Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Gowaçanyň täze sortunyň üstünde işleýäris

Pagtaçylyk — düşewüntli pudak. Ylaýta-da, inçe süýümli pagta gymmatlylygy bilen tapawutlanýar. Inçe süýümli gowaça süýümi dokma senagaty kärhanalary üçin gymmatly çig mal hasaplanýar. Ýüpek pagtanyň döwlet tarapyndan satyn alnyş nyrhy orta süýümli (nah) pagtanyňkydan ep-esli ýokarydyr. Inçe süýümli gowaçanyň süýüminden iň nepis ýüpek matalar dokalýar. Ýüpek pagtany ekmegiň daýhana-da, döwlete-de ykdysady taýdan örän ähmiýetlidigini aýratyn belläp geçmek gerek. Inçe süýümli pagtadan orta süýümli pagta garanyňda, matany tas 2 essä golaý köp alyp bolýar.

Dolanyşyk donuna dolanan

«Köňül köle sary» hekaýalar toplumyndan Topraga tagzym edip, onuň bilen dil tapyşýan daýhan ýeri ýerlikli ulanmagyň ussady. Azaby abraý, deri dür. Yhlas eder her işde, gazanýany bol serişde. Alkyşly işleriň aňyrsy ahyrlamaýar. Topraga hyzmat, ekine ideg etmek onuň baş çelgisi. Ekin dolanyşygy usulyny ulanmak topragyň talaby, ekiniň islegi, daýhanyň daýanjy. Ýer bozurgar, hasyl eçiler, daýhanyň bagty açylar.

Oba hojalygy: täze hasylyň aladasy

Ýer rysgal eçilýär Hormatly Prezidentimiziň obasenagat toplumyny çalt depginlerde ösdürmek, daýhany ýerden alýan bereketli hasylyna görä barha gurplandyrmak hakyndaky görkezmelerinden ugur alyp işleýän oba hojalykçylar ýeriň hasyllylygyny artdyrmak üçin tutanýerli zähmet çekýärler. Tejribeli ekerançy Hakmyrat Halmyradow hem indi köp ýyllardan bäri Baýramaly etrabynyň “Merw” daýhan birleşiginiň çägindäki alty gektar ýerden bugdaýyň we pagtanyň bol hasylyny alyp gelýär. Ýeriň eçilýän rysgal-döwleti maşgalanyň ähli agzalarynyň ruhuny belende göterýär. Şonuň üçinem topraga zähmet derini siňdirmeli bolanda halypanyň aýaly Amangözel Halmyradowa, ogullary Şamyrat, Baýmyrat, gelni Ogulnyýaz uly höwes bilen işleýärler. Olar agzybirlikde zähmet çekip, ýeriň talabalaýyk bolmagyny gazanýarlar. Topragyň endiganlygy, onuň dürli dökünler bilen yzygiderli gurplandyrylmagy, tehnikanyň hyzmatynyň dowamly ýola goýulmagy ýeriň göwün diýen hasyly eçilmegine mümkinçilik döretdi.

Möwsümiň bosagasynda

Golaýda Türkmenistanyň Oba hojalyk we tebigaty goramak ministrliginiň hem-de welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda okuw maslahaty geçirildi. Dört ýerde — Çärjew, Dänew, Kerki, Döwletli etraplarynda guralan tutumly çärä etrap häkimlikleriniň jogapkär işgärleri, daýhan birleşikleriniň baş agronomlary, pagta arassalaýjy zawodlaryň, galla kabul ediş nokatlarynyň agronomlary, ösümlikleri goramak gullugynyň işgärleri gatnaşdylar. Okuw maslahaty gowaça we güýzlük bugdaýy ösdürip ýetişdirmek, ekinlerden bol hasyl almak, tehnikalary ekişe göreldeli taýýarlamak, ösümliklere zyýan berýän mör-möjeklere garşy göreşmek boýunça öňde durýan jogapkärli wezipelere bagyşlandy.

