Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan saglygyny gorap saklamak, jemgyýetimize sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, zyýanly endiklere garşy göreşmek ýurdumyzda alnyp barylýan syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu babatda hormatly Belent Serkerdebaşymyz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde eden çykyşynda: «Ýurdumyz dünýäde temmäkiden azat çäkleri giňeltmek boýunça işe öz goşandyny goşmaga çalyşýar, temmäkä garşy göreşmekde netijeli hereketler ýaýbaňlandyrylyp, alnyp barylýan döwlet syýasaty esasynda bu iş has-da giň gerime eýe boldy. Bu babatda türkmen jemgyýetinde çilimkeşlik ýaly zyýanly endigi aradan aýyrmak boýunça anyk çäreleri görmek möhümdir» diýip, harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde anyk wezipeleri goýmagy Watanymyzda bu ugurda alnyp barylýan işleriň wajypdygyny görkezýär.
Zyýanly endikler diňe bir saglyga zyýan ýetirmän, ol ösen döwletiň medeniýetine gabat gelmeýän närseleriň biridir. Zyýanly endiklerden daşda durmak dünýä inýän ýaş nesilleriň beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan baý bolmagyny gazanmaga mümkinçilik döredýär.