Domalan — ýaz gözelligi

20 Aprel 2021
2159

Bahar paslynyň kalbyňy heýjana salýan, gözelligine bendi edýän jadysy bar. Dag-dereler ýaşyl begres geýende, durnalar gykuwlaşyp gelende, lemmer-lemmer bulutlar süýşüp, kükräp-kükräp bahar çabgasy ýaganda kalbyňda üýtgeşik duýgular döreýär. Bu döwürler ýaýlalaryň gözelligi üýtgeşik öwüşgin alýar, tebigatda seýrek duş gelýän ösümliklere hem duş gelmek bolýar. Şeýle ösümlikleriň hatarynda domalan we gara domalan bolup, olar ýitmek howpunyň abanmagyna ýakyn görnüş hökmünde Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň üçünji neşirine girizilendir.

Terfeziýalar maşgalasyna degişli bolan domalanyň miwesi etlek, bedeni ýeralma şekilinde, ilkibaşda açyk, ýetişenden soň ýapylýan, hoz bilen ýeralma aralygyndaky ululykda, togalak şekilli iýilýän kömelekdir. Bu kömelegiň ýerasty miwe bedeniniň daşy derijimek we ýylmanak örtükli, içi etlek, agymtyl-garamtyl zolaklardan, çylgymlardan ybarat bolýar. Domalan garaýylak-gyrtyç-efemer iri otly ýa-da efemer-garaýylak-gyrtyç-ýowşan ösümlik toplumly toýunsow we çägesöw topraklarda bitýär. Domalan ösüşi tiz tamamlanýan hakyky efemeroid häsiýetli kömelek bolup, diňe ygal bol ýagýan ýyllarda ýaz aýlarynda köpçülikleýin duş gelýär. Türkmen tebigatynyň täsin ösümlikleriniň ýene-de biri seýrek duş gelýän gara domalan bolup, iýilýän kömelege degişlidir. Ol hozuň ululygyndaky togalagrak, ýerasty miwe bedeni ilkibaşda açyk, ýetişenden soň ýapyk görnüşe geçýär. Miwe bedeniniň daşky bölegi garamtyl, derijimek gatlagy emele getirip, bu gatlagyň ýüzi büdür-südür ýa-da “siňňilli” görnüşde bolýar. Kömelegiň içi etlek, mermer daşyna meňzeş agymtyl-garamtyl zolakly we çylgymly bolýar. Ýetişen sporalary miwe bedeni doly dargandan soň ýaýraýar. Domalan Sarahsdan Etrege çenli Köpetdagyň etegi we dag etek düzlüklerinde, şeýle-de Sumbar we Hojagala jülgelerinde ýaýrandyr.

Tirkişmuhammet NURYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar