Jogapkärli möwsüme taýýarlyk

28 Ýanwar 2021
1635

Gowşamaýan depginde
Boldumsaz etrabynyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynda şu günler oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny abatlamak, olary degişli möwsüme taýýarlamak işleri gowşamaýan depginde alnyp barylýar. Kärhananyň garamagynda sürüm traktorlarynyň 32, bejergi traktorlaryň 27, däne ýygýan kombaýnlaryň 35, pagta ýygýan kombaýnlaryň bolsa 26 sanysy bolup, olaryň ählisi taýýarlyk hataryna çykaryldy. Şeýle hem bu ýerde daýhan birleşikleriniň tehnikalaryny, borona-malalaryny abatlamak işleri amala aşyrylýar.

— Kärhanamyzyň işçileri ekerançylykda tehnikanyň ähmiýetiniň juda uludygyna oňat düşünýärler. Şonuň üçin hem olaryň abatlanylyşynda aýratyn yhlaslylyk görkezýärler. Bu işiň abyny-tabyny kemsiz ele alan Artyk Nurbaýew, Otuzbaý Zarybaýew, Rejep Ýegenmedow we beýlekiler abatlaýşyň ýokary hilli bolmagyny hemişe üns merkezinde saklaýarlar. Biz ýakynlaşyp gelýän ýaz ekişi möwsümini hemmetaraplaýyn taýýarlyk bilen garşylamagy maksat edinýäris — diýip, tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň baş inženeri Begenç Täçgeldiýew gürrüň berýär.
Jumamyrat REJEPOW,
TAP-niň Boldumsaz etrap komitetiniň hünärmeni.

Beýleki habarlar