Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Ýüpekçiligiň esasy daýanjy

Şu ýyl welaýatymyzyň ýüpekçileri 1010 tonna piläni öndürmegi maksat edinýärler. Welaýatymyzyň hojalyklarynda eýýäm ýüpek gurçuklarynyň hasyly ýygnalyp başlandy. Ýüpekçilik gadymdan bäri ýöredilýän önümçilikdir. Ýüpek gurçuklaryny idetmegiň esasynda dokma senagaty üçin gymmatly çig mal bolan ýüpek öndürilýär. Ýüpekden alynýan önümlere bolsa diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýä bazarlarynda hem isleg örän ýokarydyr. Biziň welaýatymyzyň çäginde ýerleşýän kärhanalarda hem ýokary hilli ýüpek matalarynyň we ýaglyklarynyň onlarça görnüşleri öndürilýär, ýüpek halylary dokalýar. Senagat kärhanalaryny gymmatly çig mal bilen üpjün etmek, umuman, ýüpekçiligi ösdürmek üçin iň möhüm işleriň biri-de tutçulygy ösdürmekdir. Sebäbi ýüpek gurçugynyň ýeke-täk iýmiti tut ýapragydyr. Piläniň bol hasylyny we hilini üpjün etmek bolsa ýüpek gurçuklaryna berilýän tut ýapraklaryna köp derejede baglydyr. Welaýatymyzyň çäginde ýüpek gurçuklaryny idetmek üçin tut daragtlarynyň üsti her ýylda ýetirilip durulýar. Tuduň, aýratyn-da, ýokary hilli ýaprakly görnüşleriniň köpeldilmegine üns berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda tut agaçlarynyň tutýan meýdany onlarça müň gektardan geçýär.

Rowaçlyklara beslenýän özgertmeler

 «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, ýurdumyzyň oba hojalygy hem düýpli özgerişliklere beslenýär. 2017-nji ýylda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde kabul edilen çözgütleri ýerine ýetirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz tarapyndan «Bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak hakynda», «Oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň möçberini tassyklamak hakynda» we «Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakynda» Kararlaryň kabul edilmegi oba hojalyk pudagynda önümçilik gatnaşyklarynyň has-da kämilleşdirilmegine, ýerleriň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagyna hem-de täze iş orunlarynyň döredilmegine uly mümkinçilik berdi. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek boýunça kabul edilen çözgütleri durmuşa ornaşdyrmak, ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak hem-de oba hojalygyna hususy önüm öndürijileri giňden çekmek maksady bilen, Lebap welaýaty boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň «Oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň möçberini tassyklamak hakynda» 2018-nji ýylyň 12-nji oktýabryndaky Karary esasynda 28144, 2019-njy ýylyň 18-nji oktýabryndaky Karary esasynda 78704, 2020-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky Karary esasynda 40677 gektar meýdan resminama laýyklykda T

Görelde görkezýär

Şu günler ýüpekçi kärendeçiler jopgapkärli möwsümi başdan geçirýärler. Olar gysga wagt dowam edýän, emma hysyrdyly bolan ýüpek gurçugynyň idegini ýetirýärler. Ýüpekçiler bol pile hasylyny almak üçin bu möwsüme öňünden doly taýýarlykly gelýärler. Tagtabazar etrabynyň «Marçak» daýhan birleşiginiň ýüpekçisi Annagül Annaýewa indi 20 ýyl bäri ýüpek gurçugynyň idegini ýetirip gelýär. Ol bu ugurda ýeterlik tejribe toplap, her ýyl hem bol pile hasylyny ýetişdirýär.

Pileçiler höweslendirildi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda mähriban halkymyz Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda zähmet ýeňişlerini, belent sepgitleri gazanmak üçin giň gerimli işleri alyp barýar. Oba hojalyk pudagynda zähmet çekmäge döredilýän giň mümkinçilikler daýhanlaryň her bir işde oňat netijeleri gazanmagyna ýardam berýär. Milli Liderimiz oba hojalygynyň beýleki ugurlary bilen birlikde ýüpekçiligiň ösdürilmegine, bol pile hasylynyň öndürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Türkmengala etrabynyň ýüpekçi kärendeçileri döwletimize pile hasylyny tabşyryp başladylar. Etrap boýunça ýüpekçiler 1169 guty ýüpek gurçugyna ideg edip, bereketli pile hasylyny ýetişdirdiler.