«Sary altyn»

Adamzat jemgyýeti özüniň ösüş taryhynda oba hojalyk ekinleriniň müňlerçe görnüşlerini ösdüripdir. Olaryň arasynda has gymmatly görnüşiniñ biri-de şalydyr. Däneli ekinleriñ arasynda şaly iñ ýokary mukdarda krahmaly saklaýşy we ýokary kaloriýalylygy bilen tapawutlanýar. Şalynyñ dänesindäki krahmal örän ýokumlylygy, aňsat özleşdirilýändigi bilen hem beýleki dänelilerden tapawutlanýar Şaly ekininiň duza çydamlylygynyň ýokary bolmagy ony şor ýerleriň duzuny ýuwup özleşdirmekde giňden ulanmaga mümkinçilik berýär. Şalynyň basdyrylyp suwarylmagy netijesinde, şol topragyň duzy ilkinji gününden başlap ýuwlup başlaýar. Şonuň üçin ony täze özleşdirilýän şor ýerlerde ösdürip ýetişdirmek has peýdalydyr. Şeýle edilende, şor ýeriň duzy gowy ýuwulýar we ony ekin dolanyşygynda has netijeli ulanyp bolýar. Şor ýerleri şaly ekmek bilen özleşdirmek suwy rejeli peýdalanmaga hem ýardam edýär. Belli bolşy ýaly, ýurdumyzda dürli derejede şorlaşan ýeriň duzuny ýuwmak güýz-gyş aýlary geçirilýär. Şorlaşan ýerleri ýuwmak üçin köp mukdarda suw gerek bolýar. Şeýle köp suwy meýdana bir wagtda berip bolmaýar. Şeýle hem ýuwuş suwunyň howanyň salkyn we sowuk döwri geçirilýändigi zerarly, eremesi kyn bolan käbir duzlary toprakdan ýuwup aýryp bolmaýar. Şaly ekilmegi bilen şorlaşan ýerleri ýuwmagyň yssy döwründe geçirilýändigi zerarly duzlaryň eremesi we ýuwulmagy aňsat bolýar.

Maýsalar boý alýar

Bäherden etrabynda ak ekinlere ideg etmek işleri ekerançylygyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar. Etrap boýunça däne ýetişdirilýän 21 müň 100 gektardaky ýaşajyk maýsalar kadaly boý alýar. Ösüş suwlarynyň agrotehniki möhletlerde tutulmagy bu babatda uly ähmiýete eýedir. Häzirki günlerde 3-nji ösüş suwy tutulýar. Gallaçy kärendeçiler ak ekinleri ösüşi kadalaşdyryjy dökünler bilen hem kadaly iýmitlendirýärler. Bu işler etrabyň Şaja Batyrow, S.A.Nyýazow adyndaky, şeýle-de «Zähmet» daýhan birleşiklerinde ýokary guramaçylykda alnyp barylýar.

Ylym we tejribe

Mallaryň önüm berijiligini artdyrmak ugrunda Milli Liderimiziň görkezmelerinden ugur alyp, ýurdumyzyň maldarlary mallaryň baş sanyny we olardan alynýan önümleriň mukdaryny artdyrmak, maldarçylykda tohumçylyk işini kämilleşdirmek ugrunda uly tagalla edýärler. Türkmen oba hojalyk institutynyň okuw-tejribe hojalygynda hem mallaryň kesellerini anyklamak we bejermek kafedrasynyň mugallymy Meretmät Meretmädowyň ýolbaşçylygynda gara mallaryň saglygyny gorap saklamak, önüm berijiligini ýokarlandyrmak we ýokary önüm berýän mal sürülerini döretmek maksady bilen «Çydamly, kesellere durnukly ýokary önümli gara mallaryň gatyşyk toparyny döretmek» atly ylmy iş alnyp barylýar. Onuň çäklerinde ilkinji gezek ýerli gara mallaryň garyşyk tohumlaryny ýokary önüm berýän iri şahly mallaryň gara-ala golştin tohumly öküzleri bilen tohumlandyryp, olaryň tohum hilini gowulandyrmak işleri, mallaryň fiziologik, önüm berijilik, iýmitlendiriş we saklanyş aýratynlyklary, kesellere durnuklylygy, daşky gurşawyň täsirleri öwrenilýär.

