Çaýyň peýdasy hakynda

22 Mart 2024
928

Çaý gadymy döwürlerden bäri dünýäniň dürli yklymlarynda halk lukmançylygynda bejeriş ähmiýetli içgi hasaplanylyp gelinýär. Türkmen halkynyň durmuşynda hem örän ähmiýetli orna eýe bolan bu içginiň düzümindäki peýdaly maddalar adamyň diňe bir keýpini göterip, rahatlandyrmak bilen çäklenmän, birnäçe gaýraüzülmeleriň öňüni almaga hem uly ýardam edýär.

Çaý, ilkinji nobatda, ýürek üçin peýdalydyr. Bu ugurda bilermenler çaýy köp içýän adamlaryň, esasan hem, gök çaýy köp ulanýanlaryň ýüreginiň sagdyn bolýandygyny aýdýarlar. Gök çaý gan basyşynyň we holesteriniň derejesini peseltmäge hem-de rahatlanmaga kömek edýär.

Suraý KERIMBERDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň endokrinologiýa kafedrasynyň kliniki ordinatory.
Beýleki habarlar