Möwsüme taýýarlykly barylýar

Babadaýhan etrap Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň agzybir zähmet topary bosagada duran galla oragyna ykjam taýýarlyklar bilen barýar. Barha golaýlaşyp gelýän jogapkärli möwsüm üçin kärhana degişli kuwwatly däne orujy kombaýnlaryň 87-si taýýarlyk hatarynda goýuldy. Şol däne orujy tehnikalaryň 36-sy «John Deere», 51-si bolsa «CLAAS» kysymly kombaýnlardyr. Orak möwsüminde kombaýnlara iki çalşykda erk etmek üçin tejribeli mehanizatorlaryň 170-den gowragy çekildi. Häzirki günlerde möwsümde zähmet çekjek mehanizatorlar bilen birlikde tehnikalara hyzmat etjek mehanikler, ussalar we kebşirleýjiler bilen orak geçiriljek meýdanlarda we onuň töwereklerinde ýangyn howpunyň döremeginiň öňüni alyş çäreleriniň geçirilmeginiň, tehniki we ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmegiň ähmiýeti barada düşündiriş işleri geçirilýär. Galla oragynyň ilkinji günlerinden kombaýnlaryň bökdençsiz we netijeli işlemegini üpjün etmek maksady bilen ýörite toparlar döredildi.

Ýüpekçileriň yhlasy

Milli Liderimiziň ýurdumyzda piläniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, hilini ýokarlandyrmak we dokma senagaty üçin zerur bolan piläni öndürmek boýunça öňde goýan wezipelerinden ugur alýan Bäherden etrabynyň ýüpekçi kärendeçileri bu babatda guwandyryjy işleri alyp barýarlar. Ýüpek gurçuklarynyň köpçülikleýin idedilýän häzirki günlerinde etrabyň ýüpekçi kärendeçileriniň çekýän yhlasly zähmeti aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Her ýylda bolşy ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem ýüpek gurçugyny idetmek işi bu ugurda baý tejribesi bolan kärendeçilere ynanyldy, möwsüm üçin gerek bolan jaýlaryň meýdany irgözinden kesgitlenildi hem-de şol jaýlaryň kada laýyk bolmagy gazanyldy. Bu bolsa, ýüpek gurçuklarynyň idedilýän häzirki günlerinde özüniň oňyn netijesini berýär.

Üstünlik yhlasa bagly

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň 12-nji martda geçirilen mejlisinde 2021-nji ýylda ýurdumyz boýunça jemi 2 müň 100 tonna pile öndürilmelidigini nygtady. Şundan ugur alnyp, Lebap welaýatynyň Kerki etrabynda hem degişli möçberde ýüpek gurçugy tejribeli ýüpekçilere we isleg bildirýänlere idetmäge berildi. Degişli hünärmenler gurçuklaryň idediljek jaýlaryny gözden geçirip, arassaçylyk işleriniň berjaý edilişine, jaýlaryň ýylylyk, çyglylyk derejeleriniň ýagdaýlaryna yzygiderli gözegçilik edýärler. Çünki jaýlaryň ýylylygynyň, çyglylygynyň belli bir kadada saklanmagy olaryň ösüşine oňyn täsir edýär. Gije-gündiziň dowamynda 8 — 10 gezek iýmitlendirilýän gurçuklar ýüpekçilerden irginsizligi, çalasynlygy, arassaçyllygy talap edýär. Gurçuklar bäşinji ukusynda mahaly, şeýle-de olaryň pile saramaga girişen wagty jaýyň içini has köp ýelejiretmeli. Ýagtylyk kadaly bolmaly. Pile doly saraýan mahaly bolsa, jaýyň içini biraz garaňky saklamak maslahat berilýär.