Jogapkärli möwsüme taýýarlyk

Gowşamaýan depgindeBoldumsaz etrabynyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynda şu günler oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny abatlamak, olary degişli möwsüme taýýarlamak işleri gowşamaýan depginde alnyp barylýar. Kärhananyň garamagynda sürüm traktorlarynyň 32, bejergi traktorlaryň 27, däne ýygýan kombaýnlaryň 35, pagta ýygýan kombaýnlaryň bolsa 26 sanysy bolup, olaryň ählisi taýýarlyk hataryna çykaryldy. Şeýle hem bu ýerde daýhan birleşikleriniň tehnikalaryny, borona-malalaryny abatlamak işleri amala aşyrylýar. — Kärhanamyzyň işçileri ekerançylykda tehnikanyň ähmiýetiniň juda uludygyna oňat düşünýärler. Şonuň üçin hem olaryň abatlanylyşynda aýratyn yhlaslylyk görkezýärler. Bu işiň abyny-tabyny kemsiz ele alan Artyk Nurbaýew, Otuzbaý Zarybaýew, Rejep Ýegenmedow we beýlekiler abatlaýşyň ýokary hilli bolmagyny hemişe üns merkezinde saklaýarlar. Biz ýakynlaşyp gelýän ýaz ekişi möwsümini hemmetaraplaýyn taýýarlyk bilen garşylamagy maksat edinýäris — diýip, tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň baş inženeri Begenç Täçgeldiýew gürrüň berýär.Jumamyrat REJEPOW,TAP-niň Boldumsaz etrap komitetiniň hünärmeni.

Maldarlaryň gyş aladalary

Mallar dok gyşladylýar Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşigine degişli “Maldar” maldarçylyk hojalygynyň bu ugurdan baý iş tejribeli adamlary Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda mallary talaba laýyk gyşladýarlar. Olar öz wagtynda taýýarlanylan 38 müň tonna ätiýaçlyk otdan netijeli we tygşytly peýdalanýarlar. Dowarlaryň gyşladylýan ýerlerinde ýerleşdirilen ot mallaryň dok gyşladylmagyna uly goldaw bolýar. Bu babatda aýratyn hem Serhetabat, Tagtabazar, Sakarçäge, Wekilbazar “Maldar” maldarçylyk hojalyklarynda görelde alarlykly işler durmuşa geçirilýär. Welaýatymyzyň maldarlarynyň jogapkärli döwürdäki alyp barýan işleri örän abraýly. Olaryň dowardarlary we beýleki mallarynyň zähmetsöýer eýeleri howanyň amatly günlerinde ýaýlalarda sürüleri aga-ýana bakýarlar. Munuň şeýledigine aýratyn hem düýedarçylyga ýöriteleşdirilen Sakarçäge “Maldar” maldarçylyk hojalygynda oňat göz ýetirilýär.

Möhüm pudagyň netijeliligi

Ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ýokary girdejili pudaga öwürmek, obasenagat toplumynyň köpugurly mümkinçiligini herekete getirmek üçin ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny, iň oňat dünýä tejribesini giňden ornaşdyrmak boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär. Bu wezipeleri amala aşyrmak üçin ekologiýany goramaga, tohumçylyk işinde innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga, ösümlikleri we haýwanlary goramak, toprak-suw serişdelerini netijeli peýdalanmak boýunça zerur çäreleri görmäge uly maýa goýumlary gönükdirilýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 22-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda 2021-nji ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek hakynda» Karara gol çekmegi bilen, gowaça ekişi möwsüminiň taýýarlyk işlerine badalga berildi. Bu Karara laýyklykda, şu ýyl 620 müň gektar meýdanda gowaça ekip, 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny ýygnamak meýilleşdirilýär.

