Ýagşy ýörelge — dowamat-dowam
«Halkymyzyň saglygy baş baýlygymyzdyr. Şoňa göräde, ynsan saglygyny goramak, adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak işleri geljekde hem dowam etdiriler» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň bu sözleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp durmuş hakykaty bolup dabaralanýar. Häzirki döwürde gurlup ulanmaga berilýän saglygy goraýyş merkezlerinde, hassahanalarda, şypahanalarda, sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde, sport ulgamyna degişli desgalarda döredilen dünýä hil ülňülerindäki şertmümkinçilikler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde baş baýlygyň halkyň saglygy bolup durýandygyny bütin aýdyňlygy bilen görkezýär. Aýratynam, sagdyn, ruhubelent, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek döwlet syýasatynda esasy üns berilýän ugurlaryň biridir. Ata-babalarymyz irki döwürlerden bäri zyýanly, ýaramaz pişelerden gaça durmagy, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi öz nesillerine sargyt edip gelipdirler we muny durmuşda hökman berjaý edilmeli kadalaryň hatarynda görkezipdirler. Ajaýyp zamanamyzda pederlerimiziň şol ýörelgesiniň dowamat-dowam bolýandygy her birimizi buýsandyrýar. Sebäbi sagdynlyk, sagdyn durmuş ýörelgesi ähli gözellikleriňem, üstünlikleriňem gözbaşydyr.