Oba hojalygy: azyk garaşsyzlygynyň mizemez binýady

Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň beýleki welaýatlary bilen bir hatarda, biziň welaýatymyzda hem oba hojalyk pudagyny ösdürmekde, tarp ýerleri özleşdirmekde, ekinleriň idegi döwründe hem-de hasyl ýygymynda innowasion tehnologiýalary, ylmyň soňky gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmakda uly ösüşlere eýe bolundy. Welaýatda geçen 30 ýylyň dowamynda pagtaçylyk, gallaçylyk, tohumçylyk, maldarçylyk pudaklaryny rowaçlandyrmakda, gök-bakja ekinlerini we miweli baglary ösdürip ýetişdirip, ak bazarlarymyzda azyk bolçulygyny döretmekde amala aşyrylan işleri seriňde aýlanyňda, bu babatda taryhy ähmiýetli möhüm ädimleriň ädilendigine doly göz ýetirmek bolýar. Aýratyn hem, welaýatyň toprak we howa şertlerine laýyk gelýän oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasyl berýän tohumlarynyň täzeden-täze görnüşlerini döretmekde alymlarymyz tarapyndan bitirilen işler buýsanç bilen bellenmäge mynasypdyr. Şeýle gözlegli işler welaýatymyzyň ekerançy alymlary üçin hem häsiýetlidir. Bu işlere welaýatymyzdaky Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlary bilen talyp ýaşlarynyň hem işjeň gatnaşýandygyny buýsanç bilen bellemek bolar. Bilşimiz ýaly, welaýatymyz ýurdumyzyň demirgazyk çäginde ýerleşýär. Häzirki döwürde welaýatymyz şäherleriň ikisini, etraplaryň bolsa dokuzysyny özüne birleşdirýär. Bularda her ýylda pagtanyň, gallanyň, gök we bakja önümleriniň bereketli hasyly kemala getirilýär. Munuň özi b

Idegi ýetirilýär

Baýramaly etraby oba hojalygyna täzeçe iş usullaryny ornaşdyrmakda welaýatymyz boýunça öňdebaryjylaryň hatarynda tanalýar. Indi birnäçe ýyldan bäri daýhan hojalyklaryna ýerler hususyýetçilige berilýär. Şolaryň biri hem tejribeli oba hojalykçy Geldimyrat Amanow tarapyndan guramaçylykly ýolbaşçylyk edilýän “Halatly mekan” atly daýhan hojalygydyr. Bu iş usulynda zähmet çekýän adamlar oba hojalyk ekinlerinden bereketli hasyl almakda geçen oba hojalyk ýylynda-da abraýly netijeleri gazandylar. Bugdaýdyr pagtanyň bereketli hasylyny ýetişdirmekde ýeterlik iş tejribeleri bolan ýer eýeleri Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda 231, 5 gektar meýdanda ak ekiniň rysgal-döwletli hasylyny ýetişdirip, döwlete tabşyrmak ugrunda tutanýerli işleýärler. Daýhan hojalygynyň gallaçylyk baradaky hünärmeni Asker Dosmämmedow bugdaýa ideg edijileriň ýakyn maslahatçysy. Ol hemişe ekerançylyk ýerinde bolup, bugdaýa ýerli we himiki dökünleriň wagtly-wagtynda berilmegini, oňa suwuň kadaly tutulmagyny üpjün edýär. Gallaçylykda yhlasly işleýän adamlara goldaw berýär. Şeýle bolansoň daýhan hojalygynyň ýerlerinde ak ekinleriň bereketli baýlyk toplamagy gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş baryny aýdýan adamlar şu ýyl hem abraýyň eýeleri bolarlar.

Ýüpekçilik

Tagalla edlýär Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 12-nji martynda ýurdumyzda ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem piläniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Karara gol çekdi. Bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan döwletimizde ýüpekçilik pudagyny ösdürmekde birnäçe işler alnyp barylýar. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda welaýatymyz boýunça 410 tonna pile öndürmek bellenildi. Baýramaly etraby boýunça 47 tonna pile hasylyny öndürmek meýilleşdirilýär. Dokma senagatynyň gymmatly çig maly bolan pile öndürmek işi döwrebap derejede ösdürilýär. Ýüpek gurçugynyň esasy iýmiti bolan tut nahallarynyň her ýyl müňlerçe düýbi oturdylýar, öňki bar bolanlarynyň idegi ýetirilip durulýar. Ýüpek gurçuklaryny idetmek möwsümi gysga döwür bolsa-da uly jogapkärçiligi talap edýär. Her bir gurçuk idedýän kärendeçi bu möwsüme öňünden taýýarlyk görýär. Gurçuklaryň idediljek jaýlarynyň arassalygy, ýylylyk derejesi babatynda öňünden alada edilýär. Kärendeçiler ýüpek gurçuklaryny talaba laýyk idedip, bellenilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek üçin irginsiz zähmet çekýärler.