Ekerançylykda suwarmagyň kadasy

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» oba hojalyk pudagyny ösdürmek hem esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenendir. Ýerleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, öndürilýän önümiň möçberlerini artdyrmak, ekerançylyk meýdanlarynyň suwaryş ýagdaýyny gowulandyrmak, ýerleri uzak möhletleýin esasda hususy önüm öndürijilere bermek bu ugurda möhüm ähmiýete eýedir. Suwarymly ekerançylykda suwaryş kadasy daýhançylygyň wajyp we esasy bölegi hasaplanylýar. Suwaryşyň möçberinden suwarmagyň mukdaryndan we ölçeglerinden, möhletinden tutulmaly suwuň kadasy gelip çykýar.

Ýaz ekişine taýýarlyk

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen oba hojalyk pudagynyň ösüşine aýratyn üns berilýär. Toplumlaýyn durmuşa geçirilýän işler daýhanlary has-da öndürijilikli işlemäge, täze zähmet üstünliklerini gazanmaga ruhlandyrýar. Şundan ugur alyp, Bäherden etrabynyň pagtaçy kärendeçileri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän üstümizdäki ýylyň ilkinji günlerinden meýdan işlerini has-da ýaýbaňlandyrdylar. Şanly ýylda etrap boýunça şu ýyl 12 müň 550 gektar meýdana gowaça ekmek göz öňünde tutulýar. Şonuň bilen baglanyşykly ýazky ekişiň geçiriljek meýdanlaryny möwsüme taýýarlamakda degişli tagallalar edilýär. Şu günler sürüm işleri ahyrky gektarda alnyp barylýar. Bu işde kuwwatly tehnikalara hem-de olara erk edýän tejribeli mehanizatorlara bil baglanylýar. Tekizleýiş we geriş çekmek işlerinde-de kuwwatly tehnikalaryň hyzmatyndan netijeli peýdalanylar. Ekerançylyk meýdanlarynda möwç urýan joşgunly zähmet etrabyň oba zähmetkeşleriniň täze hasylyň düýbüni mäkäm tutjakdygyna şaýatlyk edýär.

Maldarlar şu günlerde

JOGAPKÄRLI DÖWRÜŇ ALADALARY Häzirki dowam edýän gyş döwri maldarlar üçin uly synag hasap edilýär. Maldarlaryň esasy aladasy mallary ýitgisiz, orta we ýokary semizlikde gyşdan çykarmakdan, baş sanyny yzygiderli artdyryp, önümliligini ýokarlandyrmakdan ybarat bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň garamagyndaky maldarçylyk hojalyklarynda mallary gyşlatmak boýunça talabalaýyk işler alnyp barylýar.

«Gök salar sen daşdan, bugdaý!»

Şu günler welaýatymyzyň beýleki etraplarynda bolşy ýaly, Çärjew etrabynyň bugdaý kärendeçileri hem topraga ýaşyl ýorgan ýapan meýdanlara ikinji döküni bermek, altyn kükürt sepmek we suwarmak işleri bilen meşgullanýarlar. Şeýle bolansoň ekin meýdanlarynda gyşyň ortaky aýynda hem iş ýetik. Meýdanlaryň ählisinde maýsalaryň endigan boý alşyny görmek bolsa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30-njy ýylynyň berekedine bolan ynamyňy has-da artdyrýar.«Gök salar sen daşdan, bugdaý!» Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşigi geçen ýyl hormatly Prezidentimiziň Şa gadamynyň düşen topragydyr. Daýhan birleşiginiň kärendeçisi Berdimyrat Narmämmedowyň bugdaýly meýdanyndaky oraga ak pata beren Gahryman Arkadagymyzyň Şa gadamy, Hydyr nazary ene ýeriň berekedine bereket goşupdy. Çärjewli daýhanlar bugdaýdan hem, pagtadan hem, aralyk ekinlerden hem bol hasyl ýygnap, hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk toýy bilen utgaşan ýyly zähmet üstünliklerine besläpdiler. Gazanylan üstünlige «Watan» daýhan birleşiginiň daýhanlary hem uly goşant goşdular.

