edýän jadysy bar. Dag-dereler ýaşyl begres geýende, durnalar gykuwlaşyp gelende, lemmer-lemmer bulutlar süýşüp, kükräp-kükräp bahar çabgasy ýaganda kalbyňda üýtgeşik duýgular döreýär. Bu döwürler ýaýlalaryň gözelligi üýtgeşik öwüşgin alýar, tebigatda seýrek duş gelýän ösümliklere hem duş gelmek bolýar. Şeýle ösümlikleriň hatarynda domalan we gara domalan bolup, olar ýitmek howpunyň abanmagyna ýakyn görnüş hökmünde Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň üçünji neşirine girizilendir. Terfeziýalar maşgalasyna degişli bolan domalanyň miwesi etlek, bedeni ýeralma şekilinde, ilkibaşda açyk, ýetişenden soň ýapylýan, hoz bilen ýeralma aralygyndaky ululykda, togalak şekilli iýilýän kömelekdir. Bu kömelegiň ýerasty miwe bedeniniň daşy derijimek we ýylmanak örtükli, içi etlek, agymtyl-garamtyl zolaklardan, çylgymlardan ybarat bolýar. Domalan garaýylak-gyrtyç-efemer iri otly ýa-da efemer-garaýylak-gyrtyç-ýowşan ösümlik toplumly toýunsow we çägesöw topraklarda bitýär. Domalan ösüşi tiz tamamlanýan hakyky efemeroid häsiýetli kömelek bolup, diňe ygal bol ýagýan ýyllarda ýaz aýlarynda köpçülikleýin duş gelýär. Türkmen tebigatynyň täsin ösümlikleriniň ýene-de biri seýrek duş gelýän gara domalan bolup, iýilýän kömelege degişlidir. Ol hozuň ululygyndaky togalagrak, ýerasty miwe bedeni ilkibaşda açyk, ýetişenden soň ýapyk görnüşe geçýär. Miwe bede

Jümle-jahan habarlary

Dünýäniň iň uzyn agajy Giperion agajy Ýer ýüzündäki iň uly agaç hasaplanylýar. Ol bu ady 2006-njy ýylyň 25-nji awgustyndan bäri göterýär. Demirgazyk Amerikada ösýän giperionyň beýikligi 115,61 metre, ýogynlygy 4,84 metre, göwrümi bolsa 502 kub metre barabar. Emma degişli ölçeglere laýyklykda onuň ýaşy uly hasaplanmaýar. Onuň bary-ýogy 700-800 ýaşy bar. Adatça, bu görnüşli pürli agaçlar 4 müň ýyla çenli ýaşamaga ukyply. Emma tebigaty öwrenijileriň bellemeklerine görä, giperion indi boý almasyny bes eder. Çünki daşdeşenler agaç sütüniniň ýokarsyny oýup, onuň ösmegine zyýan ýetiripdirler. Şonuň üçin hem ol indi diňe inine ulalar. Bu bolsa ýene-de birnäçe ýyldan birinjiligi «gelios» atly agaja geçirmäge mümkinçilik berer. Çünki häzirki wagtda uzynlygy boýunça dünýäde ikinji orunda durýan gelios bir ýylda 2 dýuýma çenli ösýär.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +9... +14 gradusdan +15... +20 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +28... +33 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +23... +28 gradus maýyl bolar.

So­wul­maz ýaz­ly ilim

Tebigatyň her paslynyň özüne mahsus gözelligi bar. Taňrynyň nazary düşen Diýarymyz bahar aýlary has-da gözel görke gelýär. Sebäbi owadan bahar özi bilen bagtyýarlygyň giden bir dünýäsini alyp gelýär. Baharyň gelmegi bilen Zemine ýyly girip, tebigat janlanýar. Töwerek-daş özgerýär. Bir tarapy jana derman bal suwly Jeýhun, beýleki bir tarapy goýny genji-hazynaly Hazar deňziniň arasyndaky jenneti mekanda ýaşaýarys. Bu mekanyň ilersinde arşyň-kürsüň merduwan sütüni Köpetdag seleňläp otyr, gaýrasynda gülýaka ýaly Günüň guşlap, epgegiň haşlap, ençe kerweniň düşläp geçen sährasy, ulgam-ulgam alaňdyr aklaňlaryň ojagy, Hydyr nazary düşen bereketli Garagum ýaýylyp ýatyr. Belent başly dag jülgelerinde käkilikler kah-kah urup, jerenler gatbar-gatbar dereleriň ýüzünde aga-ýana gezim edýärler. Müň dürli gül-gunçaly, ir-iýmişli baglary göreni özüne bendi edýär.Gözýetim bilen gujaklaşýan sähralarynda mallar agyp-dönýär, ekin meýdanlaryndan bal akýar. Türkmen ýurdunyň şeýle gözel tebigaty bardyr.