Keramatly Watan topragy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulan Türkmenistan häzirki wagtda parahatçylygyň, dost-doganlygyň, ynsanperwerligiň, hoşmeýilliligiň, sungatyň, medeniýetiň, sportuň halkara derejesinde dabaralanýan ýurduna öwrüldi. Çünki, Gahryman Arkadagymyzyň öňe sürýän taglymatlary türkmen topragyna şamçyrag bolup şugla saçýar. Edermen daýhanlarymyzyň halal zähmetine döwlet tarapyndan uly goldaw-ýardam berilýär. Güneşli ýurdumyzyň sahawatly topragyndan bol hasyl öndürýän türkmen daýhanyna işlemäge, halal zähmeti bilen baýamaga giň mümkinçilikler açylýar. Tehniki hyzmatlaryň, döküniň, tohumyň, ekinleriň zyýankeşlerine garşy ulanylýan himiki serişdeleriň daýhanlara ýeňillikli bahadan berilmegi işe höweslendirýär. Dünýäniň ösen ýurtlarynyň ýokary öndürijilikli tehnikalarynyň döwlet tarapyndan yzygiderli satyn alynmagyny, kärendeçiler bilen tabşyrylan önüm üçin öz wagtynda hasaplaşyk geçirilmegini mysal hökmünde görkezmek bolar. Şeýle giň mümkinçilikler daýhanlarymyzy bereketli türkmen topragyndan ak bugdaýyň hem-de pagtanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmäge ruhlandyrýar.

Daýhan hojalygynyň ümzügi ileri

Sarahs etrabynyň «Arassa harman» daýhan hojalygy döwlet Baştutanymyzyň oba hojalygyny özgertmek ugrundaky tagallalary netijesinde döredilen hojalyklaryň biridir. Tejribeli oba hojalyk hünärmeni Perman Orazowyň ýolbaşçylyk edýän daýhan hojalygynyň 3800 gektar ekin meýdany bolup, onuň 1200 gektarynda guşgursak ak bugdaý, 504 gektarynda bolsa gowaçanyň bereketli hasyly ýetişdirilýär. Türkmenistan döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň belleniljek ýylynyň häzirki günlerinde gürrüňi edilýän daýhan hojalygynyň zähmetsöýer ekerançylary däne ýetişdirilýän meýdanlardaky ekine göwnejaý ideg etmek, gowaça ekişini üstünlikli tamamlamak ugrunda ýadawsyz zähmet çekýärler. Daýhan hojalygynyň ekin meýdanlarynda bolup, hojalygyň ýolbaşçysy Perman Orazow bilen iş üstünde duşuşanymyzda, ol üstümizdäki ýylda bol galla hasylynyň kemala getirilýändigi, gowaça ekişiniň soňky gektarlarda alnyp barylýandygy barada aýtdy.

Maldarlar üçin gollanma

Ýakynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň alym, professor mugallymlarynyň köpýyllyk ylmy gözlegleriniň netijesini özünde jemleýän we ýokary okuw mekdepleri üçin niýetlenilen «Maldarçylygyň tohumçylyk işi we genofondy» atly okuw kitaby neşir edildi. Okuw kitabynda ýurdumyzda, şeýle hem dünýäde maldarçylyk pudagynyň häzirki ýagdaýy, maldarçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary, bu pudaga sanly ulgamy ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri, maldarçylygyň dürli görnüşlerinde we tohumlarynda seleksiýa-tohumçylyk işini alyp barmagyň genetiki esaslary, seleksiýanyň esasynda mallaryň önümlilik we tohumlylyk alamatlaryny ýokarlandyrmak ýaly ugurlara degişli ylmy maglumatlar giňişleýin beýan edilýär.