Maýsalar — meýdanyň ýaraşygy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny oba hojalygynda belent zähmet üstünliklerine beslemegi asylly maksat tutunan gadymy Ahal ýaýlasynyň janypkeş daýhanlary şu günler meýdan işlerine aýratyn jogapkärçilik bilen çemeleşýärler. Üstümizdäki şanly ýylyň hasyly üçin däne ekilen 195 müň gektardaky ekine agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmegiň bol hasyly kemala getirmegiň esasy şertidigine oňat düşünýän welaýatyň ak ekin ussatlary tutanýerli zähmet çekýärler. Ak ekiniň degişli ideg işlerinde ozalky ýyllarda toplanan tejribelere we ylmyň gazananlaryna daýanylmagy oňyn netijesini berýär. Täze ýylyň öň ýanyndaky günlerde galyň ýagan garyň eräp, topraga, ekine kadaly siňmegi ýaşyl ýapynjaly ýaşajyk maýsalara özboluşly melhem boldy. Şeýle bolansoň, bu gün maýsalar barha boý alyp, ekerançylyk meýdanlaryna özboluşly ýaraşyk goşýar. Munuň özi daýhanlara ekin meýdanlaryny mineral dökünler bilen iýmitlendirmäge we şu günüň beýleki wajyp agrotehniki çärelerini wagtynda we talabalaýyk alyp barmaga mümkinçilik berýär.

Toprak — tapylgysyz hazyna

Dünýäniň islendik ýurdunda ilaty azyk önümleri bilen bütin ýylyň dowamynda üpjün etmek, esasan, oba hojalyk pudagynyň paýyna düşýär. Ýeri gyzyldan gymmatly hazyna hasaplaýan halkymyz ene topraga aýratyn gadyr-gymmat goýýar. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän özgertmeleriň özeninde bolsa, ýerleri netijeli peýdalanmak, öndürilýän önümleriň hiliniň ýokary, görnüşleriniň köp bolmagyny gazanmak maksat edinilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň tehniki binýadyny pugtalandyrmak we bu pudagy döwrebap tehniki enjamlar bilen üpjün etmek, şeýle hem pudagyň işini has-da ilerletmek maksady bilen sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmak babatdaky öňde goýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle-de, häzirki wagtda oba hojalygyna sanly ulgam boýunça telematik arkaly işledilýän tehnikalaryň hem ornaşdyrylýandygy bizi diýseň guwandyrýar. Munuň özi ýeriň hakyky eýesi bolan daýhanlaryň zähmetini ýeňilleşdirmäge, wagty, suwy, döküni, hatda ýangyjy tygşytlamaga mümkinçilik berýär.

Täze hasylyň aladalary

Möhüm iş Üstümizdäki şanly ýylda gowaçanyň bol hasylyny kemala getirmekde häzirki meýdan işleriniň ähmiýeti uludyr. Muňa oňat düşünýän Babadaýhan etrabynyň oba hojalyk işgärleri gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işlerini talabalaýyk alyp barmak we ony agrotehniki möhletde tamamlamak ugrunda yhlasly zähmet çekýärler.

