Maýsalar — meýdanyň ýaraşygy

25 Ýanwar 2021
1515

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny oba hojalygynda belent zähmet üstünliklerine beslemegi asylly maksat tutunan gadymy Ahal ýaýlasynyň janypkeş daýhanlary şu günler meýdan işlerine aýratyn jogapkärçilik bilen çemeleşýärler. Üstümizdäki şanly ýylyň hasyly üçin däne ekilen 195 müň gektardaky ekine agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmegiň bol hasyly kemala getirmegiň esasy şertidigine oňat düşünýän welaýatyň ak ekin ussatlary tutanýerli zähmet çekýärler.

Ak ekiniň degişli ideg işlerinde ozalky ýyllarda toplanan tejribelere we ylmyň gazananlaryna daýanylmagy oňyn netijesini berýär. Täze ýylyň öň ýanyndaky günlerde galyň ýagan garyň eräp, topraga, ekine kadaly siňmegi ýaşyl ýapynjaly ýaşajyk maýsalara özboluşly melhem boldy. Şeýle bolansoň, bu gün maýsalar barha boý alyp, ekerançylyk meýdanlaryna özboluşly ýaraşyk goşýar. Munuň özi daýhanlara ekin meýdanlaryny mineral dökünler bilen iýmitlendirmäge we şu günüň beýleki wajyp agrotehniki çärelerini wagtynda we talabalaýyk alyp barmaga mümkinçilik berýär.

(Öz habarçymyz).
Beýleki habarlar