Ýüpekçi zenan

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde ýurdumyzyň ýüpekçileri hem öz zähmet üstünliklerini baýram edýärler. Şeýle ýüpekçileriň biri hem Kerki etrabynyň «Mürzebeggala» daýhan birleşiginiň ýüpekçisi Ogulsabyr Pygamowadyr. Ol ýaşy segsenden geçen hem bolsa, zähmet çekmegini dowam edip, ýylyň-ýylyna ýüpek gurçugyny idedýär. Ogulsabyr daýza ýaşlykdan pagta ýygyp, suw tutup, her ýyl ýüpek gurçugyny idedip, Watan harmanyna welaýatda ilkinji bolup, bol pile hasylyny tabşyryp gelýär. Ol indi 65 ýyldan gowrak wagt bäri ýüpek gurçugyny idedip gelýär. Gaýratly zenan bol we ýokary hilli pile hasylyny almak üçin öz kärende ýeriniň gyrasyna tut nahallaryny ekip ýetişdirdi. Şeýle bolansoň, ýüpek gurçuklarynyň iýmit üpjünçiliginde bökdençlik döränok. Ýüpek gurçuklaryny idetmekde baý tejribesi bolan Ogulsabyr ene bu ugurda öz bilýän zatlaryny ogly Hudaýnazara, özi bilen atdaş gelni Ogulsabyra öwredip, agtyklary Pygam, Döwlet, Leýla dagylary hem bu döwletli işe çekip, özi ýaly tejribeli ýüpekçi edip ýetişdirdi. 82 ýaşy arka atan, 18 agtygyň, 11 çowlugyň enesi Ogulsabyr Pygamowa ýaş daýhanlara we ýüpekçilere görelde bolup, halal zähmetiň bagt getirýändigi hakynda öwran-öwran nygtaýar.

Hatarara bejergi işleri geçirilýär

Şu günler pagtaçy kärendeçileriň iş aladalary özlerine ýetik. 1200 gektar meýdana gowaça eken etrabymyzyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň, 460 gektar meýdana gowaça eken «Döwletli» daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileri gowaçalarda ýekeleme we hatarara bejergi işlerini geçirmekde gaýratly zähmet çekýärler. Ady agzalan daýhan birleşikleri boýunça 13 sany kärendeçiler toparynda 980-den gowrak pagtaçy kärendeçi bolup, olar ýaşajyk gowaçalara ideg işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirýärler. Häzirki wagtda hatarara bejergi işlerine 4 sany kuwwatly traktor gatnaşýar. Traktorlara Narbaý Begçäýew, Abat Nazarow, Agajan Amangeldiýew, Durdy Doňbaýew ýaly tejribeli mehanizatorlar erk edýärler. Gowaçalara ilkinji gezek hatarara bejergi işlerini geçirmek mehanizatorlardan örän seresaplylygy talap edýär. Ady agzalan mehanizatorlar özlerine berkidilen traktorlaryny saz işledip, her günde 15 – 20 gektar meýdanda gowaçalara ilkinji hatarara bejergi işlerini ýokary hilli geçirýärler. Şu günler bu agrotehniki çäre daýhan birleşiginiň Meýlis Geldiýew, Akmyrat Nazarow, Myratnepes Otuzow, Akmyrat Amaşow dagynyň ýolbaşçylyk edýän kärendeçiler toparynyň gowaça meýdanlarynda has-da güýçli depginde dowam edýär.

Üstünligimize buýsanýarys

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny üstünliklere beslemegi maksat edinýän Tagtabazar etrabynyň edermen maldarlary dowarlardan owlak-guzy almak möwsümini guramaçylykly alyp bardylar. Bu ugurda ýokary netijeleri gazanmagyň hötdesinden geldiler. Mary welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň garamagyndaky Tagtabazar etrabyndaky «Maldar» maldarçylyk hojalygynyň başlygynyň orunbasary Penjaly Jumaýewiň aýtmagyna görä, 79681 baş goýundan 73869 baş guzy alyndy. Şeýlelikde, bellenilen meýilnama 100,8 göterim amal edildi. Şeýle üstünlikleriň gazanylmagyna saldamly goşantlaryny goşan çopanlaryň arasynda Baýram Jumagulyýewi, Maksat Rozyýewi, Jumaberdi Suhanowy, Babajan Saparowy, Agamyrat Aganazarowy, Babageldi Babaýewi, Baýram Hanmämmedowy, Agajuma Maksudowy görkezmek bolar. bu öňdebaryjy maldarlar ýokary netijeleri gazanandyklary üçin Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tagtabazar etrap birleşmesi tarapyndan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlaryna we Hormat hatlaryna mynasyp boldular. Maldarlar özleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyşly sözlerini aýdýarlar.

