Iň datly miweleriň biri bolan üzüm, bilşimiz ýaly, tomus we güýz pasyllarynda ýetişip, onuň ynsan saglygy üçin peýdasy öwgä mynasypdyr. Ol immuniteti güýçlendirýär, beýniniň işjeňligini artdyrýar.
Düzüminde С witamini we mikroelementleri saklaýan üzümiň beýni, aşgazan-içege bilen bagly kesellerden, şol sanda düwnük keselinden goraýandygy lukmanlaryň geçiren barlaglarynyň netijesinde ýüze çykaryldy. Üzümi çigidi bilen bilelikde iýmegiň düwnük öýjükleriniň işini bozup, zäherli täsirleri azaltmaga ýardam edýändigini hem bellemek gerek.