Rowaçlyklara beslenýän özgertmeler

5 Maý 2021
1471

 «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, ýurdumyzyň oba hojalygy hem düýpli özgerişliklere beslenýär. 2017-nji ýylda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde kabul edilen çözgütleri ýerine ýetirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz tarapyndan «Bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak hakynda», «Oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň möçberini tassyklamak hakynda» we «Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakynda» Kararlaryň kabul edilmegi oba hojalyk pudagynda önümçilik gatnaşyklarynyň has-da kämilleşdirilmegine, ýerleriň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagyna hem-de täze iş orunlarynyň döredilmegine uly mümkinçilik berdi.

Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek boýunça kabul edilen çözgütleri durmuşa ornaşdyrmak, ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak hem-de oba hojalygyna hususy önüm öndürijileri giňden çekmek maksady bilen, Lebap welaýaty boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň «Oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň möçberini tassyklamak hakynda» 2018-nji ýylyň 12-nji oktýabryndaky Karary esasynda 28144, 2019-njy ýylyň 18-nji oktýabryndaky Karary esasynda 78704, 2020-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky Karary esasynda 40677 gektar meýdan resminama laýyklykda Türkmenistanyň paýdarlar jemgyýetlerine, daýhan hojalyklaryna, beýleki ýuridik şahslaryna hem-de raýatlara bölünip berildi.

Myrat JORAÝEW,
Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň welaýat şahamçasynyň oba hojalyk önümçiligini karzlaşdyrmak bölüminiň baş agronomy.
Beýleki habarlar