Ýeralma

Ýeralma tebigaty boýunça köpýyllyk ösümlik, emma medeni ekerançylykda birýyllyk ösümlik hökmünde ulanylýar. Ol klubenini ekmek bilen ösdürilip ýetişdirilýär. Ony tohum arkaly ekmek usuly diňe seçgi işleri geçirilende ulanylýar. +30 derejeden ýokary, yssy howada ýeralmanyň ýapraklarynyň iýmit siňdirijilik işjeňligi peselýär. Onuň suwa bolan talaby ösüş döwürleri boýunça üýtgeýär. Ýeralma ýagtylyk söýüji ösümlik bolup, ýagtylygyň pes bolmagy onuň ýapraklarynyň saralmagyna, güllemesiniň gowşamagyna ýa-da doly togtamagyna we hasylyň peselmegine getirýär.

Ak kelleli kelem

Kelem ikiýyllyk gök ekin bolup, birinji ýylynda kelle emele getirýär, ikinji ýylynda gülläp, tohumlaýar. Daşky baldagy uzyn sortlar düýbüne toprak üýşürilmegini talap edýär we yzgarly topraklarda gowy ösýär. Daşky baldagy kelte sortlar bolsa, ýeňil topraklarda ösmäge ýaramly. Ýagtylygy we çyglylygy gowy görýän bu ösümlik organiki maddalara baý, aşgarlylygy pes bolan toýunsow topraklary halaýar. Kelem sowuga çydamly ösümlik we 3 derejedäki gysga wagtly aýazda oňa hiç zat bolmaýar. Şeýle-de bolsa, gowy hasyl almak üçin howanyň ýylylygy +15, +18 dereje kelem ekmek üçin iň amatly döwür hasaplanylýar.

Düýp sogan

Biziň ýurdumyzda, esasan, düýp soganyň ajy, ajymtyk we ajy däl görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Soganyň bu görnüşleri iki ýylda ösdürilip ýetişdirilýär. Sogan birinji ýyl düýp berip, ikinji ýyl gülläp, tohum berýär. Sogan sowuga çydamly ösümlikdir. Soganyň tohumlary +3, +5 dereje ýylylykda gögerip başlaýar. Ýapraklaryň ösmegi üçin +12, +25 dereje, düýbüniň emele gelmegi üçin +20, +30 dereje ýylylyk amatlydyr. Ondan ýokary ýylylykda soganyň düýbi ownuk bolýar. Soganyň tohumdan gögerip çykan ösüntgileri –2, – 3 dereje sowuk howa çydap bilýärler.

Gyzyl burç

Gyzyl burç idegi talap edýän ekin bolup, ideg işleri öz wagtynda dogry geçirilende onuň düzümindäki ähmiýetli maddalaryň, esasan, C witaminiň mukdary artýar. Gyzyl burç tohumyndan ösdürilip ýetişdirilýär. Onuň ir, aralyk we giç ýetişýän sortlary bolýar. Şeýle-de miwesiniň ululygyna baglylykda iri miwelileri hem-de ownugrak miweli görnüşleri duş gelýär. Iri miweli gyzyl burçuň sortlaryna baglylykda, onuň her gektaryndan 200 – 230 kilograma çenli hasyl alyp bolýar. Ýaz pasly ýerler ekişe taýýarlanýar, tagt suwy tutulyp, ýerler taba gelenden soň dyrmyklanyp, 20 santimetr çuňlukda çizel geçirilýär. Soňra keşler çekilip, keşiň üstüne tohum ekilýär. Ekiş üçin dok we doýgun, şikeslenmedik tohumlar saýlanyp alynýar. Burç ýylylygy we ýagtylygy halaýan ekin. Onuň tohumlary howanyň +20, + 25 ýylylyk derejesinde kadaly gögerip çykýar. Ol kadaly howa we suw çalşygy bolan topraklarda gowy ösýär. Iýmit maddalaryna talapkär ekin bolany üçin ösüş döwründe 2 gezek iýmitlendirilýär. Birinji gezek goşmaça iýmitlendirmek gögeren ösümliklerde, hakyky ýapraklary emele gelende, 150 kilogram karbamid, 100 kilogram superfosfat, 50 kilogram hlorly kaliý, ikinji gezek köpçülikleýin güllände, 150 kilogram ammiak selitrasy, 150 kilogram superfosfat berilýär. Gyzyl burç yzygiderli hasyl berýär we köp hasyl getirýär, şonuň üçin ösüşiniň dürli döwürlerinde mineral dökünler bilen goşmaça iýmitlendirilme