Gün urmasyndan goranyň!
Gün urmasy — bu aşa yssy günlerde Günüň göni şöhleleriniň adamyň kellesine uzak wagtlap eden täsiri netijesinde kelle-beýnä zeper ýetmegi bilen ýüze çykýan ýagdaý. Ol daşarda, deňizde, açyk meýdanda saýawansyz we başgapsyz Günüň aşagynda uzak wagtlap bolnanda ýüze çykyp biler. Gyzgyn howada beden suwuklygy aşa köp bölüp çykarmak arkaly derlemek bilen goralýar. Ýöne derlemek bilen bedenden gerekli maddalar we suwuklyk çykarylýar. Bu bolsa, öz gezeginde, bedeniň gyzgynlygynyň ýokarlanmagyna getirýär. Şol sebäpden, tomsuna pasla görä açyk reňkli nah matadan tikilen egin-eşikleri, başgaplary geýmek we ýanyňda ýeterlik mukdarda arassa agyz suwunyň bolmagyny üpjün etmek maslahat berilýär. Gün urmasynyň alamatlaryna ýürek bulanma, kellagyry, baş aýlanma, umumy gowşaklyk, aşa ukuçyllyk, ysgynsyzlyk, ýüzüň gyzarmagy, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy, gulak şaňlamasy, gözüň garaňkyramagy, dem alşyň we ýürek urşunyň çaltlaşmagy, deriniň Güne ýanmagy, çaşmak we tutgaý alamatlary degişlidir. Deňze gidýänlere Günüň şöhlesiniň ýere göni düşýän wagty, ýagny günortan howanyň aşa gyzýan wagty deňizde suwa düşmezlik, baş örtüksiz daşary çykmazlyk maslahat berilýär. Deňze suwa düşmäge gideniňizde, egniňize pagta eşikleri geýmeli, daşary başgaply çykmaly, daşarda bolan wagtyň arassa suwdan köpräk içmelidir.