Ak bugdaý — bereket bulagy

Pederlerimiz: «Garyň känligi — gallaň bollugy» diýip ýöne ýere aýtmandyrlar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ak gara beslenip gelmegi-de, 2021-nji ýylyň galla hasylynyň bereketli boljagyndan nyşan. Ak bugdaýyň mekany bolan eziz Watanymyzyň agzybir halky bugdaýy, bugdaýdan öndürilýän önümleri maňlaýyna sylyp, esasy mukaddeslikleriň hatarynda goýýar. Ak bugdaýyň unundan taýýarlanýan pişmedir gatlamalar, çelpekler milli toýlarymyzda desserhanlarymyzyň datly nygmatlarydyr. Agzybir halkymyzyň gadymdan gelýän milli däp-dessurlary esasynda nesilden-nesle geçen bu süýjülik önümleri häzirki döwürde-de bäbek, galpak, sünnet, täze jaý, ýaş juwanlaryň durmuş, ýaşulularyň ak goýun toýlarynyň-da esasy nygmatlarynyň biridir. Uzak ýola gidilende, ýanyňa ýoldaş diýlip mele-myssyk çöregiň alynmagy-da, biziň şu günlerimize gelip ýeten däpleriň biridir.

Soýanyň ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy

Geçen hepdäniň şenbe güni uniwersitetimizde soýa ösümligini ýurdumyzyň şertlerinde ösdürip ýetişdirmek barada alymlaryň, uniwersitetiň tejribeli mugallymlarynyň hem-de oba hojalyk ugrundan işleýän telekeçi önüm öndürijileriň gatnaşmagynda giňişleýin maslahat geçirildi. Maslahatyň esasy maksady hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, daşary ýurt önümleriniň ýerini tutýan önümleriň sanyny we görnüşini artdyrmagyň hasabyna ykdysady ösüşi gazanmakdan, oba hojalygy bilen telekeçiligi has-da utgaşdyrmakdan, ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmakdan ybarat bolup durýar. Soýa ykdysady taýdan peýdaly ekin bolup, biziň gurak howa şertlerimizde onuň her gektaryndan ortaça 3,5 – 4,0 tonna däne öndürip bolýar. Soýanyň aralyk ekin hökmünde ekilip, tejribe geçirilmegi netijesinde topragyň gurplulyk derejesini ýokarlandyrýan iýmit maddalary bilen baýlaşmagyna oňyn täsir edýändigi hem-de onuň yzyna ekilen bugdaýyň her gektaryndan ortaça 2 – 3 sentner bugdaý hasylyny artyk alyp bolýandygy anyklanyldy.

Tehnikalar ýaz ekişine taýýar edildi

Şu günler Köneürgenç etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň agzybir işçi hünärmenleri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem belent maksatlary nazarlap, iş depginlerini barha batlandyrýarlar. Häzirki wagtda bu ýerde ýaz ekişinde ulanyljak tehnikalar, olaryň tirkeg gurallaryny abatlamak işleri gyzgalaňly dowam edýär. Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň dürli kysymly tehnikalarynyň sürümde 63-siniň, ekişde 38-siniň, bejergide 45-siniň güýjünden peýdalanmak göz öňünde tutulýar. Bu tehnikalaryň ählisi degişli hünärmenleriň gözegçiliginden geçirilip, zerur bolan tehniki hyzmatlar görkezilip, möwsüme taýýar edildi. Şeýle hem Tehniki hyzmat ediş kärhanasynda daýhan birleşiklere degişli bolan tirkeg gurallary abatlanyp, olara kebşirleýji, ýonujy, abatlaýjy ussalar tarapyndan zerur bolan bejergi işleri talabalaýyk geçirildi. Şonuň netijesinde boronalaryň 752, malalaryň 101, ekijileriň 57-si, dökün berijileriň 27-si, dökün pürküjileriň 36-sy, hatarara bejerijileriň 159-sy doly abatlanyldy. Gurallary abatlamakda Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň tejribeli ussalaryndan Myrat Saparbaýew, Sapargeldi Togalakow, Gafur Abdullaýew, Abat Jumatow dagyny görkezmek bolar. Öz işine ezber bu ussalaryň her biri özlerine berkidilen işleri ýokary hil derejesinde berjaý etdiler. Munuň özi öňde duran iň jogapkärli möwsüm bolan ýaz ekişini gysga wagtda geçirmäge özüniň oňyn täsirini ý