Gyzyl burç

2 Maý 2021
1417

Gyzyl burç idegi talap edýän ekin bolup, ideg işleri öz wagtynda dogry geçirilende onuň düzümindäki ähmiýetli maddalaryň, esasan, C witaminiň mukdary artýar. Gyzyl burç tohumyndan ösdürilip ýetişdirilýär. Onuň ir, aralyk we giç ýetişýän sortlary bolýar. Şeýle-de miwesiniň ululygyna baglylykda iri miwelileri hem-de ownugrak miweli görnüşleri duş gelýär. Iri miweli gyzyl burçuň sortlaryna baglylykda, onuň her gektaryndan 200 – 230 kilograma çenli hasyl alyp bolýar.

Ýaz pasly ýerler ekişe taýýarlanýar, tagt suwy tutulyp, ýerler taba gelenden soň dyrmyklanyp, 20 santimetr çuňlukda çizel geçirilýär. Soňra keşler çekilip, keşiň üstüne tohum ekilýär. Ekiş üçin dok we doýgun, şikeslenmedik tohumlar saýlanyp alynýar. Burç ýylylygy we ýagtylygy halaýan ekin. Onuň tohumlary howanyň +20, + 25 ýylylyk derejesinde kadaly gögerip çykýar. Ol kadaly howa we suw çalşygy bolan topraklarda gowy ösýär. Iýmit maddalaryna talapkär ekin bolany üçin ösüş döwründe 2 gezek iýmitlendirilýär. Birinji gezek goşmaça iýmitlendirmek gögeren ösümliklerde, hakyky ýapraklary emele gelende, 150 kilogram karbamid, 100 kilogram superfosfat, 50 kilogram hlorly kaliý, ikinji gezek köpçülikleýin güllände, 150 kilogram ammiak selitrasy, 150 kilogram superfosfat berilýär. Gyzyl burç yzygiderli hasyl berýär we köp hasyl getirýär, şonuň üçin ösüşiniň dürli döwürlerinde mineral dökünler bilen goşmaça iýmitlendirilmegi talap edýär. Şeýle-de mineral dökünler bilen bilelikde gektara 300 kilogram çüýrän ders garylyp berlende, hasylyň has-da ýokarlanmagyna getirýär.

Jennet GURBANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar