Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Türkmen tebigy gazynyň taryhy we şu güni

Elli alty ýyl mundan öň, 1966-njy ýylda Üňüz aňyrsyndaky Garagumuň demirgazyk böleginiň çäklerinde ýerleşen Ojak gaz kondensatly känini senagat taýdan özleşdirmek işleri başlandy. Şeýlelikde, ýurdumyzda gaz senagatynyň düýbi tutulyp taryha girdi we sene hökmünde kabul edildi. Bir ýyldan soň bolsa türkmen tebigy gazy Orta Aziýa–— Merkez magistral gaz geçirijä iberilip başlandy. Ojak gaz ýatagyndan soňra Naýyp, Şatlyk, Döwletabat we beýleki onlarça gaz ýataklarynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi Günbatar Türkmenistandaky nebitli ýerlerden çykýan ugurdaş gazy önümçilik maksatlary üçin doly peýdalanmaga mümkinçilik berdi. 1970-nji ýyllaryň başynda Türkmenistanda tebigy gazyň gorlarynyň uly möçberiniň bardygy kesgitlenen. Şol döwrüň metbugatynda gazyň gorlary boýunça Türkmenistanyň Orta Aziýada birinji, öňki Soýuz Respublikalaryň arasynda ikinji orny eýeleýänligi hem aýdylýar. Mysal üçin, 1976-njy ýylda Türkmenistanda 62,5 mlrd kubmetr, 1990-njy ýylda 85 mlrd kubmetr gaz çykaryldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda 2015-nji ýylda 83,8 mlrd kubmetr, 2019 we 2020-nji ýyllarda hersinde 70-den gowrak, 2021-nji ýylda 83,7-den gowrak (mlrd kubmetr hasabynda) gaz çykaryldy. Her ýylda çykarylýan tebigy gazyň 41-48 göterimden gowragy eksporta iberildi.

Gadymdan galan nusgalar

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň ta­ry­hy geç­mi­şi çuň­ňur öw­re­nil­ýär hem-de hal­ky­myz ede­bi-ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­my­za eýe bol­ýar. Ata-ba­ba­la­ry­myz geç­miş­de dün­ýä ýü­zün­de bir­nä­çe be­ýik döw­let­le­ri dö­ret­mek bi­len, jahanda özü­niň nus­ga­wy sun­ga­ty­ny hem ýaý­rat­ma­gy, şöh­rat­lan­dyr­ma­gy ba­şar­dy. Se­net de­re­je­sin­de ýü­ze çy­kan mad­dy gym­mat­lyk­lar ada­myň dö­re­di­ji­lik­li ga­raý­şy ne­ti­je­sin­de sun­gat de­re­je­si­ne gö­te­ril­di. Türk­me­niň geç­miş ýa­şa­ýyş dur­mu­şy ha­kyn­da­ky um­ma­syz mag­lu­ma­ty özün­de jem­le­ýän ta­ry­hy ta­pyn­dy­lar, geç­mi­şiň syr­ly sa­hy­pa­la­ry­ny aý­dyň­laş­dyr­mak bi­len bir­lik­de, dün­ýä alym­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­ti­riliş aý­ra­tyn­ly­gy bi­len hem haý­ra­na goý­ýar.

Pelwert hakda kelam

Ýer-ýurt atlarymyz näçe gadymy boldugyça, olary öwrenmegem şonça kyn, jogapkärli wezipe. Hatda olaryň ýekejesini dogruçyl, her taraplaýyn, çuňňur öwrenmek üçin bir adam ömri, onda-da juda zehinli, sowatly, işe yhlasly alymyň ömri gerekdir. Biz bu ýerde, hemişe edişimiz ýaly, ýurduny söýýän, halkynyň şöhratly taryhy baradaky pikirlenmelerini okyjylaryna ýetirmäge howlugýan döredijilik adamy hökmünde çykyş edýäris. Hawa, biz sözümizi öz kärimiz boýunça derňewlerimize esaslanyp aýdýarys. Şeýlelikde, Pelwert hakynda.

Nusaý gymmatlyklary

Türkmenistan dünýä medeniýetiniň taryhynda uly meşhurlyga eýedir. Parfiýa ir zamanlardan başlap medeniýetiň gülläp ösen mekany bolupdyr. Munuň şeýledigine dürli döwürlerde geçirilen gazuw-agtaryş, arheologik barlaglaryň maglumatlary hem şaýatlyk edýär. Parfiýa biziň eýýamymyzdan öňki II — I asyrlarda Gündogaryň medeni taýdan ösen döwletleriniň biridir. Parfiýa döwletiniň paýtagty Nusaý öz döwrüniň medeniýet ojagyna öwrülipdir. Onda onlarça döwlet edaralary, dini ymaratlar, harby-hojalyk binalary, patyşa köşgi, ýaşaýyş jaýlary bolupdyr. Nusaýdan tapylan şirmaýydan haşamlanyp ýasalan ritonlar, heýkeller, parfiýa şalarynyň şekilleri, şa aýal Rodogunanyň daşa siňen merdemsi keşbi, zikgelenen altyn teňňeler, nakgaşlyk öz döwründe Parfiýa medeniýetiniň örän ösendiginden habar berýär. Ritonlaryň käbirleri köşkde geçirilýän meýlisler üçin has uly, 2, 2,5 litr ölçeginde hem ýasalypdyr. Häzire çenli dünýäniň dürli künjeginden tapylan ritonlaryň arasynda görnüşiniň kämilligi we sünnälenen çeper bezegi boýunça Nusaý ritonlarynyň deňi-taýy ýokdur. Bu bolsa olary dünýä sungatynyň iňňän ajaýyp nusgalarynyň hataryna goşýar.

Bu biziň geçmişimiz

Genjihazynalarymyzyň gymmaty Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda asyrlar aşyp gelýän taryhymedeni mirasy düýpli öwrenmek, aýawly saklamak hemde geljek nesillere ýetirmek maksady bilen giň gerimli işler alnyp barylýar. Şu ýylyň 16njy aprelinde “Dehistan” taryhymedeni ýadygärlik toplumynda meýdan şertlerinde geçirilen ylmyamaly maslahat hem munuň aýdyň mysaly boldy.

Geçmişiň buýsançly ýaňy

Türkmen topragynda dörän gadymy medeniýetleriň biri-de ekerançylyk medeniýetidir. Jemgyýetçilik aňynyň ösmegi bilen, ýaşaýşyň maddy esaslary hem döräpdir. Dagdan akan çeşme-çaýlar ekerançylygyň ösmegi üçin amatly şertleri üpjün edipdir. Kadaly we dogry suwarylan ýagdaýynda, ekerançylyk ýerlerinden, köp suw sarp etmezden, bol hasyl almak mümkinçiligi döräpdir. Bu şertler günorta Türkmenistanda oturymly ýaşaýşyň kemala gelmegine, ekerançylyk bilen meşgullanmaga ýol açypdyr. Ylmy barlaglaryň netijesinde, miladydan öňki VI müňýyllyk — neolit döwri, şol wagta degişli ýadygärlikleriň biri Jeýtun bilen baglanyşdyrylyp, «Jeýtun medeniýeti» diýen ada eýe boldy. Neolit döwri arpa-bugdaý ekmek, laýdan jaý salmak, küýzegärlik önümlerini döretmek ýaly dünýä belli açyşlary bilen meşhurdyr. Eneolit döwri bolsa miladydan öňki V-IV müňýyllykda Köpetdagyň etegindäki zolakda oturymly ekerançylyk medeniýetiniň merkeziniň bolandygyny subut edýän, şol döwrüň ýadygärlikleriniň biri Änew bilen baglanyşdyrylyp, «Änew medeniýeti» diýlip atlandyryldy. Bu medeniýet 1904-nji ýylda Waşingtonyň Karnegi institutynyň professory Rafael Pampelliniň gadymy Änewde geçiren arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde açyldy. Şol gazuw-agtaryş işleri Änewiň demirgazygynda ýerleşýän depede medeni gatlaklaryň ikisiniň bolandygyny aýan etdi. «Änew medeniýeti» diýen adalga Rafael Pampelliniň 1908-nji ýyl

Dehistan alymlaryň üns merkezinde

Türkmen medeniýetiniň özboluşlylygyny açyp görkezýän maddy mirasymyzyň gymmatlyklaryny öwrenmek, wagyz etmek, rejelemek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ähli künjegindäki, şol sanda Balkan welaýatynyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde hem bu ugurdaky toplumlaýyn çäreler üstünlikli dowam etdirilýär. Mälim bolşy ýaly, Balkan welaýatynyň günorta etraplarynda bürünç, demir we orta asyrlaryň taryhyny özünde jemleýän Dehistanyň emeli suwaryşa esaslanan ekerançylygyndan başlap, maddy medeniýetiň gymmatlyklarynyň dürli görnüşleriniň galyndylary saklanýar. Şoňa görä-de, bu sebitiň geçmiş mirasyny ylmy taýdan öwrenmek hem-de rejeleýiş-dikeldiş işlerini geçirmek möhüm meseleleriň hatarynda durýar. «Gadymy Dehistan» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň hasabynda duran bürünç-demir asyrlar döwrüne degişli we orta asyrlar bilen senelenýän taryhy-medeni ýadygärliklerde türkmen hem-de daşary ýurtly arheologlar tarapyndan ylmy-barlaglar geçirildi. Maşat ata kümmetinde, Juma metjidinde, Gökjük depede, Yzzatguly depede we beýleki ýadygärliklerde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleri muňa mysaldyr. Goraghananyň esasy wezipeleriniň ýene biri bina ýadygärlikleriniň saklanyp galanlaryny bejermek, abatlamak bilen baglydyr.

Amangeldi pälwan

«Türkmenistan Sport», № 2 (14), 2022 Her bir işde yhlas, tutanýerlilik hem-de ýanbermez hyjuw gerek. Bu sportda-da şeýle. Ine, sport äleminde uly ussatlyga ýeten, esasan-da, türkmen milli göreşinde öz ukyp-başarnygyny, zehinini açyp görkezen Amangeldi Şahanow hem şeýle ezber, tutanýerli pälwanlaryň biri bolupdyr.

Sungatyň sarpaly künjegi

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde her bir günümiz toýdur baýramlara, şanly senelere beslenýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň gazanýan üstünlikleri, ýetýän belent sepgitleri taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Ýurdumyzda halkara parahatçylygy pugtalandyrmagyň, dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmegiň netijesinde gadymy sungatymyz, milli medeniýetimiz dünýä ýaýylýar. Parahatçylyk söýüjilikli halkymyzyň gadymy däp-dessurlaryny, urp-adatlarynydyr öwüt-ündewlerini nesilden-nesle geçirmek maksady bilen ägirt uly maksatnamalaýyn işleriň amal edilýän ajaýyp Diýarynda sungatymyza we milli medeniýetimize belentden sarpa goýulýar. Bilşimiz ýaly Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz taryhy we medeni ýadygärlikleriň gadymy topragy. Munuň şeýledigine Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň, Nusaý ýadygärlikler toplumynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň görnükli sanawyna girizilmegi-de aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle hem «Görogly» dessançylyk sungatynyň, Nowruz baýramynyň, Küştdepdi aýdym we tans dessurynyň, türkmen milli halyçylyk sungatynyň, ýaňy-ýakynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen hödürlenen dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi türkmen sungatyna, türkmen medeniýetine goýulýan sarpanyň

Gadymy goňurdepede galan pursatlar

Akademik W.I.Sarianidiniň gadymy Marguşda geçiren gazuw-agtaryş işleri halkymyzyň taryhynda ýatdan çykmajak sahypalardyr. Dünýä meşhur alymyň alyp baran uly işleriniň pederimiň durmuşy bilen baglanyşýandygy göwnümi hemişe buýsanja besleýär. Bu hakda maňa 1980 – 1985-nji ýyllarda Garagum etrap häkimliginde dürli wezipelerde işlän Ilgeldi Allalyýew şeýle gürrüň berdi: — 1985 — 1986-njy ýyllarda Çaryýar Seýitmuhammedow Garagum etrabynyň sähra içindäki «Tahyrbaý» diýen ýerinde sürüji bolup zähmet çekýärdi. Şol döwürde-de akademik W.I.Sarianidi «Tahyrbaýa» golaý bolan ýerde işgärlerine ýer parçasyny ölçäp bermek bilen, gazuw-agtaryş işlerini geçirýän eken.

Paýhas ummanynyň şamçyragy

Eziz Watanymyzda ruhy-edebi we taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmek, milli medeniýetimizi dikeltmek we ösdürmek babatda uly işler amala aşyrylýar, taryhda öçmejek yz goýan şahsyýetlerimiziň durmuşy giňişleýin öwrenilýär. Şeýle şahsyýetleriň biri-de orta asyryň görnükli alymy Abu Seýit Abylhaýyr ýa-da halk arasyndaky adyny aýtsak, Mäne babadyr. Gündogaryň beýik danasy Mäne babanyň asly ylymly-bilimli maşgaladan bolupdyr. Orta asyr Mäne şäheri Türkmenistanyň taryhynda medeniýetiň güýçli ösen ojaklarynyň biri hasaplanylýar. Ol ýerde öz döwründe güýçli alymlar, danalar, şahyrlar kemala gelipdir.

Köneürgenjiň orta asyr kerwensaraýlary

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Gürgenç şäheri Aziýanyň, Gündogar Ýewropanyň we beýleki sebitleriň söwda hyzmatdaşlygynyň ösmeginde möhüm merkez bolup hyzmat edipdir. Bu bolsa Gürgenjiň bazarlarynyň Ýewraziýa ýurtlarynda öndürilen önümlerden doly bolmagyna getiripdir. Taryhyň dürli döwürlerinde görlüp-eşidilmedik gülläp ösüşleri başdan geçiren bu şäher ösen medeni merkez hökmünde tanalypdyr. Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda şeýle belleýär: «Bu beýik şäheriň başyndan geçiren ähli betbagtlyklaryndan hem-de weýrançylyklaryndan soň diňe hökümdarlaryň hem-de keramatly kişileriň baky ýatan ýerleriniň birnäçesi, ägirt uly desganyň girelge tarapy, Orta Aziýada iň beýik minara saklanyp galypdyr. Bu şäher taryhda «Müň derwezeli şäher» diýip ýatlanylýar».

Taryhy ýadygärlikleriň ykrarnamasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi ýurdumyzda milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini ýüze çykarmak, öwrenmek we saklap galmak meseleleri bilen meşgullanýar, onuň üstüne Türkmenistanyň Kanunlaryndan gelip çykýan milli taryhy hem-de medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we abatlamak boýunça ýörite ygtyýarly döwlet edarasynyň wezipesi ýüklenendir. Ýurdumyzyň hökümeti milli ýadygärlikleri saklap galmaga we goramaga, şeýle hem bu pudagyň hünärmenleriniň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin onuň hukuk binýadyny döretmäge uly üns berýär. Türkmenistan taryhy-medeni ýadygärliklere baý mekan hasaplanýar. Ýurdumyzda medeni ýadygärlikleriň iň gadymy döwürlere degişlileri-de bar. Orta asyrlarda gurlan binalar hem özboluşly gurluş äheňi, binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Garaşsyz Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda taryhy-medeni ýadygärlik toplumlary ýerleşýär. Dehistan, Nusaý, Amul galalarynda, Merw ýadygärlikler toplumynda haýran galarlyk täsinlikleri görmek bolýar. Aýratyn hem, Maşat ata, Togalakdepe, Goňurdepe, Gökjükdepe, Mansurdepe, Namazgadepe, Ulugdepe, Altyndepe, Ýylgynlydepe ýaly taryhy-medeni ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işleri geçirildi we geçirilýär. Ol ýerlerden tapylan taryhy tapyndylar özüniň gaýtalanmajak gurluşy b

Simap küýze

Gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda iň köp duş gelýän tapyndylaryň biri hem simap küýzelerdir. Olar ylmy edebiýatda «sferekonus» diýlip atlandyrylýar. Esasan, Gündogar ýurtlarynda köp duş gelýän bu küýzeleriň içi ýangyçdan doldurylyp, darajyk bokurdagyndan pelte çykarylyp, çyra hökmünde peýdalanylandygy sebäpli, olara «musulman çyralary» hem diýilýär. Emma professor M.Ý.Massonyň pikirine görä, bu küýzeler simap saklamak üçin niýetlenipdir. Simap küýzeler diňe bir daşky görnüşi bilen däl, eýsem, reňki, galyňlygy, hatda agramy boýunça-da adaty küýzelerden tapawutlanýar. Garamtyl-çal reňkli küýzäniň gabarasy kiçijik bolsa-da, götereniňde eliňe agram berýär. Häzirki wagta çenli tapylan şeýle görnüşli küýzeleriň aglabasy çyzma nagyşlar bilen bezelipdir. Simap küýzeler orta asyr senetçiligine mahsus bolup, olaryň gadymy Merwde, Şähryslamda, Misserianda, Köneürgençde köpçülikleýin öndürilendigi barada taryhy maglumatlar bar. «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýanyndaky Daşmetjit halk hünärleri muzeýinde simap küýzeleriň iki sanysy saklanýar.

Bezeglideräniň täsinlikleri

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda Bezeglideräniň suratynyň ýerleşdirilmegi we gadymy ata-babalarymyzyň dag gowaklarynda, gaýalarda galdyran taryhy yzlarynyň tutuş adamzadyň şöhratly geçmişini öwrenmekde iňňän derwaýysdygy baradaky parasatly pikirleri güneşli Diýarymyzyň günbatarynda ýerleşýän bu täsin medeni ýadygärligiň ähmiýetini has-da artdyrdy. Bu kitapda gadymy şekilleriň, suratlaryň, nagyşlaryň, nyşanlaryň wajyplygy barada şeýle bellenilýär: «Adamzadyň taryhy, dünýä hakyndaky oýlanmalary örän irki döwürlerde daşlara, diwarlara, tansyk önümlerine, agaç gabyklaryna, gönlere, tylla tagtalara, kagyzlara, göllere, nagyşlara ýazylypdyr».

Istemi han — meşhur türkmen serkerdesi

Merdana halkymyz Oguz han döwründen bäri dünýä ýaň salan döwletleri, jahanşalyklary döredip, taryhda öçmejek yz galdyrypdyr. Gündogarda «Döwlet gurjak bolsaň, türkmeni çagyr» diýen aýtgynyň döremegi hem tötänden däldir. Parasatly pederlerimiz Oguz han atamyzdan dowam edip gelýän döwleti esaslandyrmak däplerini mynasyp dowam etdiripdirler. Şunda il-halkyň başynda öz döwrüniň görnükli serdarlary durupdyr. Olar syýasatdan, harby sungatdan ussatlyk bilen baş çykarypdyrlar. Şeýle beýik serkerdeleriň biri-de Göktürkmen döwletiniň esaslandyrylmagyna uly goşant goşan Istemi handyr. Mälim bolşy ýaly, Göktürkmen döwletine degişli iň ygtybarly maglumatlar onuň hökümdarlary Bilge hanyň, Külteginiň hormatyna galdyrylan mazar daşlarynda ýazylyp galdyrylypdyr. Biz olary Oguz-orhon ýazgylary diýen at bilen bilýäris. Külteginiň we Bilge hanyň ýadygärlikleri 1889-njy ýylda rus alymy N.M.Ýadrinsew tarapyndan ýüze çykaryldy. Şol ýazgylarda Bumyn han bilen Istemi hanyň atlarynyň bir ýerde gelmegi hem göktürkmenleriň olaryň ikisini hem özleriniň nesilbaşylary hasap edendiklerini aýdyň görkezýär. Has takygy, Külteginiň we Bilge hanyň mazaryna daş galdyran Ýolly han daşyň ýüzüne: «Haçan-da ýokarda gök, aşakda ýer döredilende, bu ikisiniň arasynda adamzat nesli ýaradyldy. Adamzat nesliniň başynda meniň atam-babam Bumyn han we Istemi han oturdy» diýip ýazypdyr.

Muny bilmek gyzykly

SAÝAWAN Güneşli Diýarymyzda häzirki wagtda jöwzaly tomus pasly dowam edýär. Bu pasylda, adatça, başgaply ýa-da saýawanly gezilýär. Eýsem Günden goranmak üçin döredilen saýawanlar ilki haçan we nirede peýda bolduka?

Gül desseleri goýuldy

Her ýylyň 27-nji iýunynda ýurdumyzyň dürli künjeginde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni uly dabara bilen  bellenilip geçilýär. Şol gün bu baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyzdaky akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň öňünde ajaýyp gül desseleri goýulýar. Şu gün, 27-nji iýunda şeýle dabara geçirilip, oňa  Türkmenistanyň Gahrymany, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Gözel Şagulyýewa, jemgyýetçilik gurmalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar. Munuň özi  akyldar şahyrymyzyň döredijiligine we medeniýet, sungat işgärlerine goýulýan sarpanyň uludygyny ýene bir gezek aýdyň görkezdi.

Döwdan — gadymy oba

Häzirki döwürde döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçiliklerdir şertler esasynda biziň obalarymyz şäherler bilen bäsleşýär. Ine, şeýle obalaryň biri-de, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Magtymguly adyndaky geňeşliginde ýerleşýän, bagy-bossanlyga bürenip oturan gadymy Döwdan obasydyr. Döwdan obasynyň ady Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň çäginde ýerleşýän kanalyň ady bilen baglanyşykly bolupdyr. Döwdan kanaly taryhdan belli bolşy ýaly, bol suwly kanal bolup, geografiki taýdan ýerleşişi boýunça suwarymly ekerançylykda, daýhanlara ekin ekmekde uly ähmiýete eýe bolupdyr. Geçen asyrdan bäri Döwdan kanaly ýerli halkyň durmuşynda esasy orna eýe bolmak bilen, çeper edebiýatymyzda ýazyjy-şahyrlarymyzyň döreden eserlerinde hem öz beýanyny tapypdyr. Döwdan kanalynyň çeper eserlerde «Döwdan ýaby» diýlip atlandyrylan ýerlerine hem gabat gelmek bolýar.

Mertlere mertlik ýaraşýar

1941— 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy taryhda öçmejek yz galdyrdy. Şol ýyllarda türkmen ýigitleri-de Watan goragyna çykypdy. Olaryň arasynda döredijilik işgärleri-de, ýazyjy-şahyrlar-da, žurnalistler-de bardy. Men aldym-berdimli söweşlere gatnaşan ýazyjylaryň ençemesini tanaýaryn, käbir žurnalistler bilen-ä bilerägem işleşdim. Hemmesiniň atlaryny sanap durmaýyn. Şu ýazgymda şolaryň diňe biri, ýagny Meretdurdy Temmimow hakynda gürrüň beresim gelýär.