Türkmen tebigatynyň gözelligine görk goşýan guşlaryň biri hem togdarydyr. Togdary toklutaýlar maşgalasyna degişlidir. Bu guşlaryň göwresi sülgünden hindi towugynyň ululygyna çenli bolýar. Boýny we aýaklary uzyndyr. Kellesiniň, gursagynyň, ganatynyň öň taraplarynyň melemtil-çalrak, arkasynyň sarymtyl-mele, egrem-bugram çyzykly gara-ak ýelekleri bolýar. Depesinden, kellesiniň we boýnunyň yz tarapyndan döşlerine çenli sallanýan, uçlary şar gara, uzyn çalymtyl ak ýelekleri togdarylary aýratyn owadan we haýbatly görkezýärler.
Togdary Türkmenistanyň, şol sanda Daşoguz welaýatynyň çöl ýerlerinde, Bötendag çöketliginde, goraghanalaryň aýratyn goralýan ýerlerinde duş gelýär. Ýöne olar ilatly ýerlerden gür çöpli, urpak ýerlerden, daglyklardan, jarlyklardan gaça durýarlar. Tekiz, gyr ýerlerde, alatakyrly düzlüklerde, ýowşanly ýa-da ýumşak otly baýyrlyklarda gezmegi halaýarlar. Howlukman, örän ätiýaçly gezýärler. Howp abanan ýagdaýynda örän çalt ylgap gaçýarlar. Uly togdarylar dürli gökje otlar, ösümlikleriň däneleri, meýdan otlarynyň tohumlary, şeýle-de mör-möjekler bilen iýmitlenýärler. Mäkiýan togdarynyň kürk bolýan döwri aprel aýynyň başlarynda başlanýar. Tekiz meýdanlarda ýowşandyr titir ýaly ösümlikleriň arasynda on-on bäş santimetrlik çuňlukda çukur gazyp, içine gury çöp baldaklaryny düşeýär. Köplenç iki-üç ýumurtga goýýar we ony diňe ene togdarynyň özi basýar. Mäkiýan togdarylar her gezek höwürtgelerine örän hüşgärlik bilen golaýlaşýarlar. Birden höwürtgäniň töwereginde üýtgeşiklik duýaýsalar, şobada ýere ýapyrylýarlar we göz açyp-ýumasy salymda ot-çöplere sümlüp, zym-zyýat bolýarlar. Ol örän duýgur guş. Eger ýumurtgalaryny adam ellän bolsa, ol ýere gaýdyp gelmeýärler. Ýumurtgalaryny basyp başlandan soň 28 — 30 günde jüýje çykýar. Jüýjelere diňe mäkiýan togdarylar seredýärler. Horazlary ikiden-üçden bileleşip, iýulyň ahyryna çenli özbaşdak gezýärler. Soň ýene-de jüýjelerini ýetişdiren mäkiýan togdary bilen goşulyşyp başlaýarlar.